“Altyn Asyr” topary AFK-nyň Kubogy ugrundaky bäsleşigi dowam etmäge mümkinçiligi saklaýar | TDH
Sport

“Altyn Asyr” topary AFK-nyň Kubogy ugrundaky bäsleşigi dowam etmäge mümkinçiligi saklaýar

опубликованно 03.05.2018 // 1094 - просмотров
 

“Altyn Asyr” we “Ahal” toparlary Aziýa futbol konfederasiýasynyň Kubogynyň toparlaýyn tapgyrynda bäsdeşleri bilen öz ýerlerinde duşuşdylar.

Aşgabadyň “Altyn Asyr” topary Balkanabatda Gyrgyzystanyň “Alaý” toparyndan üstün çykdy (5:0). Hüjümçiler Altymyrat Annadurdyýew we Myrat Ýagşyýew hersi iki pökgi geçirdi. M.Ýagşyýew, şeýle hem pökgi geçirmek üçin ýoldaşyna gowy pas berdi, netijede duşuşygyň iň gowy oýunçysy diýlip hasap edildi. Goragçy Mekan Aşyrow hem bir pökgi geçirdi.

“Ahal” toparynyň “Istiklol” täjik topary bilen geçiren duşuşygynda ýer eýeleri oýnuň dowamynda artykmaçlyga eýe bolsalar-da, bäsdeşleriniň derwezesine pökgi geçirip bilmediler. Paýtagtymyzyň “Aşgabat” stadionynda geçirilen oýunda biziň toparymyz 0:1 hasabynda myhmanlardan asgyn geldi.

Netijede, “Altyn Asyr” topary şeýle uly we ynamly ýeňişden soň bäş tapgyryň jemleri boýunça 13 utuk toplan “Istiklol” toparyndan iki utuk yzda barýar. Emma, iki öňde barýan toparyň aýgytlaýjy duşuşygynda bu tapawudy aradan aýyrmak mümkindir. Ol duşuşyk Täjigistanda geçiriler, şonda biziň futbolçylarymyza topardan çykmak hem-de AFK-nyň Kubogy ugrunda ýaryşy dowam etmek üçin islendik, hatda iň az hasap bilen utmak zerur bolup durýar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter