Resmi habarlar 20-nji Mart | TDH
Resminamalar

Resmi habarlar 20-nji Mart

опубликованно 20.03.2015 // 1177 - просмотров
 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek, döwletiň we jemgyýetiň durmuş-ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna ýaşlaryň doly hukukly gatnaşmagy üçin has oňaýly şertleri döretmek hem-de ýaşlarda ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek, watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, zähmete söýgini terbiýelemek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2015-2020-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasy tassyklanyldy.

Degişli ministrlikler, pudak edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2015-2020-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň taslamasyny 2015-nji ýylyň 1-nji iýulyna çenli taýýarlamaly we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

***

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda oba hojalygyny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini mundan beýläk-de artdyrmak hem-de ygtybarly azyk bolçulygyny döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligine, Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşigine, Balkan we Mary welaýatlarynyň häkimliklerine Balkan we Mary welaýatlarynyň daýhan birleşiklerinde önümçiligi we ekin dolanyşygyny agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ylmy esasda ýola goýmak bilen, gant şugundyrynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter