Resmi habarlar 27-nji Fewral | TDH
Resminamalar

Resmi habarlar 27-nji Fewral

опубликованно 27.02.2015 // 844 - просмотров
 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ilata edilýän jemagat hyzmatlaryny halkara ölçeglerine laýyk guramak, bu ugur boýunça ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak, şeýle hem Aşgabat şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrligine Aşgabat şäheriniň Abadan etrabynda häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen 2 000 orunlyk Türkmenistanyň Jemagat hojalygy institutynyň binalar we desgalar toplumynyň taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada “Aga gurluşyk” hususy kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2015-nji ýylyň mart aýynda başlamak hem-de binalar we desgalar toplumyny 2017-nji ýylyň awgust aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

***

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalygynda alnyp barylýan düýpli özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmak, oba hojalyk önümlerini öndürijileriň ýerden ýokary hasyl öndürmek ugrunda alyp barýan işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de oba hojalyk ekinlerini kesellerden we zyýankeşlerden goramak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligine 2015-nji ýylyň hasyly üçin ekilen bugdaýy we şu ýylyň hasyly üçin ekiljek gowaçany ösdürip ýetişdirmekde, şeýle hem çekirtgä garşy ulanylýan himiki serişdeleri satyn almak barada şertnamalary;

“Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigine bugdaý we şaly kombaýnlary hem-de sürüm traktorlary üçin ätiýaçlyk şaýlary, tigirleri, çalgy ýaglaryny we sarp ediş serişdelerini satyn almak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata-babalarymyzyň mähriban enelerimize we eziz uýalarymyza hormat goýmakda asylly däplerini dowam etdirmek hem-de “Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň aýal-gyzlaryna pul sowgatlaryny bermek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2011-nji ýylyň 25-nji fewralynda çykaran 11535-nji kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli kärhanalarda, edaralarda we guramalarda işleýän aýal-gyzlara, pensiýa we döwlet kömek puluny alýan aýal-gyzlara, önümçilikden aýrylmak şerti bilen aspiranturada, doktoranturada we kliniki ordinaturada okaýan aýal-gyzlara, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň iki okuw ýylyndan az bolmadyk möhletli okuwlarynyň diňleýji aýal-gyzlaryna, talyp gelin-gyzlara, orta mekdeplerde okaýan we mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän gyzlara 2015-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli 40 manat möçberde pul sowgatlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmak bellenildi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter