Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag hatlary gelip gowuşýar | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag hatlary gelip gowuşýar

опубликованно 14.06.2018 // 1053 - просмотров
 

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly jenap Prezident!

Biz Melaniýa bilen amerikan halkynyň adyndan Size we Türkmenistanyň halkyna Oraza baýramy mynasybetli iň gowy arzuwlarymyzy ýollaýarys.

Mukaddes Oraza aýynyň ahyry — bu biziň hoşniýetli goňşuçylyk kömegi we jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň adamlary bilen çöregi paýlaşmak baradaky mukaddes däp, yslamyň adalatlylyk hem-de rehim-şepagatlylyk ýaly ýörelgelere berk esaslanýan däp hakynda aýratyn pikir edýän döwrümizdir. Oraza baýramy biziň hemmämiziň birek-biregimizi dostlarça goldamak hem-de her bir adamyň öz mümkinçiliklerinden doly peýdalanyp bilmegini üpjün edýän jemgyýeti gurmak baradaky ýatlatmadyr.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary köp dinleriň, şol sanda yslam dininiň hem ýurdudyr. Amerikaly musulmanlar ýurdumyzyň ösmegine we rowaçlanmagyna ägirt uly goşant goşýarlar hem-de ýaragly güýçlerde mynasyp gulluk edýärler.

Şu aýratyn baýramçylykda men ähli musulmanlara iň gowy arzuwlarymy, berk jan saglyk we tutuş ýylyň dowamynda gülläp ösüş baradaky arzuwlarymy beýan edýärin.

Oraza baýramyňyz gutly bolsun!

Hormatlamak bilen,
Donald TRAMP,
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Prezident, gadyrly doganym!

Oraza baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňizi tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu mukaddes baýramyň musulman ymmatyna hem-de tutuş dünýä parahatçylyk we asudalyk getirmegini dileg edýärin.

Pursatdan peýdalanyp, halkymyň adyndan we hut öz adymdan Size berk jan saglyk hem-de bagt, Türkmenistanyň halkyna bolsa rowaçlyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Rejep Taýip ÄRDOGAN,
Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly jenap Prezident!

Nurana hem-de mukaddes Oraza baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize hem-de Türkmenistanyň ähli halkyna mähirli gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy ýollamak mende ägirt uly kanagatlanma duýgusyny döredýär.

Biziň bilelikdäki tagallalarymyz netijesinde Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky döwrüň synagyndan geçen, özara hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk, halklarymyzyň taryhy, ruhy we medeni gözbaşlarynyň umumylygy ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklarynyň has ýokary derejä çykjakdygyna ynanýaryn.

Şu nurana günlerde Beýik Biribardan Size berk jan saglyk we bagt, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk dileg edýärin.

Çuňňur hormatlamak bilen,

Şawkat MIRZIÝOÝEW,
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Sizi nurana Oraza baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Oraza baýramynyň gymmatlyklaryny alamatlandyrýan şu şatlykly günlerde Beýik Biribardan Size berk jan saglyk, bagt hem-de täze üstünlikler, Siziň ýurduňyzyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, ösüş we rowaçlyk arzuw edýärin.

Özara hormat goýmak, birek-biregi goldamak esasynda täjik- türkmen dostluk hem-de köptaraply hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we halklarymyzyň bähbidine hil taýdan täze derejä çykaryljakdygyna ynanýaryn.

Hormatlamak bilen,

Emomali RAHMON,
Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Öz adymdan we Azerbaýjanyň halkynyň adyndan Sizi hem-de Siziň üstüňiz bilen ýurduňyzyň ähli musulmanlaryny belent ahlak gymmatlyklarynyň, hoşniýetliligi alamatlandyrýan mukaddes Oraza baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Bu şanly baýramçylyk gününde Size berk jan saglyk we bagt, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk hem-de abadançylyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Ilham ALIÝEW,
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Palestina Döwletiniň, palestina halkynyň adyndan we hut öz adymdan Oraza baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňizi tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Gudraty güýçli Allatagaladan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk hem-de bagt, dostlukly türkmen halkyna we tutuş musulman ymmatyna bolsa ösüş, rowaçlyk hem-de durnuklylyk dileg edýärin.

Baýramyňyz gutly-mübärek bolsun!

Mahmud ABBAS,
Palestina Döwletiniň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
doganym Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Mukaddes Oraza baýramy mynasybetli Saud Arabystany Patyşalygynyň halkynyň we hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy ibermäge şatdyryn.

Şunuň bilen baglylykda, Gudraty güýçli Allatagaladan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagt, doganlyk türkmen halkyna hem-de tutuş musulman ymmatyna bolsa ösüş, rowaçlyk we durnuklylyk arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Siziň doganyňyz,
Iki mukaddesligiň hyzmatkäri

Salman ben Abdel Aziz AL SAUD,
Saud Arabystanynyň Patyşasy.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Mukaddes Oraza baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden çykýan arzuwlarymy ýollamaga şatdyryn.

Beýik Allatagaladan biziň hemmämiz hem-de tutuş musulman ymmaty üçin rowaçlyk, parahatçylyk we durnuklylyk dileg edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Muhammad ben Salman ben Abdel Aziz AL SAUD,
Mirasdüşer Şazada, Saud Arabystany Patyşalygynyň
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, goranmak ministri.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Mukaddes Oraza baýramynyň gelmegi mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy hem-de iň gowy doganlyk arzuwlarymy ýollamaga örän şatdyryn.
Gudraty güýçli Allatagaladan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagt hem-de üstünlikler, doganlyk türkmen halkyna ösüş we rowaçlyk dileg edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Siziň doganyňyz,

Muhammed ben Saad ben Halid AL-SAUD,
Saud Arabystany Patyşalygynyň Emiri.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Owganystanyň hökümetiniň we halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan mukaddes Oraza baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňizi hem-de Türkmenistanyň asylly halkyny tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Gudraty güýçli Allatagaladan doga-dileglerimiziň ählisini kabul etmegini hem-de tutuş musulman ymmatyna parahatçylyk, ylalaşyklylyk hem-de ösüş peşgeş bermegini dileg edýärin.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk hem-de üstünlikler, doganlyk türkmen halkyna bolsa rowaçlyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Doktor Abdulla ABDULLA,
Owganystan Yslam Respublikasynyň
ýerine ýetiriji häkimiýetiniň Başlygy.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter