Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

опубликованно 30.05.2018 // 1194 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda

«Kazyýet hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 25-nji, 54-nji, 56-njy, 72-nji we 83-nji maddalaryna laýyklykda, karar edýärin:

Gurbandurdy Öräýewiç Annaýewi Mary welaýat kazyýetiniň başlygynyň orunbasary wezipesine belläp, Mary welaýat kazyýetiniň Prezidiumynyň düzümine girizmeli we ony Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmaly;

Daýanç Jumageldiýewiç Owwadowy Daşoguz welaýat kazyýetiniň başlygynyň orunbasary wezipesine belläp, Daşoguz welaýat kazyýetiniň Prezidiumynyň düzümine girizmeli we ony Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap kazyýetiniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmaly;

Farhad Bazarbaýewiç Ýuldaşewi Balkan welaýatynyň Hazar şäher kazyýetiniň kazysy wezipesine belläp, ony Balkan welaýatynyň Gumdag şäher kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly;

Geldymurad Ýoldaşowiç Rozyýewi Mary welaýat kazyýetiniň kazysy wezipesine belläp, Mary welaýat kazyýetiniň Prezidiumynyň düzümine girizmeli we ony Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrap kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly;

Güljan Jorakulyýewna Babanazarowany Mary welaýatynyň Mary şäher kazyýetiniň kazysy wezipesine belläp, ony Mary welaýat kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly;

Seýitkuly Ýuldaşewiç Altybaýewi Daşoguz welaýat kazyýetiniň kazysy wezipesine belläp, Daşoguz welaýat kazyýetiniň Prezidiumynyň düzümine girizmeli we ony Mary welaýatynyň Mary şäher kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly;

Gaýgysyz Kakabaýewiç Orazmyradowy Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher kazyýetiniň kazysy wezipesine belläp, ony Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesinden boşatmaly;

Şirin Kakajanowna Jumaýewany Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesine bellemeli we oňa 5-nji hünär derejesini bermeli;

Jemşit Hesenowiç Hesenowy Mary welaýatynyň Baýramaly şäher kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesine bellemeli we oňa 5-nji hünär derejesini bermeli;

Şamyrat Hožamuradowiç Gummanowy Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesine bellemeli we oňa 5-nji hünär derejesini bermeli;

Myrat Myratdurdyýewiç Halmyradowy ygtyýarlyklarynyň möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Aşgabat şäher kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly;

Soltanbibi Artykowna Ýusupowany ygtyýarlyklarynyň möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrap kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly;

Begenç Aşyrdurdyýewiç Baýramowy ygtyýarlyklarynyň möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Mary welaýatynyň Baýramaly şäher kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesinden boşatmaly;

Arslan Örebaýewiç Bakgalowy ygtyýarlyklarynyň möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesinden boşatmaly;

Myrat Geldyýewiç Ataýewi ygtyýarlyklarynyň möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Lebap welaýatynyň Farap etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesinden boşatmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti,
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň
Belent Serkerdebaşysy
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2018-nji ýylyň 30-njy maýy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter