Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Milli baýram mynasybetli gutlaglary kabul etdi | TDH
Syýasat habarlary

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Milli baýram mynasybetli gutlaglary kabul etdi

опубликованно 29.04.2018 // 1040 - просмотров
 

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygyndan, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryndan, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryndan, şeýle hem welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimlerinden gutlaglary kabul etdi.

Bu ýere ýygnananlar milli Liderimizi gözelligi, ýyndamlygy we syratlylygy boýunça türkmen halkynyň deňsiz-taýsyz ahalteke bedewlerine bolan çäksiz, mähirli söýgüsiniň özboluşly nyşanyna öwrülen ajaýyp baýram bilen mähirli gutlap, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür hem-de ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň, eziz halkymyzyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň bähbidine alyp barýan ägirt uly işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdiler. Bellenilişi ýaly, ahalteke bedewlerine çuňňur sarpa goýýan we olaryň janköýeri bolan hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallalary netijesinde häzirki wagtda Watanymyzyň parahatçylygyň, döredijiligiň we rowaçlygyň belentliklerine tarap okgunly öňe barýandygyny alamatlandyrýan ady rowaýata öwrülen behişdi bedewleriň dünýädäki şöhraty artýar we giňelýär.

Ak mermerli paýtagtymyzda häzirki bolan dabaralar hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Şol dabaralara gatnaşmak üçin daşary ýurtlaryň onlarçasyndan köp sanly myhmanlar geldiler. Hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde geçirilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň VIII mejlisi «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýen şygar astynda geçýän şu ýylyň ajaýyp wakasy boldy. Yzygiderli geçirilýän halkara ylmy maslahatlar, sergiler, bäsleşikler, sport ýaryşlary hem-de beýleki çäreler atçylyk pudagynyň düzümini ösdürmek, arassa ganly ahalteke atlarynyň baş sanyny artdyrmak, bu ulgamda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, sportuň atly görnüşlerini we at çapmagyň milli däplerini wagyz etmek boýunça deňsiz-taýsyz çäreleri aýdyň beýan edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, bu ýere ýygnananlary we ähli watandaşlarymyzy Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen mähirli gutlady hem-de gadymy däpleri, halkymyzyň milli gymmatlyklaryny gorap saklamak babatda onuň aýratyn ähmiýetini nygtady.

Türkmen halkynyň zehininiň, tagallalarynyň, ýadawsyz zähmetiniň, yhlasly we maksada okgunly tohumçylyk-seçgiçilik işleriniň netijesinde ösdürilip ýetişdirilen ahalteke atlary hut biziň bereketli topragymyzda kemala getirildi. Bu toprak adamzadyň taryhynda iň oňat çapuw atlarynyň biriniň “sallançagyna” öwrüldi. Bu ýerde şeýle atlary müňlerçe ýyllaryň dowamynda sarpalap we ezizläp bakdylar, mähir bilen ösdürip ýetişdirdiler hem-de kämillige çenli, beýik sungat eseri derejesine çenli ýetirdiler diýip, milli Liderimiz aýtdy. Türkmen halkynyň dünýä ösüşiniň genji-hazynasyna goşan gymmatlyklarynyň arasynda ahalteke bedewi aýratyn orun tutýar. Öz döwründe biziň ata-babalarymyzyň ahalteke bedewlerini gorap saklaýşy ýaly, indi asyrlaryň bu peşgeşini goramak we köpeltmek, ony geljekki nesillere ýetirmek, biziň nobatymyz diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Biz mundan beýläk hem ýurdumyzyň atçylygynyň we at sportunyň ösdürilmegine hemmetaraplaýyn goldaw bereris, daşary ýurtly hünärmenler bilen özara tejribe alşylmagyna hem-de bu ulgamda netijeli halkara hyzmatdaşlygy öňe ilerletmäge ýardam ederis, ýokary hünär derejeli atşynaslaryň, seýisleriň we çapyksuwarlaryň netijeli işlemekleri üçin hemme zerur şertleri dörederis, öz işini tüýs ýürekden söýýänlere hemişe kömek ederis diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Bularyň ählisi ýurdumyzyň atçylygynyň köp asyrlyk däplerini saklamaga we baýlaşdyrmaga, şeýle hem merdana jigitleriň wepaly hem-de hemişelik hemralary bolan ýelden ýyndam ahalteke bedewleriniň dünýädäki şöhratynyň has-da artdyrylmagyna ýardam berer.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkymyzyň buýsanjy we şöhraty bolan Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bu ýere ýygnananlary ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, hemmelere bagtyýarlyk we Watanymyzyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter