Resmi habarlar 4-nji Fewral | TDH
Resminamalar

Resmi habarlar 4-nji Fewral

опубликованно 04.02.2015 // 932 - просмотров
 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek, şeýle hem Aşgabat şäheriniň Arçabil we Çandybil etraplarynyň birikdirilmegi bilen baglylykda Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aşgabat şäheriniň Arçabil etrabynyň we Çandybil etrabynyň häkimliklerini goşup, olaryň binýadynda Aşgabat şäheriniň Arçabil etrabynyň häkimligi döredildi.

Aşgabat şäheriniň Arçabil etrabynyň häkimliginiň gurluşy tassyklanyldy.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kapary bilen, Atamyrat Gurbandurdyýewiç Rejepalyýew Aşgabat şäheriniň Arçabil etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kapary bilen, Sülgünjemal Amanmämmedowna Orazowa Aşgabat şäheriniň Arçabil etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kapary bilen, Jumamuhammet Ýusupow Aşgabat şäheriniň Arçabil etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter