Oraza aýy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlaglar gelip gowuşýar | TDH
Syýasat habarlary

Oraza aýy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlaglar gelip gowuşýar

опубликованно 19.05.2018 // 1132 - просмотров
 

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Owganystanyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan, hem-de öz adymdan mukaddes Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli Siziň Alyhezretiňize we türkmen halkyna tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy beýan etmek mende örän uly şatlyk duýgusyny döredýär.

Beýik Biribardan bütin musulman ymmatyna abadançylyk, parahatçylyk we gülläp ösüş, ösüşiň täze belentliklerine ýetmek üçin pugta hyzmatdaşlyk dileg edýärin.

Ýurtlarymyzyň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna we giňeldiljekdigine ynam bildirýärin.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we üstünlikler, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa rowaçlyk hem-de abadançylyk arzuw edýärin.

Doktor Abdulla ABDULLA,
Owganystan Yslam Respublikasynyň Ýerine ýetiriji häkimiýetiniň başlygy

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti,
doganym Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Mukaddes Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli Siziň Alyhezretiňize iň mähirli gutlaglarymy we arzuwlarymy ibermek mende uly kanagatlanma duýgusyny döredýär.

Şu sahawatly aýda Beýik Biribardan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagt we üstünlikler, doganlyk türkmen halkyna bolsa rowaçlyk hem-de abadançylyk arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň.

Siziň doganyňyz

Emir Muhammed ben Saad ben Halid AL SAUD.
Saud Arabystany Patyşalygy

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter