Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Awtoulag sport merkezine bardy | TDH
Amul — Hazar 2018

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Awtoulag sport merkezine bardy

опубликованно 19.06.2018 // 2277 - просмотров
 

Şu gün irden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ogly, Mejlisiň deputaty, Söweş sungatlary boýunça milli federasiýanyň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Serdar Berdimuhamedow bilen awtomobil sporty merkezine baryp gördi we şol ýerde özüniň çyzgylary esasynda sport ulagyny täzeden enjamlaşdyrdy we gurnady hem-de onuň mümkinçiliklerini synap gördi.

Döwlet Baştutanymyz sagdyn durmuş ýörelgesiniň işjeň tarapdary bolmak bilen, köpçülikleýin bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegine uly ähmiýet berýär, sportuň dürli görnüşleri, şol sanda awtomobil sporty bilen meşgullanmakda ildeşlerimize nusgalyk görelde bolýar.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň awtomobil sportunyň öňünde uly mümkinçilikler açylýar. Bu işde milli Liderimiziň şahsy göreldesine möhüm orun degişlidir. Hormatly Prezidentimiziň aýratyn üns bermegi netijesinde türkmen awtomobil sportunyň maddy-enjamlaýyn binýady düýpli täzelendi we giňeldildi, ýokary tizlikli sport awtoulaglarynyň täze kysymlary satyn alyndy. Munuň özi ýaşlaryň sportuň bu görnüşi bilen köpçülikleýin meşgullanmagyny şertlendirdi hem-de sport ulaglarynyň sürüjileriniň we olaryň tälimçileriniň ussatlygyny ýokarlandyrmak üçin zerur şertleri döretdi. Şunuň bilen birlikde, munuň özi ýurdumyzda awtomobil sporty boýunça ýaryşlary geçirmek üçin amatly şertleri döredýär.

Milli Liderimiziň Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisini, köpçülikleýin uzak aralyga ylgaw boýunça ýaryşy we welosipedli ýörişi guramak baradaky pikiri ildeşlerimiz tarapyndan ruhubelentlik bilen goldanyldy hem-de bütin dünýäde uly seslenme döretdi. Häzirki wagtda ýurdumyzda bu iri ýaryşlara taýýarlyk görmek boýunça giň möçberli işler ýaýbaňlandyryldy. Hormatly Prezidentimiz ýaryşyň geçjek ýollaryny hem-de sport awtoulaglaryny synagdan geçirip, bu ýaryşlara taýýarlyk görmek işini berk gözegçilikde saklaýar. Milli Liderimiz şu gezek awtomobil sporty merkezinde bolanynda hem bu ýerde goýlan awtoulaglary synlap, olaryň tehniki häsiýetnamalary bilen jikme-jik gyzyklandy.

Ilki bilen döwlet Baştutanymyz sport ulaglaryny daşamaga niýetlenen uly göwrümli ulagy synap gördi.

Ýaryşlaryň guramaçylyk-tehniki üpjünçiligi hem-de ýurdumyzyň sport kuwwatyny pugtalandyrmak, bu ulgamda halkara gatnaşyklary ösdürmek babatda rallä taýýarlyk görmek işleri bu ugurdaky meşhur hünärmenler, şeýle çärelere gatnaşmak arkaly özlerini oňat tarapdan görkezen kompaniýalar bilen hyzmatdaşlykda alnyp barylýar. Öňümizdäki ýaryşlaryň esasy wezipeleriniň biri täsin tebigy we ägirt uly ykdysady kuwwata, aýawly saklanylýan hem-de nesilden-nesle geçirilýän taryhy-medeni hem-de ruhy mirasa eýe bolan ýurt hökmünde Watanymyzyň täze keşbini bütin dünýä görkezmekden ybaratdyr.

Munuň özi awtoulaglaryň bezeginde hem öz beýanyny tapmalydyr. Olaryň bezeginde milli hem-de “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisiniň nyşanlary ulanyldy.

Soňra döwlet Baştutanymyz bu ýere gelip gowşan täze sport ulaglarynyň aýratynlyklary, olaryň bezegi babatda ogly bilen pikir alyşdy. Milli Liderimiz we Serdar Berdimuhamedow ulaglaryň bezegi bilen baglanyşykly birnäçe çyzgylary, dürli şekilleri çekip, olaryň daşky görnüşinde ýerleşdirmegiň aýratynlyklaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, sport ulaglary özüniň berkligi, kuwwatlylygy bilen bir hatarda daşky bezeg görnüşleri boýunça hem özüne çekiji bolmalydyr. Onda milli äheňler döredijilikli hem-de başarnykly, häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda ulanylmalydyr. Munuň özi geçirilýän ýaryşlaryň mahabatyny giňden ýetirmekde aýratyn ähmiýetlidir.

Milli Liderimiz ulaglaryň has owadan we aýdyň görünmegi we şol bir wagtyň özünde türkmen medeniýetine mahsus bolan däp-dessurlary, sport ruhuny şöhlelendirmegi üçin olary bezemek babatda birnäçe çyzgylary ýerine ýetirdi.

Soňra milli Liderimiz sport awtoulagynyň tehniki kuwwatyny artdyrmak hem-de ýaryş mahalynda tizlik babatdaky häsiýetlerini ýokarlandyrmak maksadynda ony täzeden gurnamagyň görnüşini takyk beýan etmek üçin çyzgy işleri bilen meşgul boldy. Zerur bolan aýratynlyklaryň öňürti kagyz ýüzünde beýan edilmegi olary kämilleşdirmek boýunça oňyn çözgütleri kabul etmäge ýardam edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze sport ulagynyň oturgyjyndan başlap, ähli gurallaryna çenli berk we oňaýly derejede bolmagynyň örän möhümdigini belledi. Awtoulagy dolandyrmagyň inçe tilsimleri bar. Tejribeli sürüji olary doly ele almak bilen, awtoulagy ralli ýaly jogapkärli ýaryşlara ýokary derejede taýýarlap biler. Mysal üçin, döwlet Baştutanymyz täze sport ulagynyň oturgyjynyň berkidilýän nurbatlaryny gözden geçirdi we onuň käbir gurallaryny, degişli serişdelerini täzeden düzdi, gerek bolan şaýlaryny çalyşdy we ýokary tizlikli sport ulagynyň täzelenen nusgasyny döretdi.

Milli Liderimiz awtoulagy synlamagyny dowam etdirip, hereketlendirijisini, tigirlerini gözden geçirdi we olaryň käbirlerini täzeden düzdi, berkligini ýene bir ýola barlap gördi. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň islendik işde bolşy ýaly, sport ýaryşlarynda hem öňde durýan wezipeleriň oňyn çözgüdine örän jogapkärçilikli çemeleşýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Döwlet Baştutanymyzyň welosiped we awtomobil sürmekde ýokary netijeleri görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, ajaýyp inženerçilik tälimlerinden hem baş çykarýandygyny bellemelidiris. Bu tälimler bolsa sportuň şeýle tehniki görnüşlerinde ýokary netije gazanmaga ýardam edýär. Döwlet Baştutanymyz baryp çagalyk we ýetginjeklik ýyllarynda welosipedi abatlamak hem-de kämilleşdirmek boýunça uly tejribe toplady. Döwlet Baştutanymyz welosipediň hemişe gurat ýagdaýda bolmagyna aýratyn üns berýärdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýetginjeklik ýyllarynda awtomobil sporty bilen meşgullanyp başlady we hemişe sport awtoulagynyň tehniki ýagdaýyna aýratyn üns berdi. Çünki örän gurat ulagda ýokary netijeleri gazanmaga bil baglap bolýar.

Bularyň ählisi döwlet Baştutanymyzyň sportuň tehniki görnüşlerine uly gyzyklanma bildirýändigine şaýatlyk edýär. Şol bir wagtyň özünde milli Liderimiz öz ýoldaşlaryna welosipedi abatlamakda, ony bezemekde ýardam beripdir. Munuň özi milli Liderimiziň ýetginjeklik döwründe hem ýoldaşyňa goldaw bermek ýaly asylly ýörelgelere eýerip, ynsanperwer gatnaşyklaryň ösmegine öz goşandyny goşandygyny äşgär edýär.

...Hormatly Prezidentimiz ýaryşlaryň öňüsyrasynda ralli awtoulaglarynyň tehniki taýdan gözden geçirilmeginiň, bellenen halkara standartlaryna laýyklykda, sürüjileriň howpsuzlygy üçin ähli şertleriň üpjün edilmeginiň wajypdygyny belledi.

Milli Liderimiz ýaryşlaryň geçýän ugrunyň çylşyrymly şertlerini nazara alyp, ulagyň abatlyk derejesiniň ýokary bolmalydygyna, onuň berklik derejesine we güýjüne aýratyn ähmiýet berýär. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz sport ulagynyň daşky bezegine aýratyn üns berýär.

Awtosport merkezinde bolan mahalynda hormatly Prezidentimiz dürli kysymly sport awtoulaglaryny synlady, bu ulag serişdeleriniň tehniki aýratynlyklary, olaryň her biriniň kuwwatlylyk derejesi we özboluşlylygy hem-de ulaglaryň görkezýän tizligi barada gürrüň berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz özüniň çyzgylary esasynda täzeden düzülen sport awtoulagyny synap görmek maksady bilen, onuň ruluna geçdi. Milli Liderimiziň ogly Serdar Berdimuhamedow bolsa şturmanyň ornunda ýerleşdi. Şeýlelik bilen, hormatly Prezidentimiziň erk edýän sport ulagy Garagum sährasynyň jümmüşine tarap ýola düşdi.

Milli Liderimiz kuwwatly sport ulagyny ýokary tizlikde sürüp, bellenilen aralygy ussatlyk bilen geçmegi başardy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, islendik ýagdaýda çalt çözgüt kabul etmek hem-de hereket etmek sürüjiniň esasy endigi bolmalydyr. Şunda ulagy sürmegiň tehnikasyna düşünmek we ony duýmak, öwrümleri geçmegiň, bat almagyň hem-de ulagy saklamagyň düzgünlerini berjaý etmek wajypdyr.

“Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary astynda geçýän şu ýylda “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisiniň guralmagy, onuň ugry boýunça ylgaw ýaryşlarynyň we welosipedli ýörişiň geçirilmegi milli Liderimiziň asylly başlangyçlarynyň giň goldawa eýe bolýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.

Şeýlelikde, ýurdumyzda ýokary netijeli sport yzygiderli ösdürilip, türkmen türgenleri halkara derejesinde geçirilýän ýaryşlara yzygiderli gatnaşýarlar we ýokary netijeleri gazanýarlar. Munuň özi ýurdumyzyň ähli künjeklerinde sportuň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi ugrunda alnyp barylýan işleriň oňyn miwesini berýändigini alamatlandyrýar. Bu babatda döwlet Baştutanymyzyň nusgalyk görelde görkezmegi sportuň ähli görnüşleri, şol sanda awtomobil sporty bilen meşgullanmaga höwesekleriň sanynyň yzygiderli artmagyny şertlendirýär. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň fewral aýynda hormatly Prezidentimiz “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisiniň taýýarlyk işlerine we onuň ugry boýunça geçirilýän ylgaw ýaryşlaryna hem-de welosipedli ýörişe ak pata berdi. Şeýle hem şol gün döwlet Baştutanymyz özüniň sport ulagynda bu ugruň başlanýan ýerinde, çylşyrymly çöl şertlerinde menzil aşdy.

Tutuş ýurdumyzy gurşap alýan ylgaw hem-de welosiped ýaryşlaryna milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň diňe bir badalga bermän, eýsem, oňa gatnaşmagy bu çäreleriň ähmiýetini has-da artdyrdy. Halkara awtoralliniň guralmagy sportuň bu görnüşiniň giňden wagyz edilmegine hem-de onuň iri möçberli ýaryşlary kabul edip bilýän ýurt hökmünde Türkmenistanyň dünýä derejesindäki abraýyny berkitmäge ýardam eder. Munuň şeýledigini geçen ýylyň sentýabrynda uly üstünlik bilen geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary görkezdi.

Ine, bu gün hem döwlet Baştutanymyz ýolsuz ýerlerde ýaryş awtoulagyny dolandyrmagyň ussatlygyny görkezdi. Hormatly Prezidentimiz bellenilen aralygy geçip, çylşyrymly dolandyrylýan ýagdaýynda mümkin bolan iň ýokary tizlikde öwrümleri geçmegi başarmakda ulagy sürmegiň owadan tilsimini görkezdi.

Häzirki döwürde “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisine taýýarlyk görmegiň çäklerinde onuň geçjek ugrunyň birnäçe künjeklerinde düşelgeleri ýerleşdirmek, olarda zerur bolan şertleri üpjün etmek boýunça ýörite meýilnama taýýarlanyldy. Halkara awtorallisine gatnaşjak toparlar bellige alynýar, olary garşylamak, ýaryşlary guramak boýunça degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Häzirki döwürde “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisine gatnaşmaga daşary ýurtlaryň 40-a golaý topary öz gyzyklanmalaryny mälim etdiler.

Bu halkara awtomobil ýaryşynyň geçjek ugry hem-de onuň badalgasy we pellehanasy anyk kesgitlenip, bu ýerlerde guraljak köpçülikleýin medeni çäreleriň maksatnamasy taýýarlanyldy.

Mundan başga-da, “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisine gatnaşjak türkmen toparlarynyň türgenleşik işleri bilen bir hatarda toparyň agzalary üçin ýörite okuw maslahatlary guralýar. Şeýle hem bu ýaryşlara hyzmat etjek meýletinçiler toparlary kesgitlenildi. Häzirki wagtda olar ýörite okuwlary geçýärler. Bularyň ählisi halkara ýaryşlaryna ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmäge toplumlaýyn çemeleşmegiň nobatdaky subutnamasydyr.

Şu ýylyň maý aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Amul — Hazar 2018” awtorallisine ak pata berdi. Şonda bu ugur boýunça geçiriljek halkara ýaryşa Türkmenistandan gatnaşjak ýygyndy toparlar kesgitlenildi. Olaryň hatarynda Içeri işler ministrliginiň Sport ulag merkeziniň hem-de Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasynyň wekilleri bar.

Şol gün eminler toparynyň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyza ýaryşyň geçjek ugurlary barada hasabat berdi, ýoldaky bellikleri beýan etdi hem-de ýörite kartada bellenilen öwrümleriň arasyndaky aralyklar barada habar berdi. Nygtalyşy ýaly, Garagum sährasynyň ekologiýa ýagdaýyny saklamak awtomobil sporty ýaryşlaryny geçirmegiň baş şertidir. Şunuň bilen baglylykda, halkara awtorallisiniň saýlama tapgyrlaryna gatnaşýan awtoulaglaryň ekologiýa ölçegleriniň ýokary derejesi barada habar berdi.

Ýeri gelende aýtsak, golaýda Moskwada “Amul — Hazar 2018” taslamasynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi. Bu taslama bilen “Africa Eco Race 2019” görkezilişiniň çäklerinde belli fransuz türgeni, Formula-1 we sport awtoulaglary toparynda dünýä ýaryşlaryna gatnaşyjy Žan-Lui Şlesser giň köpçüligi tanyşdyrdy.

Bu çärä Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşyp, – ýurdumyzyň Awtomobil sporty federasiýasynyň wekilleri bu ýere ýygnananlary guramaçylyk derejesi, bäsleşigiň geçjek ugurlary, oňa gatnaşýanlaryň nawigasiýa we beýleki serişdeler bilen üpjünçiligi bilen tanyşdyrdylar. Munuň özi dünýäniň awtomobil sportunyň muşdaklary we bu ugurda iş alyp barýan hünärmenleri üçin milli Liderimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda guralýan geçiriljek ýaryşlar barada giňişleýin maglumat almaga mümkinçilik döretdi.

Žan-Lui Şlesseriň belleýşi ýaly, Türkmenistanda awtoralliniň geçirilmegi sportuň bu görnüşiniň giňden wagyz edilmegine, sagdyn durmuş ýörelgesiniň kemala getirilmegine, dünýäniň dürli künjeginden gelýän myhmanlary ülkäniň baý tebigaty, medeni we taryhy mirasy bilen tanyşdyrmaga ýardam berer. Ol şeýle hem bu sport wakasynyň köp sanly tomaşaçylaryň we janköýerleriň uzak wagtlap ýadynda galjakdygyna hem-de awtomobil sportunyň öňe ilerlemegine ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Mundan başga-da, Milli sport we syýahatçylyk institutynda dabaraly maslahat boldy. Ol “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisiniň saýlama tapgyryna badalga bermegine bagyşlandy.

Maslahat dabaraly pursatlardan başlandy — awtomobil sportunda ajaýyp üstünlikleri, dürli ýaryşlarda ajaýyp çykyşlary hem-de tutuşlygyna türkmen sportunyň ösdürilmegine uly goşandy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa sylaglaryň gowşurylýandygy yglan edildi.

Şol sylaglaryň hatarynda Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasynyň hem-de Içeri işler ministrliginiň Sport ulag merkezi tarapyndan Türkmenistanyň dört gezek çempiony, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisiniň saýlama tapgyrynyň çäklerinde 2018-nji ýylyň 12-nji maýynda geçirilen awtoralli ýaryşynda sport awtoulagyny ussatlyk bilen dolandyryp, ýokary netijeleri görkezendigi üçin awtomobil sporty boýunça “Türkmenistanyň sport ussady” diýen adyň sertifikaty berildi.

Milli Liderimize şeýle hem awtomobil sportunda görkezen ussatlygy, tejribesi we maksada okgunlylygy üçin Ýeňijiniň Kubogy hem-de “Amul — Hazar 2018” halkara awtoralli ýaryşynyň çäklerinde 2018-nji ýylyň 12-nji maýynda geçirilen awtoralli ýaryşynda sport awtoulagyny ussatlyk bilen dolandyryp, bellenen aralygy ýokary tizlikde geçendigi üçin “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisine gatnaşmaga hukuk berýän sertifikat gowşuryldy.

Milli Liderimiz şeýle hem sport ulagynda halkara ralliniň saýlama tapgyrynda bellenilen aralygy geçen mahaly geýen lybasyny Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň täze binasynda ýerleşjek muzeýine sowgat hökmünde gowşurdy. Bu sowgat muzeýde aýratyn gymmatlyk hökmünde görnükli ýerde ýerleşdiriler.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda iri sport ýaryşlaryny geçirmek üçin hemme zerur şertleriň döredilmegine aýratyn ähmiýet berip, olara sebitde we dünýäde parahatçylygyň we dostlugyň pugtalandyrylmagyna ýardam berip bilýän, halklary we medeniýetleri jebisleşdirýän çäreleriň derejesinde ähmiýet berýär. Döwlet Baştutanymyzyň başyny başlan we eýýäm giň halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çeken giň möçberli “Amul — Hazar 2018” çäresi bu işlere, gürrüňsiz, aýratyn itergi berer.

“Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip atlandyrylan şu ýylda ýurdumyz özüniň bu gadymy ýoluň möhüm çatrygy hökmündäki ornuny gaýtadan dikeldýär. Bu sport çäreleri ynsanperwer gatnaşyklarynyň, tutuş sport ulgamynyň ösdürilmegine ýardam berer.

Sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary bolan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen ýaşlaryna we ähli watandaşlarymyza ruhlandyryjy nusga görkezip, sportuň dürli görnüşleri — at münmek, welosiped we awtomobil sürmek, gündogaryň başa-baş söweşleri, sportuň oýun görnüşleri, ylgamak, tennis we beýlekiler bilen meşgullanyp, işiniň köpdügine garamazdan, beden maşklaryny ýerine ýetirmäge hökman wagt tapýar. Türkmenistanyň Milli olimpiýa komitetiniň Prezidenti — döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sporty ösdürmäge goşan goşandy üçin Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň ýokary sylagyna — Hormat ordenine mynasyp boldy. Milli Liderimiz şeýle hem karate, taekwondo boýunça we sportuň beýleki görnüşlerinde ýokary danlaryň gara guşaklarynyň eýesi bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen, Beýik Ýüpek ýolunyň döwrebap derejede dikeldilmegi ugrunda ýurdumyzda halkara ähmiýetli ägirt uly işler amala aşyrylýar. Şeýle ýokary derejedäki geçirilýän sport ýaryşlary Türkmenistan bilen dünýäniň dürli ýurtlarynyň arasynda dostluk gatnaşyklarynyň netijeli häsiýetini şertlendirýär.

“Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisini guramak boýunça döwlet derejesinde alada edilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parahatçylygyň we dostlugyň ilçisi hökmünde sportuň ornuny ýokarlandyrmaga tutanýerli çemeleşýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter