Galla oragynyň depginleri: Lebap welaýaty | TDH
Ykdysadyýet

Galla oragynyň depginleri: Lebap welaýaty

опубликованно 18.06.2018 // 674 - просмотров
 

Beýleki ähli welaýatlarda bolşy ýaly, ýurdumyzyň gündogar sebitinde hem galla oragy gyzgalaňly dowam edýär. Lebap welaýatynyň iri etraby bolan Çärjew etrabynyň gallaçylary we mehanizatorlary oňat netije gazanýarlar. Şu ýyl olar kabul ediş bölümlerine 60 müň tonnadan gowrak däne tabşyrmagy borç edindiler. Şu güne çenli çärjewli gallaçylar bugdaý taýýarlamak boýunça döwlet tabşyrygyny 75 göterime golaý berjaý etdiler.

Öňde barýan üç etrabyň hatarynda meýilnamanyň 70 göterimini ýerine ýetiren Farap etrabynyň hem-de 65 göterimini berjaý eden Darganata etrabynyň gallaçylary hem bar.
Welaýatyň daýhan birleşikleriniň arasynda Darganata etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň gallaçylary döwlet tabşyrygyny ilkinji bolup berjaý etdiler we galla oragyny guramaçylykly dowam edýärler.

Tutuş welaýat boýunça eýýäm kärendeçiler toparlarynyň onlarçasy şertnamalaýyn borçnamalaryna amal etdiler. “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary bilen geçýän şu ýyl lebaplylar Watan harmanyna 350 müň tonna bugdaý tabşyrmaga borçlandylar. Möwsümiň başyndan bäri kabul ediş bölümlerine 180 müň tonnadan gowrak bugdaý tabşyryldy.

Welaýatyň öňdebaryjy kärendeçileriniň ýüzlerçesi öz ekin meýdanlarynda galla oragyny tamamlap, her gektardan 40 — 60 sentner we ondan hem köp bugdaý hasylyny aldylar, däne öndürmek boýunça borçnamalaryny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şolaryň hatarynda her gektardan 60 sentnerden gowrak hasyl almagy başaran Dänew etrabyndan Ý.Rahmankulyýew, Çärjew etrabyndan G.Bazarowa we köp sanly beýlekiler bar, olar bol hasyl ýetişdirip, şu möwsümde ýokary netije gazandylar.

Hasylyň ep-esli bölegi Amyderýanyň sag kenarynda özleşdirilen tarp ýerlerde ýetişdirildi. Hasyly ýygnamak üçin şu günler 360 galla orujy kombaýn işledilýär, şunda orak wagtynda we hasyl kabul ediş bölümlerine eltilende, galla ammarlarda saklanylýan wagty ýitginiň öňüniň alynmagyna aýratyn üns berilýär.

Munuň üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ygtybarly azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça ýadawsyz tagallalary netijesinde ähli şertler döredildi. Soňky ýyllarda welaýatda göwnejaý enjamlaşdyrylan, häzirki zaman, kuwwatly galla saklanylýan ammarlar, döwrebap elewatorlar, şeýle hem gök ekinleri, miwe we bakja önümlerini uzak wagtlap ter görnüşinde saklamak üçin sowadyjy toplumlar ulanmaga berildi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter