Halkymyzyň abadançylygy durmuş ugurly syýasatyň baş maksadydyr | TDH
Jemgyýet

Halkymyzyň abadançylygy durmuş ugurly syýasatyň baş maksadydyr

опубликованно 17.07.2018 // 1028 - просмотров
 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň strategiýasynda döwletimizi dünýäniň kuwwatly ýurtlarynyň hataryna çykarmak, halkymyzyň hal — ýagdaýyny has-da gowulandyrmak wezipeleri goýulýar.

Bu maksada ýetmek boýunça ädilýän ädimler milli Liderimiziň durmuşa geçirýän özgertmeleriniň ählisiniň esasyny, raýatlarymyzyň mynasyp durmuşyny we netijeli zähmet çekmegini üpjün etmek, milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek wezipeleri düzýär. Bu ulgamyň esasy maksady bolsa ýurdumyzyň baş baýlygy bolan halkymyzyň saglygyny goramakdan ybaratdyr.

“Saglyk” döwlet maksatnamasynyñ esasy wezipeleriniň biri hem saglygy goraýyş ulgamynyň ilkinji halkasynda edilýän işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, maşgala lukmançylygyny has kämil derejä ýetirmek bolup, häzirki wagtda ilata berilýän saglygy goraýyş hyzmatlary pudak ylymynyň we tehnikanyň soňky gazananlary bilen enjamlaşdyrylan döwrebap saglyk öýlerinde doly ýola goýuldy.

Bu maksatnamany amala aşyrmakda durmuş ugurly syýasat bilen utgaşyklykda has ýokary netije gazanylýar. Jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek, bedenterbiýe — sagaldyş hereketini, häzirki zaman saglyk düzümini ösdürmek şol syýasatyň esasy ugry bolup durýar. Saglygy goraýyş düzümi özüne lukmançylyk edaralary bilen birlikde şypahana we sport ulgamyny hem-de syýahatçylygy birleşdirýär. Bularyň ählisi saglygyň iň uly gymmatlyk hökmünde ykrar edilýän jemgyýeti kemala getirmäge gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny innowasiýa ýoly bilen ösdürmegiň binýatlaýyn esasy hökmünde ýurdumyzyň lukmançylyk ylmyny dünýä derejesine çykarmaga aýratyn üns berýär.

Bu babatda paýtagtymyzyň ilkinji lukmançylyk – sanitariýa kömegini bermek ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy bellenilmäge mynasypdyr. Onuň oňyn tejribesi ýurdumyzyň sebitlerinde ambulatoriýa gulluklaryny kämilleşdirmek üçin esas bolup hyzmat edýär.

Häzirki wagtda saglyk öýleri toplumlaýyn öňüni alyş işine, ilata lukmançylyk kömeginiň berilmegini üpjün edýärler. Raýatlarymyza ýaşaýan ýeri boýunça ýokary derejeli lukmançylyk kömegini almaga mümkinçilik berilýär. Aşgabatda döredilýän täze ýaşaýyş toplumlarynyň her birinde şäher giňişligini ösdürmäge bildirilýän esasy talap bolup durýan ösen durmuş düzüminiň möhüm desgalary hökmünde saglyk öýleriniň gurulmagy göz öňünde tutulýar.

“Saglyk” döwlet maksatnamasynyñ kabul edilen döwründe Aşgabat şäherinde saglyk öýleriniň 9-sy hereket eden bolsa, şu günde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen saglyk öýleriniň sany 16-a ýetdi. 2017-nji ýylda paýtagtymyzda şeýle edaralaryň üçüsi ulanmaga berildi. Olaryň hatarynda Parahat — 7 ýaşaýyş toplumyndaky 14-nji, Ankara köçesiniň ugrundaky 15-nji, Gurtly ýaşaýyş toplumyndaky 16-njy saglyk öýleri bar. Täze zaman ýaşaýyş toplumynda Aşgabat şäher 13-nji saglyk öýüniň 2 täze şahamçasy açyldy. Häzirki wagtda paýtagtymyzda täze saglyk öýleriniň ýene-de 5-siniň gurulmagy meýilleşdirilýär.

Soňky ýyllarda işe girizilen saglyk öýleri saglygy bejeriş – öňüni alyş edaralaryny maşgala lukmançylygynyň täze derejesine çykarmagyň hem-de ilatymyzy döwrebap lukmançylyk kömegi bilen üpjün etmegiň aýdyň nusgalary bolup durýar.

Häzirki döwürde Aşgabadyň saglyk öýleriniň lukmanlarynyň ygtyýarynda dünýäniň esasy lukmançylyk tehnikalaryny öndürýän kompaniýalaryň öňdebaryjy enjamlary bar. Ilaty saglygy goraýyş kömegi bilen üpjün etmäge ähli mümkinçiligi bolan bu saglyk öýleri maşgala lukmanynyň torbasynda ýerleşýän birnäçe ykjam anyklaýyş enjamlary bilen üpjün edilendir. Olar düwünçek jübi dopler enjamy, ykjam ultrases barlag enjamy, elektrokardiografiýa, dermatoskop, dinamometr, otoskop, oftalmoskop, glýukometr we beýleki enjamlardyr. Bu enjamlaryň kömegi bilen maşgala lukmanlary barlag we anyklaýyş işlerini doly derejede geçirip bilýärler.

Häzirki wagtda öňdebaryjy tehnologiýalaryň keseli anyklamaga we bejermäge raýatlaryň ýaşaýyş ýerlerine ýakynlaşdyrylmagy hem-de şu esasda toplumlaýyn maglumat ulgamynyň döredilmegi Türkmenistanda saglygy goraýşyň esasy guramaçylyk ugurlarynyň biri bolup durýar.

Türkmenistanyň häzirki zaman lukmançylygynyň strategiýasy, bir tarapdan, sagdyn adamlaryň arasynda keselleriň öňüni alyş çärelerini geçirmäge, beýleki bir tarapdan bolsa, keselleri öz wagtynda ýüze çykarmaga hem-de ýokary hilli lukmançylyk kömegini bermäge gönükdirilendir. Bu wezipeleri çözmek saglygy goraýşyň ilkinji böleginden – maşgala lukmançylygyndan, sanitariýa — aň-bilim işiniň hilini ýokarlandyrmakdan başlanýar.

Maşgala lukmanlary şepagat uýalary bilen bilelikde öz hyzmat edýän maşgala meýdançalarynyň ýaşaýjylarynyň arasynda Saglyk öýlerinde ýa-da öý şertlerinde öňüni alyş, keselleri anyklaýyş we beýleki lukmançylyk çärelerini, şol sanda dogry iýmitlenmegi, sagdyn durmuş ýörelgelerini, sport bilen meşgullanmagy wagyz etmek, ilata zyýanly endikleriň howply täsiri babatda maglumatlary bermek boýunça çäreleri geçirýärler, şeýle hem olar zerur bolan halatynda dürli inçe ugurly hünärmenleri maslahata çagyrýarlar.

Häzirki wagtda dürli hyzmatlary hödürleýän saglyk merkezleriniň uly ulgamy bar. Raýatlarymyz bolsa köp halatda ýaşaýan ýerleri boýunça keseli anyklamakdan başlap, ony bejermäge çenli ýokary hünärli kömegi doly möçberde almak isleýärler. Munuň özi wagty tygşytlamaga mümkinçilik berýär we adamlara has amatlydyr. Maşgala lukmanynyň gözegçiligi we maslahatlary esasynda alnyp barylýan saglygy bejermek işleri terapewtiki çäreleriň dürli görnüşlerini almak mümkinçiligini göz öňünde tutýar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, lukmançylyk tehnologiýalarynyň yzygiderli täzelenmegini, kämil ylmy açyşlary, bütin dünýäde keselleriň aýratynlyklarynyň üýtgemegini nazara almak bilen, ilata edilýän lukmançylyk hyzmatyny mundan beýläk-de gowulandyrmak diňe saglygy goraýyş ulgamynyň innowasion ösüş şertlerinde, ýagny iş tejribesine yzygiderli ornaşdyrylýan öňdebaryjy işläp taýýarlamalaryň hem-de usullaryň esasynda mümkin bolýar. Şeýle hem iň gowy halkara tejribesini nazara almak bilen, bu ulgamda häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda kemala getirilen strategiki çemeleşme wajypdyr.

2013-nji ýylyň dekabr aýynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) gatnaşmagynda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olar bilen göreşmek maksady bilen, “Saglyk — 2020” syýasatynyň çäginde paýtagtymyzda geçirilen Ýewropa ýurtlarynyň saglygy goraýyş ministrleriniň maslahatynda Aşgabat jarnamasy kabul edilip, temmäkä garşy göreş, artykmaç agramlylyga garşy öňüni alyş çäreleri geçirmek bilen ýokanç däl keselleriň öňüni almagyň zerur ugurlary işlenip düzüldi.

Bu maksatnama BSGG-niň ýörelgelerini göz öňünde tutmagyň esasynda ýurdumyzda her bir raýatyň saglygyny pugtalandyrmaga hem-de onuň üçin amatly durmuş-ykdysady, ekologiýa we beýleki şertleri hem-de mümkinçilikleri döretmäge gönükdirilendir.

Aşgabatda şeýle wekilçilikli forumyň geçirilmegi Türkmenistanyň halkara giňişliginde abraýynyň barha artýandygynyň hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän oňyn döredijilikli syýasatynyň giň goldawa eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Maslahat şeýle hem dünýä bileleşiginiň Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda gazanýan üstünliklerine ägirt uly gyzyklanma bildirýändiginiň, milli Liderimiziň bu ileri tutulýan ulgamda netijeli sebit we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek işine goşýan saldamly goşandynyň ykrarnamasyna öwrüldi.

Ýurdumyzda her bir raýat üçin ýokary hilli we netijeli umumy ugurly hem-de ýöriteleşdirilen bejeriş kömeginiň elýeterli bolmagyny gazanmak üçin uly tagalla edilýär. Ilatymyza ýürek-damar, onkologiýa, endokrinologiýa, pulmonologiýa we beýleki aýry-aýry ugurlarda ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş kömegini bermegiň maksatnamalary durmuşa geçirilýär.

Şeýle-de 2018-nji ýylyň mart-aprel aýlarynda ýokanç däl keselleriň öňüni almak boýunça alnyp barylýan işlere baha bermek üçin Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň tekliplerine laýyklykda, ilatyň arasynda “STEPS” barlagy geçirildi.

Bu barlagda ilatyň arterial gan basyşyny ölçemek, boýuny, agramyny ölçemek,fiziki işjeňligine we miweleriň, gök önümleriň gündelik iýilýän möçberine baha bermek işleri geçirildi. Bu barlaglaryň netijeleri ýokanç däl keselleriň öňüni almakda oňyn netijeleriň gazanylýandygyny görkezýär.

2016-njy ýylyň 1-nji iýulyndan şu güne çenli ýurdumyzyň işleýän raýatlary köpçülikleýin saglygy goraýyş barlaglaryndan geçirilýär. Bu bolsa ilatyň arasynda keselleriň öňüni almakda we olary wagtynda ýüze çykarmakda, ilatymyzy ýokary derejeli saglygy goraýyş hyzmatlary bilen üpjün etmekde, olaryň saglygyny goramakda we dikeltmekde uly ýardam berýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyñ “Türkmenistanyñ dermanlyk ösümlikleri” we “Çaý — melhem hem ylham” atly kitaplary diňe bir lukmanlaryň ýankitaby bolman, eýsem, halk kőpçüligi üçin hem gymmatly ylmy çeşmä, ygtybarly gollanma őwrüldi.

Dermanlyk ösümlikleriň adam bedenine täsiri has oňaýlydyr, näsagyň ýagdaýyna, onuň ýaşyna we ugurdaş keselleriň bardygyna baglylykda ösümlikleri seçip almak mümkindir. Himiýa serişdeleriniň we fitoserişdeleriň utgaşdyrylyp rejeli ulanylmagy näsagyň saglygyny dikeltmekde aýratyn netijelidir.

Häzirki wagtda saglygy goraýyş edaralarynda milli Liderimiziň bu ajaýyp kitaplarynda beýan edilýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan çaýlary hödürleýän fitobarlar hereket edýär.

“Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary asynda geçýän şu ýylda guralýan ähli medeni-köpçülikleýin we sport çäreleri sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge ýardam edýär. Lukmanlaryň bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek boýunça amala aşyrýan işleri türkmenistanlylary yzygiderli guralýan welosipedli ýörişler, köpçülikleýin ylgaw ýaryşlaryna, Saglyk ýolundan geçmek ýaly çärelere çekmäge hem gönükdirilendir.

Döwletimizde eneleriň we çagalaryň saglygy aýratyn üns merkezinde saklanýar. Ýurdumyzda göwreli eneleriñ we çagalaryñ saglygyna döwlet tarapyndan mugt seredilýär. Maşgala lukmançylygy ýörelgesiniň giňden ornaşdyrylmagy, mekdeplerde, mekdebe çenli çagalar edaralarynda we bilim ojaklarynda, şeýle-de dürli ugurdaky edara-kärhanalarda möwsümleýin lukmançylyk barlaglarynyň geçirilmegi, ýokanç kesellere garşy öňüni alyş sanjymlarynyň ilata mugt edilmegi birnäçe keselleriň soňuna çykylmagyna ýardam etdi. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen bilelikde maşgala lukmanlarynyň çagalara we ululara keseliň öňüni alyş sanjymlary baradaky Milli maksatnamalary ýerine ýetirmegiň netijesinde ýokanç keseller bilen kesellemek azaldy.

”Howpsuz enelik”maksatnamasy, kiçi agramly doglan çagalaryň idegini gowulandyrmak maksady bilen Türkmenistanda sebitleşdirilen perinatal lukmançylyk kömeginiň sazlaşykly işlemegini gazanmak ýaly dünýäniň ösen ýurtlarynda hereket edýän enelere we çagalara örän bähbitli ugurlarda düýpli işler amal edildi.

“Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goramak hem-de wagyz etmek we çaga iýmit önümlerine bildirilýän talaplar hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi biziň ýurdumyzda eneleriň we çagalaryň saglygy döwlet derejesinde üns merkezinde saklanylýandygyny subut edýär.

Gökderedäki hereket edýän 14 sany çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleri her tapgyrda 7 müňden gowrak çagany kabul edýär. Merkezleriň ählisinde zerur derman serişdeleri bilen doly üpjün edilen saglyk otaglary döredildi.

Olarda ýörite taýýarlanan kärine kämil lukmanlar we şepagat uýalary hem-de “Tiz kömek” ulaglary gije-gündiziň dowamynda nobatçylyk edip, çagalaryň saglygynyň sakasynda durýarlar. Şeýle-de çagalara inçe hünärli lukmanlar tarapyndan öňüni alyş barlaglary geçirilýär we näsag çagalara degişli maslahatlar, gerek bolan ýagdaýynda bejergiler berlip, gözegçilikde saklanýar.

Döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasy boýunça göz öňünde tutulan ýeňillikleriň göwrümi has hem giňeldi. “Saglyk” döwlet maksatnamada ätiýaçlandyrylan raýatlar we olaryň eklenjinde bolanlar Saglyk öýleri tarapyndan derman serişdeleri bilen ýeňillikler boýunça üpjün edilýär, hassahana ýatyrtmakda we diş protezleri ýasatmakda ýeňillikler berilýär.

Şeýle-de ätiýaçlandyrylan raýatlara tölegli esasda geçirilýän saglygy goraýyş hyzmatlary 50 göterim ýeňillik bilen geçirmek, ýylda bir gezek ýurdumyzyň şypahanalarynyň birinde ýeňillik bilen dynç alyp, bejeriş işleri geçirmek, maşgala lukmany saýlamak rugsadyny bermek ýaly ýeňillikler bilen hem üpjün edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň karary esasynda 2012-nji ýylda Aşgabat şäheriniň saglygy goraýyş edaralarynyň ählisi elektron resminamalarynyň dolandyryş ulgamy boýunça işlemäge geçdiler. Ähli saglygy goraýyş edaralary Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi hem-de paýtagtymyzyň Saglygy goraýyş müdirligi bilen optiki-süýümli geçirijileriň üsti bilen baglaşdyryldy, şäheriň ýaşaýjylary saglygy goraýyş elektron kartlar bilen üpjün edildi.

Saglygy goraýyş işgärleri üçin ýörite okuw sapaklary guraldy, saglygy goraýyşyň dürli ugurlary boýunça ýörite programmalar düzüldi. Şeýlelikde, şu günki gün Aşgabat şäherinde elektron resminama dolandyryş ulgamy giňişleýin ornaşdyrylyp, güýçli depginde hereket edýär we geljekde ony kämilleşdirmek işleriniň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Türkmen lukmanlary dünýäniň ösen ýurtlaryna gidip, hünär kämilligini ýokarlandyrýarlar, halkara maslahatlaryna, okuw maslahatlaryna we beýlekilere gatnaşýarlar.

Şeýlelikde, soňky ýyllarda bu ulgam ösüş babatda hil taýdan täze derejä ýetirildi, saglygy goraýyş, keselleri bejeriş — öňüni alyş, anyklaýyş hem-de ylmy-kliniki merkezleriň köp şahaly edaralar ulgamy döredildi, lukmanlary taýýarlamak hem-de gaýtadan taýýarlamak ulgamy kämilleşdirildi, innowasion işläp taýýarlamalar hem-de ýokary tehnologiýalar ornaşdyryldy, ýokary derejeli lukmançylyk kömegine giň elýeterlilik üpjün edildi, lukmançylyk hyzmatlarynyň netijeliligi ýokarlandyryldy. Häzirki wagtda bu hyzmatlar ilatymyzyň isleglerine hem-de lukmançylyk ylmynyň öňdebaryjy gazananlaryna doly laýyk gelýär.

Milli saglygy goraýyş ulgamynyň ösdürilmegine, Watanymyzyň raýatlarynyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak hem-de saglygyny berkitmek maksady bilen bu ulgama maýa serişdelerini goýmaga hem-de innowasiýalary ornaşdyrmaga aýratyn üns berýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkymyzyň saglygynyň Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň esasy hereketlendiriji güýçleriniň biri bolup durýandygyny nygtaýar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter