Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

опубликованно 28.05.2018 // 1226 - просмотров
 

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow käbir ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleri, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bilen bagly we döwlet durmuşynyň birnäçe beýleki möhüm meseleleri girizildi.

Ilki bilen milli Liderimiz wideoşekilli göni aragatnaşyga içeri işler ministri I.Mulikowy çagyrdy. Ministr ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi, hususan-da, ýurdumyzda yssy günleriň başlanmagy bilen baglylykda, golaýlaşyp gelýän galla oragy möwsüminde, şeýle hem edaralarda, kärhanalarda we ýaşaýyş jaýlarynda ýangyn howpsuzlygynyň düzgünlerini berjaý etmek boýunça geçirilýän işler barada aýtdy.

IIM-niň ýolbaşçysy Balkanabat şäheriniň polisiýa bölüminiň sürüjilik şahadatnamalaryny bermek üçin elektron enjamlar we awtomobil ulaglary bilen üpjün edilen awtomatlaşdyrylan awtodromyň hem-de awtoulag serişdeleri üçin tehniki anyklaýyş merkeziniň gurluşygynyň tamamlanandygy barada hem hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, yssy howanyň gelmegi bilen baglylykda, ýangyn howpsuzlygy, şol sanda degişli enjamlaryň taýýarlyk derejesini üpjün etmek bilen baglanyşykly, şeýle hem ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleri bilen tanyşdyrýan gollanmalary çykarmak arkaly düşündiriş işlerini geçirmek, bu meseleleri köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan etmek meselelerini yzygiderli gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmagyň ähmiýetini nygtap, Balkanabatda IIM-ne degişli täze desgalaryň açylyş dabarasyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek barada ministre anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz 29-njy maýda Türkmenistanda ýurdumyzyň içeri işler edaralarynyň işgärleriniň gününiň giňden bellenilýändigini aýdyp, olary tüýs ýürekden gutlady. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu hünär baýramy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň milli senenamasynyň möhüm seneleriniň biridir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda tertip-düzgüni gorap saklamak bilen, jemgyýetimizde syýasy, ykdysady, medeni we ruhy durnuklylygy üpjün etmekde, döwletimizde ýaýbaňlandyrylan ählumumy özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde içeri işler edaralarynyň işgärleriniň goşýan uly goşandyny nygtady. Ata Watanymyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagynda, bu ugurda tutumly işleriň durmuşa geçirilmeginde Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň eýeleýän möhüm ornuny bellemek aýratyn ýakymlydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Ösüşiň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly gadam urýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň esasy ulgamlarynyň biri bolan içeri işler edaralarynyň dürli ugurlarynda gulluk edýän işgärleriň her biri kalby päkligi, watansöýüjiligi, ukyp-başarnygy hem-de belent adamkärçiligi bilen hemmelere nusga bolmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy hem-de içeri işler edaralarynyň işgärlerini döwlet derejesinde bellenilýän Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň işgärleriniň güni mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, halkymyzyň bagtyýarlygynyň, ýurdumyzyň asudalygynyň we abadançylygynyň bähbidine alyp barýan mukaddes hem-de jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra wideoşekilli göni aragatnaşyk boýunça Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew paýtagtymyzy has-da abadanlaşdyrmak babatda görülýän çäreler, iri desgalaryň gurluşyklaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de Çagalary goramagyň halkara gününe taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzy toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde geçirilýän işleriň ähmiýetini nygtap, inženerçilik-tehniki we jemagat hojalygy gulluklarynyň sazlaşykly işiniň hem-de şäher gurşawynyň ekologik ýagdaýyna yzygiderli gözegçilik etmegiň wajypdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz tomus günleriniň ýetip gelendigini göz öňünde tutup, Aşgabatda we onuň töwereklerinde ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleriniň berjaý edilmegini berk gözegçilikde saklamagy, adamlaryň ýaşamagy we işlemegi üçin has oňaýly şertleriň üpjün edilmegi üçin häkime berk talap bildirdi.

Milli Liderimiz Aşgabatda alnyp barylýan gurluşyk işlerine degişli birnäçe tabşyryklary berip, şolaryň ählisiniň bellenilen möhletlerde hökman tamamlanmalydygyny we ýurdumyzyň baş şäheriniň belent derejesine laýyk gelmelidigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Çagalary goramagyň halkara gününe taýýarlyk görmek baradaky meselä geçip, bellenilen ähli çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek hem-de çagalaryň dynç alşyna degişli meseleleri yzygiderli üns merkezinde saklamak barada häkime anyk görkezmeleri berdi.

Wideoşekilli iş maslahaty Ahal welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim häzirki oba hojalyk işleri, şol sanda galla oragy möwsümine taýýarlyk görlüşi, gowaça ideg edilişi we pile öndürmek boýunça tabşyrygyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem welaýatyň täze gurluşyklaryndaky işleriň ýagdaýy we Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli baýramçylyk çäreleriniň guralyşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depginini güýçlendirmegiň zerurdygyny nygtap, bugdaý oragyny üstünlikli geçirmek, däne kabul edýän bölümleriň we degişli ýörite enjamlaryň, galla orýan kombaýnlaryň hem-de möwsümde işlediljek awtoulaglaryň bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek üçin hemme şertleri göz öňünde tutmagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz gowaçany ýekelemek we haşal otlardan arassalamak, hatar aralaryny bejermek hem-de dökünler bilen iýmitlendirmek işleriniň ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirilmeginiň, ideg işlerini bellenen möhletinde alyp barmagyň, bar bolan oba hojalyk tehnikalaryny netijeli peýdalanmagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz dokma senagatynyň esasy çig mal binýady bolan pile taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamanyň berjaý edilmegini üpjün etmek barada häkime degişli görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiz sebitde Oba milli maksatnamasynda bellenilen gurluşyk işleriniň alnyp barlyşyna degip geçip, bu meselelere aýratyn üns bermegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tomus günleriniň gelmegi bilen baglylykda, aýratyn-da, meýdanlarda ýangyn howpsuzlygynyň berjaý edilişini berk gözegçilikde saklamak barada görkezme berdi. Hormatly Prezidentimiz Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli çäreleriň ýokary derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra wideoşekilli göni aragatnaşyga Balkan welaýatynyň häkimi S. Satlykow çagyryldy. Häkim obasenagat ulgamynda möwsümleýin işler, şol sanda orak möwsümine taýýarlyk görlüşi, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinlerine ideg edilişi, gant şugundyrynyň ekişi, pile taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamanyň ýerine ýetirilişi, welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça görülýän çäreler, Çagalary goramagyň halkara gününiň maksatnamasy barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depginini güýçlendirmegiň zerurdygyny nygtap, galla oragy möwsümine, welaýatda miwe hem-de gök-bakja ekinlerine bellenen agrotehniki kadalara laýyklykda ideg etmäge, şolaryň bereketli hasylyny ösdürip ýetişdirmäge degişli meseleleri berk gözegçilikde saklamalydygyny belledi. Hususan-da, döwlet Baştutanymyz gant şugundyrynyň ekişiniň ýokary hilli we gysga möhletde geçirilmegini üpjün etmek barada häkime degişli görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz welaýatyň gurluşyk desgalarynda, aýratyn-da, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda işleriň hilini hem-de welaýaty senagatlaşdyrmak meselelerini üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz yssy günleriň ýetip gelendigi barada aýdyp, aýratyn-da, orak möwsümi döwründe ýangyn howpsuzlygynyň düzgünlerini berk berjaý etmegiň möhümdigine häkimiň ünsüni çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem welaýatda Çagalary goramagyň halkara gününi mynasyp baýram etmek boýunça degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi M.Baýramgulyýew obasenagat toplumynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga, hususan-da, galla oragyna taýýarlyk görmek hem-de gowaça ideg etmek, sebitiň durmuş we senagat düzümlerini döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen wezipeleri üstünlikli çözmek boýunça alnyp barylýan işler, şeýle hem pile taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamanyň ýerine ýetirilişiniň we şaly ekişiniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz “ak altynyň” bereketli hasylyny ösdürip ýetişdirmekde uly ähmiýete eýe bolan gowaça ideg etmek boýunça göz öňünde tutulan hemme agrotehniki çäreleri öz wagtynda berjaý etmegiň zerurdygyny nygtap, häkime anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz galla oragy möwsümine hemmetaraplaýyn we düýpli taýýarlyk görmegiň wajypdygyna ünsi çekip, sebitde şalynyň ýokary hilli ekişini üpjün etmegi talap etdi. Ekiş guramaçylykly hem-de gysga möhletde geçirilmelidir. Milli Liderimiz Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde bina edilýän senagat, medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygynyň bellenilen möhletinde ýokary hil derejesinde gurlup, ulanmaga berilmeginiň wajypdygyna häkimiň ünsüni çekdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem häkime ekerançylyk meýdanlarynda, edaralarda we kärhanalarda ýangyn howpsuzlygynyň düzgünlerini berjaý etmegiň meselelerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmäge degişli birnäçe görkezmeler berildi.

Soňra wideoşekilli göni aragatnaşyga Lebap welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew çagyryldy. Häkim ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyk derejede guramak, gowaça ideg etmek ugrunda görülýän çäreler, galla oragyna taýýarlyk görlüşi hem-de orak möwsümine gatnaşjak ähli düzümleriň bökdençsiz işlemegini ýola goýmak, pile taýýarlamak babatda görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş durmuş-şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki milli maksatnamasynyň” çäklerinde sebitde iň iri köpugurly hassahananyň we bir müňe golaý hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň tamamlaýjy tapgyrda dowam edýändigi hem-de öňde boljak baýramçylyklara taýýarlyk görlüşi barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz wajyp oba hojalyk möwsümleriniň geçirilişine yzygiderli gözegçilik etmegiň, obasenagat toplumynda öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de ýurdumyzyň iň oňat tejribesini işjeň peýdalanmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz gowaça bellenen möhletinde we ýokary hil derejesinde ideg etmegi hem-de galla oragyna hemmetaraplaýyn taýýarlanmagy we pile öndürmegiň döwlet borçnamasynyň ýerine ýetirilmegini, şaly ekişini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda tamamlamagy üpjün etmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň çäklerinde Oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan durmuş ähmiýetli binalarda gurluşyk işleriniň depginini güýçlendirmek hem-de meýdanlarda we beýleki desgalarda ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek ugrunda çäreleri guramak boýunça birnäçe görkezmeler berdi.

Döwlet Baştutanymyz häkime welaýatda Çagalary goramagyň halkara gününi ýokary derejede baýram etmäge taýýarlyk görmek barada hem görkezme berdi.

Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew obasenagat toplumynda işleriň ýagdaýy, dürli oba hojalyk önümleriniň önümçiligini artdyrmak, möwsümleýin oba hojalyk işlerini bildirilýän agrotehniki talaplara laýyk derejede guramak boýunça amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda gowaçalara ideg dowam edýär, olaryň hatar arasy bejerilýär, ýekelemek we haşal otlardan arassalamak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri amala aşyrylýar, ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnamaga taýýarlyk görülýär, kombaýnlaryň tehniki ýagdaýyny barlamak, dänäni kabul ediş bölümlerine öz wagtynda ýitgisiz ýetirmek üçin awtoulaglary, elewatorlary we ammarlary taýýarlamak işleri alnyp barylýar.

Şeýle hem bina edilýän desgalarda gurluşyk işleriniň depgini, öňde boljak baýramçylyk çärelerini mynasyp guramak boýunça görülýän çäreler barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow galla oragynyň sazlaşykly geçirilmegini, onda işlediljek ähli tehnikalaryň we düzümleriň hemmesiniň bökdençsiz işledilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz häzirki alnyp barylýan beýleki oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişine, hususan-da, gowaça ýokary hilli ideg etmäge degişli işlere ünsi çekip, häkime obasenagat toplumyna hojalygy dolandyrmagyň öňdebaryjy usullaryny hem-de tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça birnäçe görkezmeleri berdi. Milli Liderimiz şeýle hem pile öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamanyň doly derejede ýerine ýetirilmeginiň üpjün edilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Welaýatyň häkimine ekerançylyk meýdanlarynda we beýleki desgalarda tomus möwsüminde ýangyn howpsuzlygynyň kadalarynyň berk berjaý edilmegi boýunça degişli görkezmeler berildi. Milli Liderimiz 1-nji iýunda Türkmenistanda giňden bellenilýän Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz wideoşekilli iş maslahatyny jemläp, häzirki alnyp barylýan işleriň we öňde goýlan wezipeleriň ýurdumyzyň has-da gülläp ösmegini, mähriban halkymyzyň bolelin durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilendigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter