Resmi habarlar 7-nji Maý | TDH
Resminamalar

Resmi habarlar 7-nji Maý

опубликованно 07.05.2015 // 873 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Orazmuhammedow Rejepmuhammet Omarmuhammedowiç özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Türkmenistan” teleýaýlymynyň başlygy wezipesinden boşadyldy.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Türkmenistan” teleýaýlymynyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary Annasähet Seýitnazarowiç Kakaýewiň üstüne ýüklenildi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter