Resmi habarlar 6-njy Fewral | TDH
Resminamalar

Resmi habarlar 6-njy Fewral

опубликованно 06.02.2015 // 879 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Suleýmanmyrat Altyýewiç Guladow Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktorynyň orunbasary wezipesine bellenildi.

***

Ýurdumyzda öndürilýän derini, ony gaýtadan işlemekden alynýan göni, güýz gyrkymyndan alnan ýüňi doly möçberde ulanmak, eksport edilýän önümleriň görnüşini we möçberini düýpli artdyrmak, şeýle hem bu önümleriň daşary ýurtlara ýerlenilmegini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan edara görnüşli taraplara we hususy telekeçilere deri çig malynyň ähli görnüşlerini, derini ilkinji gezek gaýtadan işlemekden alynýan göni hem-de güýz gyrkymyndan alnan ýüňi daşary ýurtlara bellenen tertipde ýerlemäge ygtyýar berildi.

Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligine, Döwlet maldarçylyk birleşigine Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

***

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda” nebitgaz toplumynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek, “Türkmengaz” döwlet konserniniň işgärleriniň iş şertlerini gowulandyrmak, şeýle hem Aşgabat şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmengaz” döwlet konsernine Aşgabat şäheriniň Oguzhan köçesiniň ugrunda “Gazygaýtadanişleýiş” müdirliginiň edara binasynyň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada “Dowamat” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2015-nji ýylyň fewral aýynda başlamak hem-de binany 2015-nji ýylyň dekabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

***

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ýaşlarymyzyň ylymly, bilimli nesiller bolup ýetişmeklerini we dünýä ylmynyň gazananlaryna mynasyp goşant goşmaklaryny üpjün etmek, ylmyň gazananlaryny we oýlap tapyşlary milli ykdysadyýetimize ornaşdyrmak, ylymda halypa we şägirt ýörelgelerini rowaçlandyrmak, Watana, halka wepaly, giň gözýetimli, ruhubelent, maksada okgunly, zähmetsöýer ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, häzirki zaman tehniki enjamlaryndan oňat baş çykarýan, başarjaň hünärmenleri taýýarlamakda has ýokary netijeleri gazanmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde her ýyl Ylymlar güni mynasybetli ylmyň ähli ugurlary we tehnologiýalar babatda Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşigi geçirmek tabşyryldy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter