Türkmenistan howa ulaglary arkaly üstaşyr ýük daşamakda hyzmatdaşlygyny artdyrýar | TDH
Ykdysadyýet

Türkmenistan howa ulaglary arkaly üstaşyr ýük daşamakda hyzmatdaşlygyny artdyrýar

опубликованно 28.06.2015 // 857 - просмотров
 

Şu gün 29-njy iýunda “Cargolux” awiakompaniýasy Lýuksemburg-Türkmenbaşy-Baku ugry boýunça görkezme uçuşyny ýerine ýetirer. 30-njy iýunda bolsa Türkmenbaşy şäherine hepdede 4 gezek, ýagny her hepdäniň 1-nji günlerinde Gonkong-Türkmenbaşy-Budapeşt ugry boýunça, hepdäniň 2-nji günleri Lýuksemburg-Türkmenbaşy-Taýbeý, hepdäniň 3-nji günleri Gonkong-Türkmenbaşy-Wena, hepdäniň 6-nyj günleri Lýuksemburg-Türkmenbaşy-Taýbeý ugurlary boýunça yzygiderli ýük daşamak uçuşlaryny amala aşyrmaga başlar.

“Cargolux” awiakompaniýasy Ýewropada howa arkaly ýük daşamakda iri kompaniýa bolup, 2014-nji ýylda 10 göterimden gowrak ösüş depgini bilen dünýäde 7-nji orny eýeleýär hem-de 60-dan gowrak ugurlar boýunça yzygiderli we dünýäniň köp şäherlerine ýörite uçuşlary ýerine ýetirýär.

Bu awiakompaniýanyň Türkmenistan bilen gatnaşyklary 2009-njy ýyldan bäri ýola goýuldy. Şu döwrüň içinde Türkmenbaşy şäheriniň halkara howa menziliniň üstaşyr geçirmek mümkinçiligine hemmetaraplaýyn baha berildi. Kompaniýanyň wekilleriniň beýan edişi ýaly, geografik we ykdysady nukdaýnazaryndan Türkmenbaşy şäheriniň howa menzili üstaşyr we täjirçilik uçuşlary, şeýle hem ýangyç guýyp geçmäge we Merkezi Aziýada iri ýük we logistika merkezi hökmünde peýdalanmaga tehniki duralgalyk üçin ajaýyp ýerleşendir.

Häzirki wagtda Türkmenistan halkara aragatnaşyk giňişliginiň doly hukukly agzasy bolmak bilen, halkara ülňülerine laýyk gelýän ulag-üstaşyr hereketini üpjün edýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aladalary netijesinde ýurdumyzyň raýat awiasiýasy depginli ösýär, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda tehnikanyň iň soňky gazananlary bilen enjamlaşdyrylan döwrebap howa menzilleri gurulýar, “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň tehniki binýadynyň yzygiderli üsti ýetirilýär we döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda döwrebaplaşdyrylýar, işgärleri taýýarlamak hem-de olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça maksada gönükdirilen işler alnyp barlyýar.

Ulag ulgamyny ösdürmegiň milli stategiýasy bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny gimňeltmek bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Bu bolsa öz gezeginde häzirki zaman geosyýasy we geoykdysady ösüşiniň hakyky islegleri we alamatlary bilen şertlenendir.

Bu ulgamda, şol sanda BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde özara hereket etmek meselelerinde işjeň ýörelgä eýermek bilen, ýurdumyz iri düzümleýin taslamalaryň başyny başlaýar we olary daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde durmuşa geçirip, bu ugurda netijeli halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda we giňeltmekde uly goşandyny goşýar.

Aşgabadyň iň täze döwrebap derejeli Halkara howa menziliniň, Türkmenbaşy şäherinde Halkara deňiz portunyň gurluşyklaryny, üç goňşy döwletiň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçen ýylyň 3-nji dekabrynda açylyş dabarasy bolan Gazagystan-Türkmenistan-Eýran transmilli demir ýoluny munuň aýdyň mysaly hökmünde görkezmek bolar. “Orta Aziýa-Ýakyn Gündogar” täze ulag geçelgesiniň taslamasy hem ýene-de bir ajaýyp mysallaryň biri bolup biler. Häzirki wagtda goňşy ýurtlaryň birnäçesi özleriniň oňa gatnaşmak mümkinçiligi maksady bilen, uly gyzyklanma bildirýärler.

Türkmenistan “Demirgazyk-Günorta” we “Gündogar-Günbatar” ugurlary boýunça Merkezi Aziýanyň üstünden geçýän sebit we sebitara ulag ýollarynyň çatrygynda örän amatly geografik ýagdaýda ýerleşmek bilen, ägirt uly üstaşyr geçirmek mümkinçiligine eýe bolup, şol mümkinçiligi has doly durmuşa geçirmäge ymtylýar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli alyp barýan döredijilikli, parahatçylyk söýüjilik syýasatyny durmuşa geçirmegi netijesinde Bitarap Türkmenistan anyk başlangyçlar bilen çykyş edýär. Şol başlangyçlar ählumumy ykrar edilmä eýe bolýar hem-de sebit we dünýä möçberinde hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň pugtalanmagyna hyzmat edýär. Şeýle netijeli teklipleriň hatarynda Merkezi Aziýa üçin Modal Ýoluny döretmek baradaky başlangyç hem bar.

Hakyky ýagdaýlardan ugur alyp, Türkmenistan häzirki tapgyrda ulag ulgamynda halkara jemgyýetçiligi bilen özara hereketleri ösdürmegiň öz maksatnamasyny döretdi. Onuň baş maksady amaly nukdaýnazaryndan bu ulgamda köptaraply hyzmatdaşlygyň ylmy taýdan esaslandyrylan we iş ýüzünde peýdalanyp bolýan nusgasyny dünýä derejesinde öňe ilerletmekde, halkara ulag-üstaşyr gatnaşyklarynyň netijeliligini artdyrmak üçin zerur bolan degişli şertleriň toplumyny döretmekde jemlenýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan XXI ýüz ýyllygyň dünýä möçberli ulag strategiýasyna ýakynlaşmaga ymtylmagyň, döwletleriň we sebitleriň geografik we düzümleýin mümkinçiliklerini, tehniki we tehnologiki kuwwatyny birleşdirmegiň strategiýasydygyna ynanýar. Gelejek – iri halkara we sebitleýin deňiz, derýa, awtomobil, demir ýol we howa halkalaryna çykyp, olaryň doly sazlaşmagy hem-de olaryň her biriniň artykmaçlyklarynyň peýdalanylmagy bilen ulag gatnaşyklarynyň utgaşdyrylan ulgamyndadyr. Türkmenistan bu meselelere öz çemeleşmelerini mälim edip, özüniň tiz ösýän ulag-üstaşyr geçirmek kuwwatyny, şol sanda howa ýollarynda diňe bir sebitiň ýurtlarynyň däl, eýsem-de, ondan has giň, ýagny yklymara möçberlerde hem ykdysady bähbitlerde herekete getirmek mümkinçiliklerinden ugur alýar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter