Resmi habar 19-nji Fewral | TDH
Resminamalar

Resmi habar 19-nji Fewral

опубликованно 19.02.2015 // 878 - просмотров
 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň agzybirliginiň we döwletimiziň Garaşsyzlygynyň hem-de Bitaraplygynyň nyşany bolan Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň şan-şöhratyny has-da belende götermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimliklerine Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň her birinde beýikligi 100 metr bolan Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň bir sany sütüniniň taslamasyny düzmek we olary ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada degişli ýerli kärhanalar bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2015-nji ýylyň mart aýynda başlamak we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň sütünlerini Lebap, Mary welaýatlarynda 2015-nji ýylyň iýun aýynda, Daşoguz welaýatynda 2015-nji ýylyň iýul aýynda, Balkan welaýatynda 2015-nji ýylyň awgust aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter