Resmi habarlar 15-nji Maý | TDH
Resminamalar

Resmi habarlar 15-nji Maý

опубликованно 15.05.2015 // 822 - просмотров
 

Beýik ata-babalarymyzyň bize wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik baradaky ýörelgelerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini we bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli iş kesilenleriň günäsini geçmek hakyndaky” Permana gol çekip, günäsi geçilenleri mundan beýläk esasy jeza çäresini, şeýle hem belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek görnüşindäki goşmaça jeza çäresini çekmekden boşatdy.

***

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri döretmek, olaryň düzümini kämilleşdirmek, ylmy taýdan esaslandyrylan ugurlary kesgitlemek, ýurdumyzyň tölege ukyplylygyny berkitmek, daşary söwda dolanyşygynyň oňyn tapawudyny artdyrmak, täze iş orunlaryny döretmek, ilatyň pul girdejilerini ýokarlandyrmak we ykdysadyýetiň hususy böleginiň paýyny yzygiderli artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy. Degişli ministrliklere, pudak edaralaryna welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine Döwlet maksatnamasynda göz öňünde tutulan işleriň bellenen möhletlerde talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

***

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmek, gaýtadan işleýän senagat önümçiliklerini innowasion esasda ýola goýmak, tebigy we mineral-çig mal serişdelerini toplumlaýyn ulanmak arkaly ýurdumyzyň eksport kuwwatyny hem-de mümkinçiliklerini artdyrmak, eksportyň düzümini kämilleşdirmek bilen, hususy eýeçiligindäki kärhanalaryň paýyny artdyrmak, şeýle hem daşary ýurtlar bilen strategiki hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy. Degişli ministrliklere, pudak edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine Döwlet maksatnamasynda göz öňünde tutulan işleriň bellenen möhletlerde talaba laýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

***

“Iýmit önümleriniň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegi hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda iýmit önümlerini, iýmit önümleriniň gaplanylmagy üçin materiallary döwlet tarapyndan bellige almak boýunça amala aşyrylýan işleri kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda: Iýmit önümleriniň, iýmit önümleriniň gaplanylmagy üçin materiallaryň döwlet tarapyndan bellige alynmagy hakyndaky Düzgünnama;

Öndürilen mahalynda we Türkmenistanyň çägine getirilende döwlet tarapyndan bellige alynmaga degişli bolmadyk iýmit önümleriniň Sanawy tassyklanyldy.

***

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, halkymyzyň rysgaly we azyk garaşsyzlygymyzyň kepili bolan bugdaýyň öndürilýän möçberlerini yzygiderli artdyrmak, ýetişdirilen galla hasylyny gysga wagtyň içinde we ýitgisiz ýygnap almak hem-de galla öndürijiler bilen hasaplaşyklary wagtynda geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Rseminama laýyklykda, ösdürilip ýetişdirilen bugdaý hasylyny çalt we ýitgisiz ýygnamak, ammarlara we elewatorlara bökdençsiz daşamak hem-de däne öndürijiler bilen hasaplaşyklaryň wagtynda, ýokary derejede guralmagyny üpjün etmek üçin, Türkmenistanda 2015-nji ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

“Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigine ýerlerde däne kombaýnlaryna tehniki hyzmat etmek işlerini talaba laýyk guramak arkaly orak möwsüminde olaryň öndürijilikli we bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi bilen şertnama baglaşmak esasynda ýygnalan bugdaý hasylynyň meýdanlardan kabul ediş nokatlaryna, şeýle hem ammarlara we elewatorlara wagtynda hem-de ýitgisiz daşalmagyny, ulag serişdeleriniň bökdençsiz we ýokary netijeli işledilmegini üpjün etmäge borçly edildi.

Bugadýy kabul ediş nokatlaryna, şeýle hem ammarlara we elewatorlara daşamakda ýurdumyzyň beýleki ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň awtoulag serişdelerini şertnama esasynda peýdalanmaga “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigine ygtyýar berildi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter