Resmi habarlar 28-nji Maý | TDH
Resminamalar

Resmi habarlar 28-nji Maý

опубликованно 28.05.2015 // 991 - просмотров
 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, olaryň oňat dynç almagy üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Lebap welaýatynyň häkimligine konsorsiumyň düzümine girýän «Ferhar» we «Kerwen Gurluşyk» hojalyk jemgyýetleri bilen Türkmenabat şäherindäki «Bitaraplyk» seýilgähiniň durkuny täzelemek barada şertnama, şeýle hem seýilgähiň çäginde restoranyň, dükanyň we garbanyşhananyň taslamalaryny düzmek we olary ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Işlere 2015-nji ýylyň maý aýynda başlamak hem-de seýilgähi 2015-nji ýylyň iýun a ýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

***

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň ykdysadyýetinde gazanylan üstünlikleri dünýä ýaýmak, daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da ösdürmek, ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň eksportuny artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyna Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde 2015-nji ýylyň 28-nji awgusty — 6-njy sentýabry aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Izmir şäherinde geçirilýän 84-nji Halkara Izmir sergi-ýarmarkasyna Türkmenistanyň sergi ekspozisiýasynyň gatnaşmagyny üpjün etmek tabşyryldy.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyna sergi-ýarmarkasyna gatnaşmak bilen bagly Türkiýe Respublikasynyň degişli edara görnüşli taraplary bilen zerur şertnamalary bellenen tertipde baglaşmaga ygtyýar berildi.

***

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň ykdysadyýetinde we oba hojalygynda gazanylan üstünlikleri dünýä ýaýmak, daşary ýurtlar bilen gatnaşyklary has-da ösdürmek, ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň eksportuny artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyna hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine degişli ministrlikler we pudak edaralary bilen bilelikde 2016-njy ýylyň 23-nji apreli — 30-njy oktýabry aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Antalýa şäherinde geçirilýän Bütindünýä botanika «EKSPO — 2016 Antalýa» sergisine Türkmenistanyň sergi ekspozisiýasynyň gatnaşmagyny üpjün etmek tabşyryldy we bu sergä gatnaşýan ministrlikleriň, pudak edaralarynyň, häkimlikleriň we guramalaryň sanawy tassyklanyldy.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyna Bütindünýä botanika «EKSPO — 2016 Antalýa» sergisine gatnaşmak bilen bagly şertnamalary bellenen tertipde baglaşmaga ygtyýar berildi.

***

Türkmenistanyň Ýaşaýyş jaý kodeksinden gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek hem-de ýaşaýyş jaý gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, köp öýli ýaşaýyş jaýynda umumy emlägi ulanmagyň we saklamagyň Tertibi tassyklanyldy.

***

«Elektrik energetikasy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, elektrik we ýylylyk energiýasyndan peýdalanmagyň Kadalary, şeýle hem elektrik ulgamlarynyň goralmagyny üpjün etmegiň Kadalary tassyklanyldy.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin, 2015-nji ýylyň 29-njy maýynda Gazagystan Respublikasynyň Akmolinsk welaýatynyň Burabaý şäherçesinde gulluk iş saparynda bolar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter