Türkmenistanyň Prezidenti Sankt-Peterburgyň gubernatoryny kabul etdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Sankt-Peterburgyň gubernatoryny kabul etdi

опубликованно 18.04.2018 // 1357 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow wekilçilikli topara ýolbaşçylyk edip türkmen paýtagtyna gelen Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory Georgiý Poltawçenkony kabul etdi.

Myhman mähirli kabul edilendigi üçin milli Liderimize hoşallyk bildirip, ýurdumyza gelip görmäge mümkinçiligiň döredilendigine şatdygyny aýtdy. Sankt-Peterburgy Türkmenistan bilen öňden gelýän dostlukly gatnaşyklar we dürli ugurlarda netijeli hyzmatdaşlyk baglanyşdyrýar. Gubernator ikitaraplaýyn gatnaşyklara degişli meselelere hut özüniň üns berýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirmek bilen, türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolan, Newanyň boýundaky şäheriň däbe öwrülen bu gatnaşyklary dowam etmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Milli Liderimiz mähirli sözleri üçin myhmana minnetdarlyk bildirip, Türkmenistandyr Sankt-Peterburgyň arasyndaky ýakyn gatnaşyklaryň Russiýa Federasiýasy bilen strategik häsiýete eýe bolan hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilmegi netijesinde ýola goýlan hyzmatdaşlygyň aýdyň mysalydygyny belledi. Häzir döwletara gatnaşyklar Türkmenistanyň hem-de RF-niň iri sebitleriniň, şol sanda Newanyň boýundaky şäheriň arasyndaky gatnaşyklar arkaly baýlaşýar we üsti ýetirilýär.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti we Sankt-Peterburgyň gubernatory hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyp, onuň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler. Soňky ýyllarda özara gatnaşyklarda toplanan oňyn tejribe we ägirt uly mümkinçilikler baý taryhy bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek üçin ähli şertleri döredýär.

Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan, ýurdy senagatlaşdyrmaga, milli ykdysadyýeti ösdürmäge, ylma esaslanýan okgunly tehnologik ösüşe, durmuş ulgamyny kämilleşdirmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmeler netijeli hyzmatdaşlyk üçin amatly şertleri döredýär. Şunda Newanyň boýundaky şäheriň işewür düzümleriniň türkmen bazarynda eýeleýän ornuny berkitmäge islegi bellenildi. Bu ýerde eýýäm “Silowyýe maşiny” açyk paýdarlar jemgyýeti, “Wozroždeniýe” kompaniýalar topary ýaly peterburgly işewür toparlary özlerini gowy tarapdan tanatdylar.

Hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda söwda-ykdysady ulgamy, energetikany, senagaty, gurluşygy we beýlekileri görkezmek bolar. Şunuň bilen baglylykda, maýa goýum işini işjeňleşdirmek, täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin oňat şertler bar.

Ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda tagallalary birleşdirmek, şol sanda degişli düzümi döwrebaplaşdyrmak hem-de halkara üstaşyr-ulag geçelgelerini döretmek möhüm bolup durýar. Şunda Türkmenistan netijeli başlangyçlaryň birnäçesi bilen çykyş etdi. 2009-njy ýyldan bäri Aşgabadyň hem-de Russiýanyň demirgazyk paýtagtynyň arasynda yzygiderli uçar gatnawlarynyň hereket edýändigi bellärliklidir. Onuň açylmagy ykdysady we işewür hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge kömek etdi.

Ynsanperwer ulgamy Türkmenistanyň we Sankt-Peterburgyň arasyndaky gatnaşyklaryň, umuman, tutuş türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň esasyny düzýär, şunda bilim hem-de hünärli işgärleri taýýarlamak, ylym we medeniýet ugurlary boýunça netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy. Bu meselä degip geçmek bilen, milli Liderimiz we Newanyň boýundaky şäheriň gubernatory bu ugurda netijeli gatnaşyklary has-da giňeltmek barada pikirlerini beýan etdiler, munuň özi iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmäge hyzmat eder.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman dürli ugurlarda işjeň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga taýýardyklaryny tassyklap, şeýle gatnaşyklaryň özara uzak möhletleýin bähbitlere, şol sanda döwletara gatnaşyklaryň strategik ugruna laýyk gelýändigini bellediler. Munuň şeýledigine gol çekilmegi meýilleşdirilen degişli resminama —– ýakyn ýyllar üçin hyzmatdaşlyk boýunça ýol kartasy aýdyň şaýatlyk edip, onuň amala aşyrylmagy biziň ýurdumyz bilen RF-niň demirgazyk paýtagtynyň arasyndaky gatnaşyklara kuwwatly itergi berer.

Myhman türkmen Lideriniň däbe öwrülen hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly goşandyny bellemek bilen, döwlet Baştutanymyza geçirilen düýpli söhbetdeşlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi, şeýle hem özboluşly binagärlik keşbi bilen uly täsir galdyrýan ak mermerli Aşgabadyň keşbine haýran galandygyny aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti we Sankt-Peterburgyň gubernatory ýurdumyzyň hem-de Russiýanyň demirgazyk paýtagtynyň arasyndaky köpýyllyk hyzmatdaşlygyň geljekde hem üstünlikli ösdüriljekdigine, täze mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Duşuşyga Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aleksandr Blohin hem gatnaşdy.

***

Şu gün Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatorynyň Aşgabada saparynyň barşynda şäher häkimliginde duşuşyk geçirildi.

Şonuň bilen birlikde, saparyň maksatnamasyna Halkara atçylyk sport toplumyna baryp görmek hem girdi.

Sankt-Peterburgyň wekiliýetiniň Aşgabatda bolmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň käbir ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar boldy, olaryň gün tertibi özara bähbitli möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini öz içine alýar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter