Galla oragynyň depginleri: Lebap welaýaty | TDH
Ykdysadyýet

Galla oragynyň depginleri: Lebap welaýaty

опубликованно 23.06.2018 // 580 - просмотров
 

Amyderýa jülgesinde bugdaý oragy güýçli depginler bilen dowam edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň, şol sanda Lebap welaýatynyň oba hojalygynyň mehanizasiýa derejesini ýokarlandyrmak baradaky yzygiderli aladalary netijesinde möwsüme başlamagyň öňüsyrasynda gündogar sebitiň däne ýygyjy kombaýnlarynyň üsti täze tehnikalar bilen artdyryldy. Munuň özi däne oragynyň depginlerini ep-esli güýçlendirip, ýetişdirilen hasylyň ýitgisiz ýygnalmagyny gazanmaga mümkinçilik berdi.

Meýdanlarda özüni oňat görkezen “John Deere” we “Claas” kombaýnlarynyň kömegi bilen däne ekilen meýdanyň 150 müňden gowrak gektaryndan bugdaý ýygnaldy. Möwsümiň başyndan bäri welaýatyň daýhanlary ammarlara we elewatorlara azyklyk bugdaýyň 200 müň tonnadan gowragyny iberdiler.

Daýhanlaryň hemme tagallalary ýetişdirilen ähli hasyly iň soňky dänesine çenli ýitgisiz ýygnap almaga gönükdirilendir.

Darganata etrabynyň daýhanlary oňat netijeler gazanýarlar. Olar döwlete bugdaý satmak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny 90 göterimden gowrak ýerine ýetirdiler.

Bu etrabyň daýhan birleşikleriniň üçüsiniň - “Watan”, “Türkmenistan” we Magtymguly adyndaky daýhan birleşikleriniň ýer eýeleri bugdaý taýýarlamak baradaky wezipäni welaýatda ilkinjiler bolup berjaý etdiler hem-de döwlete meýilnamadan artyk bugdaý tabşyrmagy dowam edýärler.

Häzirki günlerde Çärjew we Farap etraplarynyň daýhanlary öňdäki orunlary saklaýarlar. Olaryň iň oňat kärendeçi toparlary bugdaýly meýdanlaryň hasyllylygyny artdyrmakda ýokary sepgitlere ýetip, ekin meýdanlarynyň her gektaryndan ortaça 50 sentnere golaý saýlama bugdaý aldylar.

Häzir welaýatyň bugdaýdan boşan meýdanlarynda sürüm hem-de aralyk ekinleri, ilkinji nobatda, şaly we gök önümleri ekmek işleri doly güýjünde barýar.

Şu ýyl möhüm azyk önümi bolan şaly 10 müň gektardan gowrak meýdanda ekiler, lebaplylar şonça meýdandan döwlete bu “merjen dänäniň” 50 müň tonna golaýyny satmagy maksat edinýärler.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter