Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli gutlaglary kabul etdi | TDH
Prezidentiň poçtasy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli gutlaglary kabul etdi

опубликованно 19.02.2015 // 944 - просмотров
 

Aşgabat, 19-njy fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň ýolbaşçysyndan, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryndan, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryndan Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli gutlaglary kabul etdi.

Bu ýere ýygnananlar şu gün bellenilýän ählihalk ajaýyp baýramçylyk bilen tüýs ýürekden gutlap, türkmen döwletiniň Baştutanyna saglyk, bagt, abadançylyk hem-de ynsanperwerligiň, parahatçylygyň we döredijilikli ösüşiň maksatlaryna beslenen syýasaty durmuşa geçirmek ýolunda täze üstünlikleri arzuw etdiler.

Ýaşyl Tugumyz döredilen gününden bäri milli buýsanç, türkmen halkynyň bagtyýar we abadan durmuşynyň mizemez nyşany boldy we şeýle bolmagynda galýar. Garaşsyzlyk we özbaşdak döwlet baradaky arzuwlar beýik üstünliklere beslenen täze taryhy eýýamyň hakykatyna öwrüldi. Şol üstünlikler Garaşsyz Türkmenistanyň halkara abraýyny görlüp-eşidilmedik derejä göterdi.

Bu ýere ýygnananlar ilatyň ýaşaýyş derejesiniň görnetin ýokarlanmagynyň milli Liderimiziň alyp barýan syýasy ugrunyň ynamlydygyna aýdyň şaýatlyk edýändigini nygtap, döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar hem-de ýurdumyzyň guramalarynyň we ähli pudaklarynyň kärhanalarynyň zähmet toparlarynyň, Ýaragly Güýçleriň şahsy düzüminiň we ýurdumyzyň hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň adyndan iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, Döwlet baýdagymyzyň bagtyýarlygyň, parahat durmuşyň we döredijilikli zähmetiň nyşanyna öwrülip, milli ruhuň özboluşly dabaralanmasy bolup durýandygyny nygtady.

Häzirki wagtda öz mukaddes tugunyň saýasynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan dünýäniň ähli döwletleri we halklary bilen dostlukly gatnaşyklary üstünlikli ösdürýär, şonuň bilen hem üçünji müňýyllykda dünýäde parahatçylygyň we durnukly ösüşiň saklanmagyna ýardam edýär.

Milli Liderimiziň yzygiderli alyp barýan parahatçylyk söýüji, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk syýasaty netijesinde biziň döwletimiz halkara ähmiýetli onlarça möhüm iri möçberli taslamalaryň başyny başlap we olary üstünlikli durmuşa geçirip, döredijiligiň we ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýar.

Döwlet Baştutanymyz şu günler geçirilýän baýramçylyk çäreleriniň her bir türkmenistanlynyň ýüreginde mähriban Watanymyzyň gazanýan üstünliklerine buýsanç duýgularyny has-da ýokary göterjekdigine ynam bildirip, degişli ýolbaşçylara ajaýyp baýramçylygyň hormatyna ähli halk dabaralarynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, bu ýere ýygnananlary we olaryň üsti bilen ähli türkmen halkyny Döwlet baýdagynyň güni bilen gutlady hem-de bagtyýarlyk, saglyk we abadançylyk arzuw etdi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter