Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

опубликованно 17.05.2018 // 1266 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
G.I.NEÝMARKY Türkmenistanyň “Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin” ordeni bilen sylaglamak hakynda

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň medeniýetini we aýdym-saz sungatyny, Türkmenistan bilen beýleki döwletleriň arasyndaky medeni gatnaşyklary ösdürmekde, ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemekde gazanan uly üstünliklerini hem-de Garaşsyz döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny, köp ýyllaryň dowamynda çeken halal, yhlasly we göreldeli zähmetini nazara alyp, Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň kirişli saz gurallary bölüminiň ýokary derejeli skripka mugallymy, “Mukam” skripkaçylar toparynyň ýolbaşçysy Garold Isaakowiç Neýmarky Türkmenistanyň “Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin” ordeni bilen sylaglamaly.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter