Galla oragynyň depgini: Mary welaýaty | TDH
Ykdysadyýet

Galla oragynyň depgini: Mary welaýaty

опубликованно 14.06.2018 // 603 - просмотров
 

Mary welaýatynda galla oragynyň barşynda ilkinji zähmet ýeňşi gazanyldy — Tagtabazar etrabynyň kärendeçileri kabul ediş bölümlerine täze hasyldan bugdaýyň 19 müň 800 tonnadan gowragyny getirip, özleriniň şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri barada habar berdiler. Umuman, sebit boýunça eýýäm dänäniň 154 müň tonnadan gowragy taýýarlanyp, gündelik ösüş 22,5 müň tonnadan gowrak bolup durýar.

Galla oragynyň oňat depginleri Sakarçäge etrabynda hem saklanýar. Ol oba hojalyk önümlerini öndürmek boýunça ýurdumyzda öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Oragyň beýleki öňdebaryjylarynyň hatarynda Oguzhan we Ýolöten etraplarynyň daýhan birleşikleri bar.

Mary welaýatynda güýzlük bugdaý üçin 157 müň gektar meýdan bölünip berildi. Bu ýerde ýerli toprak-howa şertlerinde bereketli hasyl berýän bugdaýyň birnäçe görnüşlerini — “Ýolöten-1”, “Ýolöten-3» we beýleki görnüşlerini ösdürip ýetişdirýärler.

Şu ýyl galla oragy möwsüminiň aýratyn kuwwatly tehniki üpjünçilige eýe bolandygyny bellemek gerek. Galla meýdanlaryna däne ýygnaýjy kombaýnlaryň 467-si çykarylyp, şolaryň 87-si “John Deere” (ABŞ) we “CLAAS” (Germaniýa) kompaniýalarynyň tehnikalary bolup, oragyň başlanmagynyň öň ýanynda welaýata getirildi. Munuň üçin gallaçylar ýurdumyzyň oba hojalygyny ýokary derejeli tehnikalar bilen üpjün etmek hakynda ýadawsyz alada edýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärler. Döwletimiziň oba hojalyk toplumyna hemmetaraplaýyn goldaw bermegi oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak hem-de bereketli hasyl almak üçin şert döredýär.

Beýleki sebitlerde bolşy ýaly, möwsümiň takyk tertibi işlenip taýýarlanyldy, kombaýnlara tehniki taýdan hyzmat etmek, olar üçin ýangyç-çalgy serişdelerini getirmek bilen bagly meseleler dessin çözülýär, göçme abatlaýyş-mehaniki toparlar tejribeli ussalar, zerur enjamlar we gurallar bilen üpjün edildi.

Dänäniň meýdandan kabul ediş bölümlerine, ýagny welaýatda bar bolan 48 sany kabul ediş bölümine, soňra bolsa elewatorlara ýitgisiz getirilmegine aýratyn üns berilýär. Şolaryň hemmesi elektron gapanlar, guradyjylar, bugdaýy arassalamak üçin enjamlar bilen üpjün edildi. Oba we suw hojalyk ministrliginiň “Marygallaönümleri” önümçilik birleşiginiň düzüminde çörek önümlerini öndürýän kärhanalaryň dördüsi bolup, şolarda dänäni uzak wagt saklamak üçin ähli şertler bar.

Hojalyklarda harmanlara we meýdanlara alyp barýan ýollar öz wagtynda tertibe salyndy. Dänäniň daşalmagyny ýük awtoulaglarynyň 2 müň 350-den gowragy amala aşyrýar, degişli şertnamalar döwlet hem-de hususy kärhanalar bilen baglaşyldy.

Galla oragy bilen bir wagtda bugdaýdan boşan ýerleri täze ekin üçin taýýarlamak işleri amala aşyrylýar, sürüm işlerinde 280-den gowrak kuwwatly traktor ulanylýar.

Şu günler möwsüme gatnaşyjylar galla oragynyň depginlerini has-da artdyrmak, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gallaçylaryň öňünde goýan möhüm wezipesiniň hötdesinden abraý bilen gelmek, ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine ýurdumyzyň galla baýlygyny ýadawsyz zähmetleri bilen artdyrmak üçin tutanýerli işleýärler.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter