Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň ulag, deňiz gatnawlary we aragatnaşyk ministrini kabul etdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň ulag, deňiz gatnawlary we aragatnaşyk ministrini kabul etdi

опубликованно 02.05.2018 // 1128 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň ulag, deňiz gatnawlary we aragatnaşyk ministri Ahmet Arslany kabul etdi.

Myhman häzirki zaman halkara deňiz portunyň ulanmaga berilmegi mynasybetli dabaralar bilen gutlap, milli Liderimize Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň salamyny ýetirdi, ol doganlyk türkmen halkyna bagt, abadançylyk hem-de ösüşiň we abadançylygyň ýolunda mundan beýläk-de üstünlikler gazanmak baradaky mähirli gutlaglary aýtdy. Jenap Ahmet Arslanyň nygtaýşy ýaly, Türkiýede Türkmenistan bilen däp bolan dostluk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär, ýurdumyzyň oňyn bitaraplyk we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasaty dünýä bileleşiginiň ykrarnamasyna hem-de goldawyna eýedir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny aýdyp, Türkmenistanyň hem oňyn döwletara gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna uly üns berýändigini belledi, bu gatnaşyklar soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykaryldy, täze many-mazmun bilen baýlaşdyryldy. Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, iki ýurduň halklaryny birleşdirýän mizemez dostluk gatnaşyklarynyň hem-de köpasyrlyk taryhy-medeni umumylygyň soňky döwürde türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň okgunly ösdürilmeginiň möhüm şerti bolup çykyş edýändigini nygtady.

Ulag-üstaşyr ulgamynda hyzmatdaşlyk ara alyp maslahatlaşylan aýratyn mesele boldy, iki döwletiň geografik taýdan amatly ýerleşmegi bu ugruň geljeginiň uludygyny şertlendirýär. Türkmenbaşy şäherinde täze Halkara deňiz portunyň gurluşygynyň iri möçberli taslamasy bu strategik ugurda ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň aýdyň mysalydyr, ol türk hyzmatdaşlygy bilen bilelikde amala aşyryldy.

Hazaryň kenarynda iň häzirki zaman deňiz terminallarynyň ulanmaga berilmegi sebit we sebitara söwda-ykdysady gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine, möhüm üstaşyr geçelgeleriniň we logistika merkezi hökmünde Türkmenistanyň ornunyň pugtalandyrylmagyna ýardam eder, Ýewraziýa giňişliginde ulag akymlarynyň amatlaşdyrylmagy üçin ägirt uly mümkinçilikleri açar, ähli gyzyklanma bildirilýän ýurtlara Ýewropa, Aziýa we Uzak gündogar bazarlaryna, Gara we Ortaýer deňizleri sebitine, şol sanda Türkiýäniň, Russiýanyň, Gruziýanyň, Rumyniýanyň we beýleki döwletleriň deňiz portlaryna çykmagyň has gysga ýoluny üpjün eder.

Şunuň bilen baglylykda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ulag meselesi boýunça halkara forumyň we öňde boljak YHG-niň agzalary bolup durýan ýurtlaryň ulag ministrleriniň IX mejlisiniň ähmiýeti bellenildi.

Türkiýäniň işewürler toparlarynyň geljekde hem Türkmenistanda amala aşyrylýan iri möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň we düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmaga gyzyklanmalaryny beýan edip, jenap Ahmet Arslan türkmen Liderine ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmek meselelerine yzygiderli üns berýändigi üçin çuňňur hoşallyk bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkiýe Respublikasynyň ulag, deňiz gatnawlary we aragatnaşyk ministri Ahmet Arslan başdan deňhukuklylyk, özara bähbitlilik we uzak möhletleýinlik esasynda guralýan döwletara hyzmatdaşlygynyň geljekde hem üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter