Türkmenistanyň Prezidenti bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

опубликованно 02.06.2018 // 1230 - просмотров
 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.

Iki ýurduň Liderleri birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, ähli musulmanlar üçin mukaddes saýylýan Oraza aýy mynasybetli gutlaglary alyşdylar we türkmen hem-de türk halklaryna abadançylyk, gülläp ösüş arzuw etdiler.

Döwlet Baştutanymyz öz kärdeşine şu ýylyň 24-nji iýunynda geçiriljek Türkiýe Respublikasynyň Prezidentligine saýlawlarda üstünlik arzuw etdi.

Söhbetdeşler möhüm häsiýete eýe bolan dostlukly döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, Türkmenistanyň Türkiýe bilen ýola goýulýan hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanda we Türkiýede ikitaraplaýyn häsiýetde bolşy ýaly, halkara guramalarynyň çäklerinde birek-birege düşünişmek, hormat goýmak we iki ýurduň halklarynyň bähbidi esasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär.

Şunuň bilen baglylykda, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Rejep Taýyp Ärdogan hyzmatdaşlygy, şol sanda ýangyç-energetika toplumyndaky gatnaşyklary yzygiderli ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň özüniň baý uglewodorod serişdelerini ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine gönükdirmäge taýýardygyny belläp, ýurdumyzyň gazyň ägirt uly möçberlerine eýedigini we hereket edýän ugurlar boýunça öz üstüne alan borçnamalaryny doly kanagatlandyrjakdygyny aýtdy. Ýurdumyzyň energiýa serişdeleri ugradyjy, üstaşyr geçiriji ýurtlaryň we sarp edijiniň bähbitleriniň binýadynda döredilýän gatnaşyklara esaslanýar.

Prezident Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistanyň dünýä giňişliginde ýöredýän energetika diplomatiýasyny makullap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy TANAP üstaşyr Anatoliýa gaz geçirijisiniň şu aýda geçiriljek açylyş dabarasyna gatnaşmaga çagyrdy.

Hormatly Prezidentimiz gaz geçirijisiniň açylyş dabarasyna gatnaşmaga çakylyk üçin minnetdarlyk bildirdi. Bu meselä diplomatik ýollar arkaly bellenilen tertipde garalar.

Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň we Türkiýäniň Liderleri ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm ugurlarynyň biri bolan ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň meselelerine garadylar. Türkmenistanda kemala gelýän halkara ähmiýetli logistik ulgam ýurdumyzy Ýewraziýanyň iri ulag-üstaşyr geçelgesine öwrer. Munuň özi Türkmenbaşy şäherinde ýakynda ulanmaga berlen täze Halkara deňiz portuny nazara alanyňda aýratyn ähmiýetlidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Şeýle hem iki ýurduň Baştutanlary ynsanperwer ulgamdaky däp bolan gatnaşyklara ünsi çekdiler. Bu ugurda netijeli hyzmatdaşlyk boýunça ägirt uly tejribe toplanyldy. Şeýle hem bilim, ylym, medeniýet, sungat, sport we syýahatçylyk ulgamlary boýunça gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek barada aýdyldy.

Türkmen we türk Liderleri özara gyzyklanma bildirilýän sebitara hem-de halkara syýasatyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň we Türkie Respublikasynyň dünýä giňişliginde netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin ygtybarly binýat bolup durýan ählumumy meseleler boýunça garaýyşlary ýakyndyr ýa-da doly gabat gelýändir.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Rejep Taýyp Ärdogan türkmen-türk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ynanyşmak, açyklyk we birek-birege düşünişmek esasda ösdüriljekdigine ynam bildirdiler hem-de birek-birege berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işlerinde uly üstünlikler, iki ýurduň halklaryna bolsa parahatçylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdiler.

Telefon arkaly söhbetdeşlik türk tarapynyň başlangyjy boýunça geçirildi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter