Resmi habar 22-nji Iýul | TDH
Resminamalar

Resmi habar 22-nji Iýul

опубликованно 22.07.2015 // 908 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen, podpolkownik Mamowow Döwletgeldi Amangulyýewiç özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran toparynyň mejlisine gatnaşmak üçin, 2015 ýylyň 26-27-nji iýulynda Eýran Yslam Respublikasynyň Tähran şäherinde, şeýle hem Türkmenistanyň we Owganystanyň daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky syýasy geňeşmelere gatnaşmak üçin 2015-nji ýylyň 27-28-nji iýulynda Owgynastan Yslam Respublikasynyň Kabul şäherinde gulluk iş saparlarynda bolar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter