Resmi habarlar 27-nji Mart | TDH
Resminamalar

Resmi habarlar 27-nji Mart

опубликованно 27.03.2015 // 998 - просмотров
 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli medeniýetimizi mundan beýläk-de ösdürmek, Garaşsyz döwletimizde kitaphana işini häzirki zaman şertlerinde guramak, raýatlara edilýän kitaphana hyzmatlaryny has-da kämilleşdirmek we ýurdumyzyň ýaşlarynyň ylymly, bilimli bolmaklary üçin zerur şertleri döretmek, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýylyň 16-njy awgustynda çykaran 13171-nji kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligine garamagyndaky welaýat, etrap we şäher merkezi kitaphanalarynda bitewi elektron kitaphana ulgamyny döretmek we onuň bilen bagly zerur enjamlary, serişdeleri, programma üpjünçilik önümlerini satyn almak, gurnamak hem-de merkezi kitaphanalaryň arasyndaky aragatnaşygy üpjün etmek, hünärmenleri ýörite taýýarlamak barada “Nokat kompýuter” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Işlere 2015-nji ýylyň aprel aýynda başlamak we bitewi elektron kitaphana ulgamyny 2016-njy ýylyň iýun aýynda işe girizmek bellenildi.

***

“Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurdumyzda kärhanalaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak we bazar gatnaşyklary üçin amatly şertleri döretmek, şeýle hem Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ulag ulgamynyň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi, Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy Gullugyň garamagyndaky Türkmen deňiz söwda floty müdirliginiň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgedip, ony “Deňiz söwda floty” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine bellenen tertipde öwürmäge borçly edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taganow Pälwan Gylyçdurdyýewiçe berk käýinç yglan edildi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter