Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz toplumyny ösdürmek boýunça maslahat geçirdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz toplumyny ösdürmek boýunça maslahat geçirdi

опубликованно 29.05.2018 // 2171 - просмотров
 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary bilen maslahat geçirdi. Onuň dowamynda “2030-njy ýyla çenli döwür üçin Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň maksatnamasyna” garaldy, ählumumy ykdysadyýetiň häzirki ýagdaýyny we dünýäniň energetika bazarynyň şertlerini nazara almak bilen, birnäçe möhüm ugurlar boýunça onuň görkezijileri kesgitlendi.

Maslahatyň barşynda ýangyç-energetika toplumynyň düzümleýin bölümleriniň, olaryň ýolbaşçylarynyň işine baha berildi we ýakyn geljekde milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy üçin wajyp wezipeler kesgitlendi.

Döwlet Baştutanymyz gün tertibini yglan edip, döwlet ministri, “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy M.Arçaýewe söz berdi. Ol 2018-nji ýylyň ýanwar — maý aýlarynda gaz pudagynyň edaralarynyň ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, tebigy gazy çykarmak we ony eksport etmek babatda tehniki-ykdysady görkezijiler, şol sanda “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Gazçykaryş” müdirligi boýunça alnyp barylýan işler, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen baglaşylan şertnamalar barada habar berildi.

Şeýle hem pudagyň hünärmenleriniň 2018-nji ýyl üçin tassyklanan meýilnamalaýyn tabşyryklar barada habar berildi.

“Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy D.Hajyýew nebit pudagynyň önümçilik-hojalyk işi we gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa nebitiň çykarylyşy, şeýle hem uglewodorod serişdelerini gözlemek we olaryň täze geljegi uly ýataklaryny ýüze çykarmak, olary özleşdirmek hem-de gazylyp alynýan serişdeleriň mukdaryny artdyrmak boýunça senagat düzüminde degişli ulanyş ýagdaýyny saklamak hem-de ony döwrebaplaşdyrmak ugrunda amala aşyrylýan işler barada habar berildi.

Öz nobatynda “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň başlygy Ş.Abdrahmanow täze nebitgaz ýataklaryny ýüze çykarmak maksady bilen, alnyp barylýan meýdan geofizika we çuň buraw işleri barada hasabat berdi.

Mundan başga-da, ýerasty suwlary gözlemek we barlamak bilen bagly sütünleýin burawlamak we surata almak işleri, şeýle hem “Türkmengaz”, “Türkmennebit” we “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleri bilen baglaşylan şertnamalaryň çäklerinde ýerine ýetirilen geologiýa-gözleg işleri barada habar berildi.

Soňra Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory D.Bäşimow ýolbaşçylyk edýän düzümindäki işleriň ýagdaýy, 2018-nji ýylyň başyndan bäri önümçilik tabşyryklarynyň, şol sanda içerki bazary nebit önümleri bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem desgalary düýpli abatlamak boýunça geçirilýän işler, maýa goýum maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişi barada habar berildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow 23 — 24-nji maýda geçirilen Türkmenistanyň IX halkara Gaz kongresiniň netijeleri hem-de ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Forumyň çäklerinde ýurdumyzyň nebitgaz kärhanalarynyň ýolbaşçylarynyň daşary ýurt işewürleri bilen köp sanly duşuşyklary guraldy. Geçirilen gepleşikleriň barşynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegi, sebitde tebigy gazyň eksportynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagy, Ýewropada we Aziýada gaz geçirijileriniň täze ugurlarynyň işlenip taýýarlanylmagy boýunça öňde goýlan meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Daşary ýurt kompaniýalary tarapyndan tebigy gazy, nebiti we gaz kondensatyny gaýtadan işlemek, Hazar deňziniň türkmen böleginiň ýataklaryny özleşdirmek, gözleg işlerini geçirmek, nebitgaz senagatynyň dürli pudaklarynda ulanylyp bilinjek täze tehnologiýalary, öňdebaryjy tejribäni we ylmy işläp taýýarlamalary ornaşdyrmak babatda birnäçe teklipler beýan edildi.

Wise-premýer şeýle hem çykarylýan nebitiň möçberlerini artdyrmak, şol sanda Uzynada we Ekizak nebitgaz ýataklarynyň meýdançalarynda buraw işleriniň depginini güýçlendirmegiň, täze guýulary gurmagyň we işe girizmegiň hasabyna artdyrmak maksady bilen görülýän çäreler barada habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ý.Kakaýew gazy gaýtadan işleýän pudakda iri maýa goýum taslamalarynyň birnäçesiniň ýerine ýetirilişiniň barşy, ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň işiniň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabatyň çäklerinde Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň meýilnama laýyklykda alnyp barylýandygy habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, nebitgaz toplumynyň ýurdumyzyň ykdysadyýetinde esasy orny eýeleýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň maksatnamasyny ýerine ýetirmek ugrundaky işleriň depginini has-da güýçlendirmegi talap etdi we ýurdumyzyň energetika syýasatyny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly möhüm wezipeleri kesgitledi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, pudaga maýa goýumlaryny has köp çekmäge, nebit we gaz, geologiýa pudaklarynyň kuwwatyny artdyrmaga, nebiti we gazy gaýtadan işlemekden alynýan önümleriň möçberlerini artdyrmak boýunça ähli zerur çäreleri durmuşa geçirmäge aýratyn üns bermek zerurdyr.

Hormatly Prezidentimiz nebitgaz pudagyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegi, täze nebitgaz ýataklaryny gözlemek, özleşdirmek, uglewodorod çig malyny çykarmak we gaýtadan işlemek boýunça taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça kabul edilen döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilişiniň depginini has-da güýçlendirmek, ýangyç-energetika toplumynyň pudaklaryny tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmak, öň açylan nebitgaz känlerini özleşdirmek we işe girizmek boýunça işleri netijeli dowam etdirmek, şeýle hem baý tejribesi bolan, abraýly daşary ýurt kompaniýalary bilen nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak babatda anyk görkezmeleri berdi.

Şunuň bilen bir hatarda, milli Liderimiz nebitgaz toplumynyň düzümlerini kämilleşdirmegi dowam etmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz dolandyryş ulgamynda ulanylyp gelinýän kadalary we düzgünleri düýpli üýtgetmegi, bu ulgama häzirki zaman halkara standartlaryny giňden ornaşdyrmagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem şu ýylyň birinji ýarymynyň jemleri boýunça nebitiň çykarylyşyny, nebit önümleriniň we suwuklandyrylan uglewodorod gazlarynyň öndürilişini ýokarlandyrmak boýunça ähli zerur çäreleri görmegiň wajypdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gyýanlyda polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumyny açmak we işe girizmek dabarasyna ýokary derejede taýýarlyk görmek boýunça görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem “Galkynyş” gaz ýatagyny özleşdirmek üçin daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça işleri işjeňleşdirmegi hem-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmegi tizleşdirmegi tabşyrdy, halkara energiýa köprüsi öz gözbaşyny bu gaz käninden alýar.

Ýangyç-energetika toplumynyň düzümleýin edaralarynyň ýolbaşçylaryna suwuklandyrylan gazyň öndürilýän we daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmek, nebitgaz pudagynyň aýry-aýry önümleriniň eksport edilýän möçberlerini ýokarlandyrmak, täze gazhimiýa zawodlaryny gurmak hem-de açylan nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we işe girizmegi çaltlandyrmak boýunça anyk tabşyryklar berildi.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, nebitgaz toplumynyň ylmy-barlag institutlarynyň ylmy we amaly tarapdan netijeli iş alyp barmagyny gazanmak, nebitgaz toplumynda amala aşyrylýan taslamalaryň ekologiýa ýetirip biljek täsirini ylmy taýdan öwrenmek zerurdyr.

Nebit guýularynyň önüm berijiligini ýokarlandyrmak boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmek bilen bagly işleri ýola goýmak, nebitiň täze ýataklaryny açmak boýunça geologiýa-gözleg işlerini has-da güýçlendirmek zerurdyr diýip, milli Liderimiz belledi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilýän önümleriň hilini ýokarlandyrmak we möçberlerini artdyrmak, işleri has-da işjeňleşdirmek barada anyk görkezmeler berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahaty jemläp, nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylaryna eziz Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artdyrylmagynyň we rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter