Resmi habar 21-nji Iýul | TDH
Resminamalar

Resmi habar 21-nji Iýul

опубликованно 21.07.2015 // 890 - просмотров
 

«Türkmenistanda bilim ulgamyny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin döwlet maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek, bilim edaralarynyň maddy binýadyny kämilleşdirmek, talyplara bilim bermegiň derejesini ýokarlandyrmak we Aşgabat şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen,Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Bilim ministrligine Aşgabat şäheriniň Andalyp köçesi bilen Görogly köçesiniň çatrygynyň günorta-günbatar tarapynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwerstitetiniň himiýa fakultetiniň binalar toplumynyň taslamasyny düzmek, olary döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrmak we ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada «Buig Batiman Internasional» fransuz kompanýasy bilen şertnamany, binalar toplumy üçin aragatnaşyk, elektrik, gaz, suw üpjünçiliginiň hem-de lagymyň meýdançadan daşarky eltiji inžener ulgamlaryny gurmak we olary umumyşäher ulgamyna birikdirmek işlerini ýerine ýetirmek şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2015-nji ýylyň awgust aýynda başlamak we binalar toplumyny 2017-nji ýylyň awgust aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter