Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatoryny kabul etdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatoryny kabul etdi

опубликованно 02.05.2018 // 1110 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz portunyň açylmagy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory Aleksandr Žilkini kabul etdi.

Myhman mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, türkmen Liderini ägirt uly taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady. Bu taslamanyň taryhy ähmiýeti sebitdäki goňşy ýurtlar hem-de dünýäniň beýleki döwletleri bilen doly möçberli halkara ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň açylýandygy bilen şertlendirilendir.

Gubernator Türkmenistanyň Baştutanynyň häzirki döwürde Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek bilen baglylykda köp şahaly ulag-logistika düzümini döretmek boýunça oňyn başlangyçlarynyň dünýä bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp bolýandygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow deňiz menzilini ulanmaga bermek mynasybetli çärelere gatnaşýandygy üçin myhmana minnetdarlyk bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblasty bilen hyzmatdaşlygyň dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk häsiýetine eýedigini, dürli ulgamlarda, şol sanda gämiçilikde bilelikde amala aşyrylýan taslamalarda uly tejribäniň toplanandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Russiýanyň sebitleri we esasy senagat merkezleri bilen göni hem-de netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň häzirki döwürde täze many-mazmuna eýe bolan döwletara türkmen-rus gatnaşyklarynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi.

Duşuşygyň barşynda milli Liderimiz we Russiýa Federasiýasynyň sebit ýolbaşçysy söwda-ykdysady we ulag-aragatnaşyk, medeni-ynsanperwer ýaly ileri tutulýan ugurlardaky gatnaşyklara üns berdiler. Şunda Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň logistiki hyzmatlaryny we beýleki mümkinçiliklerini nazara almak bilen, iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleriniň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljeginiň bardygy aýratyn bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Astrahan oblasty bilen işewür gatnaşyklarynyň geljekde hem pugtalandyryljakdygyna, iki halkyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirildi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter