Döwürleriň öçmejek mukamy | TDH
Medeniýet

Döwürleriň öçmejek mukamy

опубликованно 18.06.2018 // 696 - просмотров
 

Şu gün ýurdumyzyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde “Nury Halmämmedowyň sazy — döwürleriň öçmejek mukamy” atly festiwalyň açylyşy boldy. Ol Türkmenistanyň halk artistiniň 80 ýyllyk ýubileýine bagyşlandy.

Medeniýet ministrliginiň guran çäresine gatnaşmak üçin ähli welaýatlardan döredijilik işgärleri paýtagtymyza geldi. Onuň açylyş dabarasynda bellenilişi ýaly, meşhur kompozitoryň hormatyna guralýan festiwal şu ýylyň ýurdumyzda “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edilmeginiň çäklerinde aýratyn ähmiýete eýedir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gündogaryň we Günbataryň siwilizasiýalaryny, ýurtlary we yklymlary ýakynlaşdyran bu taryhy ýoly dikeltmek boýunça öňe sürýän başlangyçlary diňe bir söwda-ykdysady babatda däl-de, medeniýet babatynda hem ählumumy häsiýete eýe bolup, milli mirasymyzyň Ýer ýüzünde wagyz edilmegini alamatlandyrýar. Milli mirasymyzda halkymyzyň ruhy we dünýägaraýşy jemlenendir. Her bir halkyň medeni mirasynda hiç hili çäk bolman, ol umumadamzat gymmatlygyna öwrülýär.

Nury Halmämmedowyň döredijiligi ýurdumyzyň saz sungatynda ýeten derejesi bilen dünýä jemgyýetçiliginiň tanyşmagynda aýratyn ähmiýetlidir. Bütin dünýäniň saz muşdaklary kompozitoryň Watana çäksiz söýgi bilen artan zehini arkaly biziň ýurdumyzy, biziň öz bilşimiz ýaly, gadymy hem-de müdimi juwan, Gün nuruna hem-de mähre çoýulan ýurt hökmünde tanaýarlar.

Ussat kompozitoryň wokal sazlarynyň esasyny XIX — XX asyrlaryň nusgawy şahyrlarynyň şahyrana eserleri düzýär. Şolaryň hatarynda ýurdumyzyň daşynda hem giňden belli bolan Magtymguly, Mollanepes, Kemine, Gurbannazar Ezizow ýaly awtorlar bar. Nury Halmämmedowyň “Türkmenistan” atly simfoniki eseri Bütinsoýuz radionyň we telewideniýäniň Uly simfoniki orkestriniň ýerine ýetirmeginde 1963-nji ýylyň maý aýynda Çaýkowskiý adyndaky Moskwanyň döwlet konserwatoriýasynyň gutardyş synagy mahalynda ýaňlandy. Ol giň diňleýjiler köpçüligi üçin açyk boldy.

Özüniň eserlerinde milli ýörelgeleri we dünýä nusgawy saz sungatynyň täsin gazananlaryny ýerlikli utgaşdyryp, Nury Halmämmedow aýratyn äheňli sazlary döretdi: türkmen sazy Ýer ýüzüniň dürli künjeklerine ýaýrady we hemmeler üçin düşnükli boldy.

Saz sungatynyň dili eýýäm gadymy wagtlarda umumadamzat gatnaşyklarynyň köpugurly guralyna öwrüldi, sebäbi sazyň dili terjime etmezden dürli milletiň adamlary üçin düşnüklidir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly kitabynda Türkmenistanyň hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyna eýerip, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen hemmetaraplaýyn gatnaşyklary ösdürýändigini belleýär. Ynsanperwerlik gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegi dünýä halklarynyň medeniýetini we sungatyny, şol sanda sazyny giňden we hemmetaraplaýyn öwrenmäge ýardam berýär.

Şu ýylyň 18-nji aprelinde Mukamlar köşgüniň zalynda “Saz sungatynyň gadymy çeşmeleri” atly halkara maslahat geçirildi. Onuň dowamynda Russiýadan, ABŞ-dan, Ýaponiýadan, Fransiýadan, Koreýadan, Eýrandan, Azerbaýjandan, Gyrgyzystandan gelen alymlar we hünärmenler Türkmenistanyň adamzadyň ruhy mirasynyň köklerini öwrenmekde möhüm orun eýeleýändigine ünsi çekdiler we ynsanperwer ulgamdaky halkara gatnaşyklary işjeňleşdirmegi esasy ugur edinýän syýasaty üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdiler.

Şu gün Döwlet simfoniki orkestriniň sungat ussatlary bilen bilelikde guran konsertinde Nury Halmämmedowyň hiç haçan öçmejek saz eserleri ýerine ýetirildi.

“Nury Halmämmedowyň sazy — döwürleriň öçmejek mukamy” atly festiwalyň konsert maksatnamasynyň çäklerinde Mukamlar köşgüniň eýwanynda ýörite sergi guraldy. Onda meşhur kompozitoryň döwürdeşleriniň saz ýazgylary, şeýle hem nakgaşlyk eserler, köpasyrlyk taryhynyň dowamynda türkmen halkynyň hemrasy bolan milli saz gurallary, arhiw fotosuratlary görkezildi. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli medeniýetimiz we sungatymyz hakyndaky eserlerine aýratyn orun berildi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter