Ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak hakynda Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň BILELIKDÄKI BEÝANNAMASY | TDH
Resminamalar

Ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak hakynda Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň BILELIKDÄKI BEÝANNAMASY

опубликованно 12.05.2015 // 928 - просмотров
 

Onuň Alyhezreti Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti doktor Haýns Fişeriň çagyrmagy boýunça Onuň Alyhezreti Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2015-nji ýylyň 12-nji maýynda Awstriýa Respublikasyna resmi sapary amala aşyrdy. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýanynda ýokary derejeli wekiliýet we beýleki wezipeli adamlar boldy.

Döwletleriň Baştutanlary iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge degişli meseleleri, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti we Awstriýa Respublikasynyň Prezidenti şu aşakdakylar barada, ýagny:

— iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge hem-de özara we netijeli hyzmatdaşlyk etmegi, şol sanda energetika babatda hyzmatdaşlyk etmegi pugtalandyrmaga iki tarapyň hem çalyşýandyklary barada beýan edýärler, bu babatda energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmak üçin köpugurly turbageçiriji üpjünçilik ulgamynyň möhüm ähmiýeti bellenip geçildi;

— iki ýurduň arasynda yzygiderli syýasy geňeşmeleri geçirmegi özleriniň maksat edinýändikleri barada;

— Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň ýöriteleşdirilen agentlikleriniň hem-de beýleki halkara guramalarynyň, şol sanda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde gapma-garşylyklaryň öňüni almak, terrorçylyga we neşeleriň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek ýaly, anyk meseleler boýunça hyzmatdaşlygy dowam etmegi özleriniň maksat edinýändikleri barada beýan edýärler.

Saparyň dowamynda Girdejiler we maýa üçin salgytlar babatda iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Awstriýanyň Hökümetiniň arasynda Konwensiýa gol çekildi.

Türkmenistanyň Prezidenti mähirli kabul edendikleri üçin minnetdarlyk bildirdi we Awstriýa Respublikasynyň Prezidentini Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy.

Wena, 2015-nji ýylyň 12-nji maýy.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter