Reýimbergen Jumaýew - agyr atletika boýunça Aziýanyň çempiony | TDH
Sport

Reýimbergen Jumaýew - agyr atletika boýunça Aziýanyň çempiony

опубликованно 25.04.2018 // 1870 - просмотров
 

Türkmen türgenleri Ürgenç (Özbegistan) şäherinde ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasynda agyr atletika boýunça geçirilýän Aziýa çempionatyndaky üstünlikli çykyşlaryny dowam edýärler.

Ýaryşyň üçünji güni biziň ýygyndy toparymyzyň çykyşlary ýeňişlere beslendi. Ýaryşlaryň şeýle iri bäsleşiginde türkmen topary ilkinji gezek altyn medala mynasyp boldy. Bu üstünlige Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Reýimbergen Jumaýew 62 kilograma çenli agram derejesinde mynasyp boldy. Biziň türgenimiz iki synanyşykda 233 kilogram jemläp, iň oňatlaryň hataryna çykdy. Mundan başga-da, onuň hasabynda silkip götermekde 110 kg altyn we itekläp götermekde 133 kg kümüş medallar bar.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň ýygyndy topary umumylykda sekiz medaly - iki altyn, bäş kümüş we bir bürünç medaly gazandy. Ýaryşlar dowam edýär. Täze baýraklara garaşýarys.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter