Resmi habar | TDH
Syýasat habarlary

Resmi habar

опубликованно 07.05.2018 // 1377 - просмотров
 

Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Wa­ta­ny­my­zyň se­na­gat pu­da­gyn­da ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­le­ri we tä­ze­lik­le­ri giň­den ýaý­rat­mak, halk köp­çü­li­gi­ne öz wag­tyn­da we ta­la­ba­la­ýyk ýe­tir­mek hem-de se­na­gat pu­da­gy­nyň kä­mil­leş­di­ri­li­şi­ni yzy­gi­der­li be­ýan et­mek mak­sa­dy bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ka­ra­ra gol çek­di.

Res­mi­na­ma la­ýyk­lyk­da, Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat mi­nistr­li­gi­ne:

“Türk­me­nis­ta­nyň se­na­ga­ty” žur­na­ly­ny hem-de mi­nistr­li­giň mer­ke­zi eda­ra­syn­da žur­na­lyň re­dak­si­ýa­sy­ny bel­le­nen ter­tip­de dö­ret­mä­ge;

“Türk­me­nis­ta­nyň se­na­ga­ty” žur­na­ly­ny 2018-nji ýy­lyň iýul aýyn­dan baş­lap, çär­ýek­de bir ge­zek türk­men, rus we iň­lis dil­le­rin­de mi­nistr­li­giň se­riş­de­le­ri­niň ha­sa­by­na ne­şir et­mä­ge yg­ty­ýar be­ril­di.

Türk­men döw­let ne­şir­ýat gul­lu­gy­na “Türk­me­nis­ta­nyň se­na­ga­ty” žur­na­ly­nyň ýo­ka­ry hil­li we wag­tyn­da ne­şir edil­me­gi­ni üp­jün et­mek;

Türk­me­nis­ta­nyň Ara­gat­na­şyk mi­nistr­li­gi­ne “Türk­me­nis­ta­nyň se­na­ga­ty” žur­na­ly­na dö­wür­le­ýin abu­na ýa­zy­ly­şy­gy gu­ra­mak;
Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat mi­nistr­li­gi­ne Türk­me­nis­ta­nyň Ada­lat mi­nistr­li­gi bi­len bi­le­lik­de şu Ka­rar­dan ge­lip çyk­ýan üýt­get­me­le­ri we goş­ma­ça­la­ry Türk­me­nis­ta­nyň ka­nun­çy­ly­gy­na gi­riz­mek ba­ra­da­ky tek­lip­le­ri bir aý möh­let­de taý­ýar­la­mak we Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­ne ber­mek tab­şy­ryl­dy.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter