Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

опубликованно 22.05.2018 // 1305 - просмотров
 

Bütindünýä welosiped gününi bellemek hakynda

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek baradaky Rezolýusiýasyndan ugur alyp hem-de Garaşsyz Watanymyzda bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmak, ösüp gelýän ýaş nesli sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, Bitarap Watanymyzyň halkara sport abraýyny has-da belende götermek, ýurdumyzda welosiped sportuny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň birinji bölegine laýyklykda, karar edýärin:

1. Bütindünýä welosiped gününi her ýylyň 3-nji iýunynda belläp geçmeli.

2. Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi Bütindünýä welosiped gününiň ýokary derejede guramaçylykly bellenip geçilmegini üpjün etmeli.

3. Ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri Bütindünýä welosiped gününiň ýokary derejede guramaçylykly bellenip geçilmegine ýardam bermeli.

4. Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaly we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter