Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Hal­ka­ra de­ňiz por­tu­nyň işi bi­len ta­nyş­dy | TDH
Syýasat habarlary

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Hal­ka­ra de­ňiz por­tu­nyň işi bi­len ta­nyş­dy

опубликованно 11.08.2018 // 1275 - просмотров
 

Bal­kan we­la­ýa­tyn­da iş sa­pa­ryn­da bol­ýan hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Hal­ka­ra de­ňiz por­tu­na bar­dy we bu ýer­de işiň gu­ra­ly­şy bi­len ta­nyş­dy.

Bu iri dü­züm­le­ýin des­ga mun­dan bäş ýyl ozal düý­bü­niň tu­tul­ma­gyn­dan baş­lap, şu ýy­lyň maý aýyn­da gur­lu­şy­gy­nyň ta­mam­lan­ma­gy­na çen­li döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň he­mi­şe üns mer­ke­zin­de bol­dy. Mil­li Li­de­ri­miz Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­nyň ýo­kar­lan­ma­gyn­da hem-de köp­ta­rap­la­ýyn hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ös­dü­ril­me­gin­de ýur­du­my­zyň de­ňiz der­we­ze­si­ne ägirt uly or­nuň de­giş­li­di­gi­ni bel­le­ýär.

Türk­men­ba­şy por­ty Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň we Ha­zar se­bi­ti­niň äh­li ýurt­la­ry üçin stra­te­gi­k äh­mi­ýe­te eýe bolmak bilen, onuň müm­kin­çi­lik­le­ri­niň do­ly he­re­ke­te ge­ti­ril­me­gi döw­let­le­ri­ hyz­mat­daş­ly­gyň tä­ze tap­gy­ry­na çy­kar­ýar, yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ryň hal­ka­ra ul­ga­my­na üs­tün­lik­li go­şu­lyş­ma­gy­na, Türk­me­nis­ta­nyň yk­ly­myň mul­ti­mo­dal gat­naw­lar ul­ga­myn­da or­nu­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga ýar­dam ber­ýär.

Şun­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nyg­taý­şy ýa­ly, ýur­du­myz ta­ry­hy tej­ri­bä da­ýan­ýar, ga­dy­my dö­wür­ler­de ýur­du­my­zyň çäk­le­ri Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi bo­lup­dyr, bu ýo­luň äh­mi­ýe­ti­niň art­dy­ryl­ma­gy­na öz döw­rün­de Merw, Kö­neür­genç, Nu­saý ýa­ly ga­dy­my türk­men şä­her­le­ri­niň tä­si­ri uly bo­lup­dyr. Mu­nuň özi lo­gis­ti­ka­nyň ke­ma­la gel­me­gi­niň baş­lan­gy­jydyr.

Tä­ze eý­ýam­da Türk­me­nis­tan ulag ge­çel­ge­le­ri­ni dö­red­ýär, aw­to­mo­bil we de­mir ýol, ho­wa hem-de de­ňiz gat­naw­la­ry­nyň ugur­la­ry­ny gi­ňeld­ýär, äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na, se­bit­de dur­nuk­ly yk­dy­sa­dy ösü­şe ýar­dam ber­ýär. Sö­züň do­ly ma­ny­syn­da, mu­nuň özi Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň tä­ze gör­nüş­de di­kel­dil­me­gin­de ne­ti­je­li ädim­ler­dir. Şun­da gä­mi gat­naw­la­ry hem-de port ho­ja­ly­gy mö­hüm orun eýe­le­ýär, bu dü­züm­ler tu­tuş Ýew­ra­zi­ýa gi­ňiş­li­gin­de ýük da­şa­ma­gyň art­dy­ryl­ma­gy üçin müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýär.

Tä­ze Hal­ka­ra de­ňiz por­tu­nyň döw­re­bap dü­züm­le­ri di­ňe bir hä­zir­ki wagt­da bar bo­lan is­leg­le­ri ka­na­gat­lan­dyr­mak bi­len çäk­len­män, gel­jek­de-de ýo­ka­ry hil­li tek­lip­le­ri hem-de hyz­mat­la­ry hö­dür­le­mä­ge ukyp­ly­dyr. Onuň do­ly kuw­wa­ty­na çy­ka­ryl­ma­gy wag­tyň geç­me­gi bi­len yk­lym­da ýük gat­naw­la­ry­nyň lo­gis­ti­ka bag­la­ny­şy­gyn­da stra­te­gi­ki üýt­get­me­le­re ge­ti­rer, Türk­me­nis­ta­nyň ýük ge­çi­ri­ji ter­mi­nal­la­ry has amat­ly hem-de bäh­bit­li gat­naw­lar hök­mün­de mö­hüm çat­ryk bo­lar.

... De­ňiz por­tun­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowy Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sar­la­ry­nyň bir­nä­çe­si, har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň, beý­le­ki dü­züm­le­riň ýol­baş­çy­la­ry gar­şy­la­dy­lar.

“De­ňiz der­we­ze­si­niň” da­ba­ra­ly ýag­daý­da ulan­ma­ga ber­len gü­nün­den bä­ri üç aý geç­di hem-de hä­zir­ki wagt­da bu men­zi­liň çäk­le­rin­de joş­gun­ly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. De­ňiz por­tu­nyň äh­li ýük ter­mi­nal­la­ry, önüm­çi­lik en­jam­la­ry, men­zi­le bar­ýan ýol­lar do­lan­dy­ry­şyň umu­my ul­ga­my esa­syn­da bi­te­wi lo­gis­ti­ka top­lu­my eme­le ge­tir­ýär.

Dag ta­ra­pyn­dan port be­ze­men hem-de ýal­pyl­da­ýan aý­na­la­ry we al­tyn öwüş­gin­li ti­mar­la­ny­şy, öz­bo­luş­ly bi­na­gär­li­gi bi­len hä­zir­ki za­man şä­her­ji­gi gör­nü­şin­de se­leň­läp gö­rün­ýär. De­ňiz ta­ra­pyn­dan bol­sa por­tuň as­ma­na ta­rap gö­te­ri­len kuw­wat­ly kran­la­ry bi­len se­na­gat keş­bi açyl­ýar.

Türk­men­ba­şy­da­ky Hal­ka­ra de­ňiz por­tu­nyň dü­zü­mi­ne pa­rom, ýo­lag­çy hem-de kon­teý­ner ter­mi­nal­la­ry, “Bal­kan” gä­mi­gur­lu­şyk we gä­mi abat­la­ýyş za­wo­dy, ke­nar dü­zü­mi­niň köp­san­ly beý­le­ki des­ga­la­ry, ulag üp­jün­çi­li­gi dü­züm­le­ri: es­ta­ka­da­la­ry bo­lan aw­to­mo­bil we de­mir ýol­la­ry gir­ýär.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow “Bal­kan” gä­mi­gur­lu­şyk we gä­mi abat­la­ýyş za­wo­dy­na bar­dy. Bi­ziň ýur­du­myz üçin düý­bün­den tä­ze bo­lan bu önüm­çi­lik gä­mi gur­lu­şy­gy­ny ös­dür­mek üçin bin­ýat bol­dy. Kuw­wa­ty ýyl­da 10 müň ton­na po­la­dy iş­läp taý­ýar­la­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýän za­wod döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­la­ry hem-de hal­ka­ra öl­çeg­le­ri­ne ky­bap gel­ýän aw­to­mat­laş­dy­ry­lan ul­gam­la­ry ulan­mak bi­len, şol döw­rüň için­de dört we on­dan hem köp gä­mi­ni gur­ma­ga hem-de 20 gä­mi­ni abat­la­mak we hyz­mat et­mek bo­ýun­ça iş­le­ri ge­çir­mä­ge ukyp­ly­dyr. He­niz za­wo­dyň gur­lu­şy­gy al­nyp ba­ryl­ýar­ka Türk­me­nis­tan­da hem, ýur­du­my­zyň çäk­le­rin­den da­şar­da hem ope­ra­tor­la­ry, ugur­daş hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­mak we okat­mak bo­ýun­ça top­lum­la­ýyn çä­re­ler ge­çi­ril­di.

Za­wod IAСS — In­ter­na­tio­nal As­soсia­tion Сlas­si­fiсation Soсie­tes (MA­KO — Hü­när sy­nag­la­ry jem­gy­ýet­le­ri­niň hal­ka­ra as­so­sia­si­ýa­sy) MA­KO de­ňiz gat­naw­la­ry­nyň howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek ba­ba­tyn­da stan­dart­la­ry we ka­da­la­ry iş­läp düz­mek we­zi­pe­si­ni ýe­ri­ne ýe­tir­ýär. Dün­ýä söw­da flo­tu­nyň möç­be­ri­niň 90 gö­te­rim­den gow­ra­gy MA­KO jem­gy­ýet­le­riniň ag­za­la­ry­na de­gişli­dir. Hä­zir­ki wagt­da “Bal­kan” za­wo­dyn­da üç gä­mi­niň abat­la­ýyş iş­le­ri al­nyp ba­ryl­ýar, olar “Türk­me­nis­tan” we “Mag­tym­gu­ly” gu­ry­ ýük gä­mi­leri­dir hem-de “Bi­ta­rap” ne­bit gu­ýul­ýan tan­ker­dir. Ha­zar deň­zi­niň türk­men bö­le­gin­de iş­le­ýän da­şa­ry ýurt kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň gä­mi­le­ri­ni abat­la­mak üçin hem müm­kin­çi­lik­ler bar.

Bu ýer­de döw­let Baş­tu­ta­ny­myza dür­li de­re­je­li we gör­nüş­li gä­mi­le­riň şe­kil­le­ri ýerleşdirilen plan­şet­ler gör­ke­zil­di, ol gä­mi­le­ri “Bal­kan” za­wo­dyn­da gur­mak göz öňün­de tu­tul­ýar. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da olar ti­gir­li aw­to­mo­bil teh­ni­ka­sy­ny, (ýük aw­to­mo­bil­le­ri­ni, tir­keg­le­ri we wa­gon­la­ry), tan­ker­le­ri, gu­ry ­ýük gä­mi­le­ri­ni, ha­las ediş, he­läk­çi­lik­le­ri ara­dan aýyr­ma­ga ni­ýet­le­nen gä­mi­le­ri we beý­le­ki­le­ri da­şa­ma­ga ni­ýet­le­nen RO-RO pa­rom­la­ry hem bar.

Mil­li Li­de­ri­miz gä­mi­le­riň gör­nüş­le­ri we teh­ni­ki hä­si­ýet­na­ma­la­ry bi­len tan­şyp, de­ňiz gat­naw­la­ryn­da dür­li pu­dak­lar­da bar bo­lan is­leg­ler bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­re ga­ra­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Türk­me­nis­ta­nyň ulag sy­ýa­sa­ty­nyň we­zi­pe­le­ri­niň ýur­du­my­zyň Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­ny gaý­ta­dan di­kelt­mek bo­ýun­ça öň­de go­ýan mak­sat­la­ry­na gö­nük­di­ri­len­di­gi­ni, bu we­zi­pe­le­riň ulag top­lu­my­nyň kuw­wat­lyk­la­ry­nyň hem-de ýur­du­my­zyň de­ňiz flo­tu­nyň, il­kin­ji no­bat­da bol­sa, söw­da flo­tu­nyň müm­kin­çi­lik­le­ri­niň gi­ňel­dil­me­gi­ni ta­lap ed­ýän­di­gi­ni bel­le­di.

Bi­ziň ýur­du­myz dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň mö­hüm bö­le­gi, hä­zir­ki wagt­da ösü­şiň esa­sy he­re­ket­len­di­ri­ji­si bo­lan ulag-ara­gat­na­şyk pu­da­gyn­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nyň gi­ňel­dil­me­gi­ne uly go­şant goş­ýar di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow sö­zü­ni do­wam et­di. Bu ul­gam­da örän uly kuw­wa­ta eýe bo­lan Türk­me­nis­tan iri hal­ka­ra we se­bit äh­mi­ýet­li tas­la­ma­la­ryň bir­nä­çe­si­ni öňe sür­ýär. Şo­la­ryň ama­la aşy­ryl­ma­gy Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň goň­şy se­bit­le­riň ara­syn­da yk­dy­sa­dy we söw­da hyz­mat­daş­ly­gy­ny hä­zir­ki­ za­man de­re­je­si­ne çy­kar­ma­ga, uzak gel­jek­de se­bi­ta­ra gat­na­şyk­la­ry­na kuw­wat­ly iter­gi ber­mä­ge, Mer­ke­zi Azi­ýa­ny, Ha­zar, Ga­ra de­ňiz hem-de Bal­ti­ka se­bit­le­ri­ni, Or­ta we Ýa­kyn Gün­do­ga­ry, Gü­nor­ta hem-de Gü­nor­ta Gün­do­gar Azi­ýa­ny bir­leş­dir­ýän, tä­ze geoyk­dy­sa­dy gi­ňiş­li­giň keş­bi­niň esa­sy­ny goý­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer.

BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy ýur­du­my­zyň baş­lan­gy­jy esa­syn­da ulag bo­ýun­ça üç Ka­rar­na­ma­ny — 2014-nji ýyl­da “Dur­nuk­ly ösüş mak­sa­dy bi­len, hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny üp­jün et­mek­de ulag we üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­riň or­ny”, “2015-nji ýyl­da “Dur­nuk­ly mul­ti­mo­dal üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­ri­niň dö­re­dil­me­gi­ne ýar­dam et­mek mak­sa­dy bi­len, ulag­la­ryň äh­li gör­nüş­le­ri­niň ara­syn­da hem­me­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy üp­jün et­me­giň ýo­lun­da” hem-de 2017-nji ýyl­da “Dur­nuk­ly ösüş ul­ga­myn­da mak­sat­la­ra ýet­mek üçin ula­gyň äh­li gör­nüş­le­ri­niň ara­syn­da gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­mak” at­ly Ka­rar­na­ma­la­ry ka­bul et­di.

Türk­me­nis­ta­nyň giň hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len hem-de äh­li ýurt­la­ryň we hal­kla­ryň düýp­li bäh­bit­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän baş­lan­gyç­la­ry öňe sür­mek bi­len, şo­la­ryň iş ýü­zün­de dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi üçin anyk çä­re­le­ri gör­ýän­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek, Türk­men­ba­şy şä­he­rin­de tä­ze Hal­ka­ra de­ňiz por­tu­nyň açyl­ma­gy şol çä­re­le­riň bi­ri­dir.

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry M.Ça­ky­ýew döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za gu­rul­ma­gy me­ýil­leş­di­ri­len de­mir ýol pa­rom­la­ry ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. De­ňiz gat­naw­la­ry­nyň ýük­le­riň port­da dü­şü­ri­lip gaý­ta­dan ýük­le­nil­me­gi­ni ta­lap et­me­ýän şeý­le gör­nü­şi iň ýo­ka­ry ön­dü­ri­ji­lik­li ha­sap­la­nyl­ýar, mu­nuň peý­da­la­nyl­ma­gy bol­sa ýük­le­ri dü­şür­mek-ýük­le­mek amal­la­ry­ny ge­çir­me­giň wag­ty­ny ep-es­li tyg­şyt­la­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär.

Mil­li Li­de­ri­miz ýük­le­ri uzak ara­lyk­la­ra da­şa­mak­da ula­gyň bu gör­nü­şi­niň uly is­le­ge eýe bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Şeý­le hem mu­nuň özi, my­sal üçin, bi­ziň por­tu­my­zyň üs­ti bi­len deň­ze çyk­ma­ga müm­kin­çi­li­gi bo­lan Öz­be­gis­tan­dan de­mir ýol dü­züm­le­ri­ni üs­ta­şyr ge­çir­mek üçin uly müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýar.

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry Ç.Gy­ly­jow yzy­gi­der­li eks­port gat­naw­la­ry­nyň sa­ny­ny art­dyr­mak üçin gu­ry ­ýük gä­mi­le­ri­ne is­leg­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Hä­zir­ki wagt­da önüm­çi­li­giň ösü­şi ýur­du­myz­da ön­dü­ri­len ha­ryt­la­ryň köp gör­nüş­le­ri­ni da­şa­ry ýurt­la­ra iber­me­gi ýo­la goý­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär hem-de de­ňiz gat­naw­la­ry söw­da ýük aky­my­nyň tä­ze ugur­la­ry­ny aç­ma­ga şert dö­red­ýär.

Go­ran­mak mi­nist­ri B.Gün­dog­dy­ýew ra­ýat go­ra­ny­şy we adat­dan da­şa­ry ýag­daý­lar gul­luk­la­ry­nyň işi hem-de de­ňiz­de howp­suz­ly­gy üp­jün et­mek­de gä­mi­le­riň ula­ny­ly­şy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Içe­ri iş­ler mi­nist­ri I.Mu­li­kow ýan­gyn sön­dü­ri­ji gä­mi­ler hem-de ka­ter­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di, bu we­zi­pe­ler gä­mi­ler­den di­ňe bir ýö­ri­te en­jam­la­ryň bol­ma­gy­ny däl-de, eý­sem, suw des­ga­la­ryn­da ýa-da ke­nar­ýa­ka zo­lak­da ýan­gyn ýü­ze çy­kan ha­la­tyn­da tiz­den-tiz he­re­ket et­mek üçin çe­ýe­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­gy ta­lap ed­ýär.

Döw­let güm­rük gul­lu­gy­nyň baş­ly­gy A.Os­ma­now gä­mi­le­riň güm­rük gö­zeg­çi­li­gi­ni üs­tün­lik­li ama­la aşyr­mak üçin peý­da­la­ny­ly­şy ba­ra­da ha­bar ber­di.

Mil­li Li­de­ri­miz güm­rük gul­lu­gy eda­ra­la­ry­nyň işi­niň ne­ti­je­li­li­gi­niň we hü­när de­re­je­si­niň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy­nyň, ola­ryň hyz­mat­la­ry­nyň hi­li­niň ýur­du­my­zyň da­şa­ry söw­da do­la­ny­şy­gy­nyň möç­be­ri­niň art­dy­ryl­ma­gy­na, gö­zeg­çi­lik çä­re­le­ri­niň ýe­ňil­leş­di­ril­me­gi­ne we çalt­lan­dy­ryl­ma­gy­na, ha­ryt­la­ryň res­mi­leş­di­ril­me­gi­ne de­giş­li hal­ka­ra ka­da­la­ry­na la­ýyk gel­me­gi­ne gö­nük­di­ril­me­li­di­gi­ni nyg­ta­dy.

Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Döw­let gümrük gul­lu­gy­nyň baş­ly­gy A.Os­ma­no­wa hem-de Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry, da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri R.Me­re­do­wa tab­şy­ryk­la­ry ber­mek bi­len, Türk­men­ba­şy por­tun­da ýük­le­ri ýük­le­me­giň möç­be­ri­niň art­dy­ryl­ma­gy­nyň, mil­li söw­da flo­tu­nyň gi­ňel­dil­me­giniň Türk­me­nis­ta­nyň dün­ýä söw­da­syn­da­ky pa­ýy­nyň ýo­kar­lan­ma­gy­na, da­şa­ry ha­ryt do­la­ny­şy­gy­nyň dü­züm­le­ri­niň di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dy­ryl­ma­gy­na hem-de ýur­du­my­zyň dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ne iş­jeň go­şu­lyş­ma­gy­na oňyn tä­si­ri­ni ýe­tir­jek­di­gi­ni bel­le­di.

Mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Türk­me­nis­ta­nyň önüm­çi­lik iş­le­ri­niň hal­ka­ra bö­lü­ni­şi­gi­niň döw­re­bap­laş­dy­ry­lan ul­ga­my­na giň­den go­şu­lyş­ma­gy­nyň hem-de ýük gat­naw­la­ry­nyň möç­be­ri­niň art­dy­ryl­ma­gy­nyň uly göw­rüm­li ýük­le­ri da­şa­ma­ga ni­ýet­le­nen tä­ze gä­mi­le­riň gu­rul­ma­gy­ny ta­lap ed­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy, mu­nuň özi eks­por­ta ibe­ril­ýän ha­ryt­la­ryň kö­pel­me­gi­ne kö­mek eder.

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ne­bit­gaz me­se­le­le­ri bo­ýun­ça ge­ňeş­çi­si Ý.Ka­ka­ýew öz çy­ky­şyn­da da­şa­ry ba­zar­la­ra ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän hem-de ne­bit­hi­mi­ýa top­lu­my­nyň önüm­le­ri­ni eks­port et­mek üçin tan­ker flo­tu­ny ös­dür­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly tek­lip­le­ri aýt­dy.

Mil­li Li­de­ri­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, tan­ker­le­riň en­jam­laş­dy­ryl­ma­gy ýük da­şa­mak amal­la­ry­nyň howp­suz­ly­gy­ny hem-de deň­ziň ne­bit önüm­le­ri bi­len ha­pa­lan­ma­gy­nyň öňü­niň alyn­ma­gy­ny üp­jün et­me­li­dir. Şeý­le hem de­ňiz ýol­la­ry ar­ka­ly ýur­du­my­zyň ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­nyň önüm­le­ri­ni ýer­le­mek üçin tä­ze ba­zar­la­ra çyk­mak ze­rur­dyr, şol san­da po­lip­ro­pi­len önüm­le­ri­ni ýer­le­me­giň çäk­le­ri gi­ňel­dil­me­li­dir.

Ýur­du­myz­da ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly gä­mi­ gur­lu­şyk kär­ha­na­sy­nyň dö­re­dil­me­gi Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ne goş­ma­ça kuw­wat be­rer di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow tä­ze pu­da­gyň ös­dü­ril­me­gi üçin ýo­ka­ry hü­när­li iş­gär­le­riň ze­rur­dy­gy­ny hem-de iň go­wy dün­ýä tej­ri­be­si­niň öz­leş­di­ril­me­gi­niň mö­hüm­di­gi­ni nyg­ta­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz gä­mi gur­lu­şy­gyn­da hem-de de­ňiz gat­naw­la­ryn­da öň­dä­ki orun­la­ry eýe­le­ýän ýurt­lar bi­len hyz­mat­daş­ly­gyň mun­dan beý­läk-de gi­ňel­dil­me­gi­niň wa­jyp­dy­gy­ny aýt­dy.

Mil­li ýo­lag­çy we söw­da flo­tu­ny di­ňe bir da­şa­ry ýurt­lar­dan sa­tyn al­ma­gyň ha­sa­by­na däl-de, ýur­du­myz­da dür­li gör­nüş­li gä­mi­le­ri gur­mak bi­len ös­dür­mek ze­rur­dyr di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz sö­zü­ni do­wam et­di. Mu­nuň özi de­ňiz-der­ýa ulag­la­ry bo­ýun­ça ýük do­la­ny­şy­gy­nyň art­ma­gy­na, ýur­du­my­zyň ke­nar­ýa­ka ilat­ly no­kat­la­ry­nyň ara­syn­da yzy­gi­der­li gat­naw­la­ryň üp­jün edil­me­gi­ne, şeý­le hem Ha­zar­ýa­ka ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da gä­mi­li ge­ze­lenç­le­ri ös­dür­mä­ge ýar­dam eder.

Mil­li Li­de­ri­miz bu me­se­lä­niň üs­tün­de du­rup geç­mek bi­len, ýur­du­my­zyň ýo­lag­çy­la­ry we hal­ka­ra sy­ýa­hat­çy­lyk ugur­la­ry üçin ka­ta­ma­ran­la­ry gur­ma­gyň mak­sa­da­la­ýyk bol­jak­dy­gy­ny bel­le­di.

Beý­le­ki gä­mi­ler­den ar­tyk­maç­lyk­la­ry­nyň bol­ma­gy ne­ti­je­sin­de, hä­zir­ki wagt­da ka­ta­ma­ran­lar bar­ha uly meş­hur­ly­ga we is­le­ge eýe bol­ýar. Mu­ňa mag­lu­mat­lar hem şa­ýat­lyk ed­ýär: dün­ýä­dä­ki äh­li ýo­lag­çy gä­mi­le­ri­niň ýa­ry­sy­ny ka­ta­ma­ran­lar düz­ýär. Şo­lar uly sy­gym­ly­ly­gy, su­wa çuň çüm­me­ýän­li­gi we has ýo­ka­ry tiz­li­gi, dur­nuk­ly­ly­gy hem-de howp­suz­ly­gy ne­ti­je­sin­de, içer­ki we se­bi­ta­ra ýo­lag­çy gat­naw­la­ryn­da örän amat­ly ýo­lag­çy gä­mi­le­ri­dir.

Mu­nuň özi ke­nar­ýa­ka et­rap­lar­da ýe­rüs­ti ula­gyň or­nu­ny tu­tup bi­ler di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Gy­ýan­ly, Gy­zyl­suw we beý­le­ki ugur­lar­da bu gä­mi­le­ri gat­nat­ma­gyň müm­kin­di­gi­ni aýt­dy. Mun­dan baş­ga-da, şu­nuň ýa­ly gä­mi­ler ada­lar­da, my­sal üçin, Ogur­ja­ly ada­syn­da yl­my bar­lag­la­ry ge­çir­mek üçin peý­da­lan­ma­ga amat­ly­dyr. Şeý­le­lik­de, gä­mi gur­lu­şy­gy­nyň ös­dü­ril­me­gi türk­men de­ňiz­ýa­ka se­bi­ti­niň di­ňe bir se­na­gat pu­da­gy­ny pug­ta­lan­dyr­man, eý­sem, bu se­bi­tiň dur­muş we ulag dü­züm­le­ri­ni ös­dür­mek üçin şert­le­ri dö­re­der.

Awa­za şy­pa­ha­na zo­la­gy­nyň meş­hur­ly­gy­nyň art­ýan­dy­gy­ny na­za­ra al­mak bi­len, ge­ze­lenç edil­ýän ýah­ta flo­tu­ny göz öňün­de tut­mak hem-de gi­ňelt­mek ze­rur­dyr di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz sö­zü­ni do­wam et­di. Hä­zir­ki wagt­da hal­ka­ra sy­ýa­hat­çy­lyk ul­ga­myn­da gä­mi­ler­de ge­ze­lenç et­mä­ge is­leg art­ýar, bu me­ýil­ler Ha­zar se­bi­tin­de hem äş­gär du­ýul­ýar we Türk­me­nis­tan bu ba­bat­da amat­ly hä­zir­ki za­man gä­mi­le­rin­de ge­ze­lenç­le­ri gu­ra­mak hyz­mat­la­ry­ny hö­dür­le­me­li­dir.

Gä­mi­ler­de ge­ze­lenç et­mek dür­li ýurt­lar we şä­her­ler bo­ýun­ça ja­han­keş­de­li­gi myh­man­ha­na­lar­da bol­maz­dan dynç al­mak hem-de ýo­ka­ry de­re­je­li hyz­mat­dan peý­da­lan­ma­gy ut­gaş­dyr­ma­gyň amat­ly usu­ly­dyr. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ýur­du­myz­da gur­lan sy­ýa­hat­çy­lyk gä­mi­le­rin­de ýo­lag­çy­lar üçin iň go­wy şert­le­ri dö­ret­me­giň mö­hüm­di­gi­ni nyg­ta­dy. Bu hyz­mat­lar ka­ýu­ta­la­ry we hyz­mat­la­ry saý­lap al­ma­ga giň müm­kin­çi­li­gi, gy­zyk­ly sy­ýa­hat­çy­lyk hem-de dynç alyş mak­sat­na­ma­la­ry­ny, mag­lu­mat be­riş ul­gam­la­ry­ny we beý­le­ki­le­ri öz içi­ne al­ýar.

Mil­li Li­de­ri­miz Awa­za­nyň ös­dü­ril­me­gi hem-de beý­le­ki döw­let­ler­den ýur­du­my­za de­ňiz ýa­ka­syn­da dynç al­ma­ga gel­ýän­le­riň sa­ny­nyň art­ýan­dy­gy bi­len bag­ly­lyk­da, hä­zir­ki wagt­da uly müm­kin­çi­lik­le­riň açyl­ýan­dy­gy­ny bel­läp, türk­men ke­nar­ýa­ka zo­la­gy­nyň sy­ýa­hat­çy­ly­gyň hem-de şy­pa­ha­na-dynç alyş, sag­ly­gy ber­kit­mek babatda hal­ka­ra mer­ke­zi hök­mün­de mun­dan beý­läk-de yk­dy­sa­dy we dur­muş ösü­şi­ne ýar­dam ber­mek mak­sa­dy bi­len, ýah­ta­ly ge­ze­lenç­le­ri ös­dür­me­giň mö­hüm­di­gi­ni aýt­dy.

Amat­ly ho­wa şert­le­ri, ke­nar ýa­ka­sy­nyň çäk­le­ri­niň uzyn­ly­gy hem-de de­ňiz ke­na­ryn­da dynç al­ma­gy ha­la­ýan da­şa­ry ýurt­la­ryň eko­lo­gi­ýa ba­ba­tyn­da Ha­zar gi­ňiş­li­gi­niň has aras­sa bö­le­gi­ne eýe bo­lan ýur­du­my­za gy­zyk­lan­ma­la­ry­nyň art­ma­gy Bal­kan we­la­ýa­tyn­da ýah­ta­ly ge­ze­len­ji ös­dür­me­giň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni şert­len­dir­ýär, şun­da gä­mi­le­ri gur­mak we abat­la­mak üçin önüm­çi­lik bin­ýa­dy­nyň bol­ma­gy mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe­dir.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bel­leý­şi ýa­ly, tä­ze port «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy­na gel­ýän sy­ýa­hat­çy­la­ryň, oza­ly bi­len goň­şy Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­rin­den gel­ýän ja­han­keş­de­le­riň sa­ny­nyň art­ma­gy­na ýar­dam eder. Bu ýer­de dynç al­ýan­la­ry ýo­ka­ry de­re­je­li hyz­mat­la­ry hö­dür­le­ýän ka­şaň myh­man­ha­na­lar we oňaý­ly kot­tej top­lum­la­ry, döw­re­bap sport des­ga­la­ry hem-de ösen dynç alyş dü­zü­mi gar­şy alar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, mil­li Li­de­ri­miz Awa­za­ny mun­dan beý­läk-de aba­dan­laş­dyr­mak, ony ba­gy-bos­san­ly­ga bü­re­mek hem-de amat­ly eko­lo­gi­ýa ýag­da­ýy­ny go­rap sak­la­mak bo­ýun­ça gör­kez­me­le­ri ber­di.

De­ňiz port ho­ja­ly­gy­nyň dur­nuk­ly ösü­şin­de te­bi­ga­ty go­ra­ýyş iş­le­ri­niň örän mö­hüm äh­mi­ýe­ti­niň bar­dy­gy­ny bel­läp, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz eko­lo­gi­ýa howp­suz­ly­gy ul­ga­myn­da top­lum­la­ýyn çä­re­le­riň ze­rur­dy­gy­ny aýt­dy, şo­lar ha­pa mad­da­la­ryň dö­kül­me­gi­niň öňü­ni al­mak, bu ha­pa mad­da­la­ry ýyg­nap al­ýan ýö­ri­te­leş­di­ri­len gä­mi­le­riň do­ly taý­ýar­lyk­da dur­ma­gy ýa­ly çä­re­le­ri öz içi­ne al­ýar.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ge­çi­ri­len söh­bet­deş­li­giň jem­le­ri­ni jem­läp, ýol­baş­çy­la­ryň ün­sü­ni ýur­du­my­zyň söw­da flo­tu­nyň il­kin­ji no­bat­da­ky me­se­le­le­ri­ne, onuň işi­niň ne­ti­je­li­li­gi­niň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy­na, ýo­lag­çy de­ňiz gat­naw­la­ry­nyň hem-de gä­mi gur­lu­şy­gy­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne, Ha­zar­da gä­mi­li ge­ze­lenç­le­riň gu­ral­ma­gy­na çek­di, mu­nuň özi se­bi­ta­ra de­re­je­sin­de me­de­ni-yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ryň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na hem ýar­dam be­rer.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz halk ho­ja­lyk top­lu­my­nyň öňün­de dur­ýan we­zi­pe­le­riň gä­mi­gur­lu­şyk pu­da­gy­nyň me­ýil­na­ma­la­ry bi­len ba­ra­bar­ly­gy­ny iç­gin sel­jer­me­gi tab­şyr­dy, mu­nuň özi ýur­du­my­zyň ha­ky­ky ze­rur­lyk­la­ry­ny üp­jün et­mek, şol bir iş­le­riň gaý­ta­lan­ma­gy­ny ara­dan aýyr­mak hem-de da­şa­ry ýurt­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan we Türk­me­nis­ta­nyň ulag top­lu­my­nyň bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak, da­şa­ry yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek ug­run­da ýe­ne bir ugur hök­mün­de, ha­ky­kat­dan-da, ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly, in­no­wa­si­ýa hä­si­ýet­li önüm­çi­li­gi dö­ret­mek üçin ze­rur bo­lup dur­ýar.

Soň­ra mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedow por­tuň çä­gi bo­ýun­ça welosipedli ge­çip, onuň äh­li des­ga­la­ry­ny hem-de al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri syn­la­dy.

Onuň iň iri dü­züm­le­ri­niň bi­ri kuw­wa­ty ýyl­da or­ta­ça 4 mil­lion ton­na ba­ra­bar bo­lan umu­my ýük­le­riň ter­mi­na­ly­dyr. Hä­zir­ki wagt­da bu ýer­de po­lip­ro­pi­len gap­la­ry­na gap­la­ny­lan 5 müň ton­na kü­kürt Ýew­ro­pa iber­mä­ge, Bol­ga­ri­ýa ugratmaga bol­sa kar­ba­mid taý­ýar­la­ny­lyp goý­lup­dyr.

Ýük ter­mi­na­ly dür­li gur­lu­şyk se­riş­de­le­ri­ni, de­mir, po­lat, agaç, ulag­lar, en­jam­lar ýa­ly ýük­le­ri ka­bul et­mä­ge we ug­rat­ma­ga ni­ýet­le­nen­dir. Po­lip­ro­pi­le­ni sak­la­mak we ýük­le­mek bo­ýun­ça ýö­ri­te­leş­di­ri­len ter­mi­nal ba­ra­da aý­dy­lan­da bol­sa, bu önüm Türk­men­ba­şy­da­ky ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­lar top­lu­myn­da ön­dü­ril­ýän ne­bit önüm­le­ri­niň sa­na­wyn­da esa­sy orun­la­ryň bi­ri­ni eýe­le­ýär. Ol dün­ýä ba­zar­la­ryn­da uly is­leg­den peý­da­lan­ýar, mu­nuň şeý­le­di­gi­ne bol­sa, hu­su­san-da, Döw­let ha­ryt-çig mal bir­ža­syn­da bag­la­şyl­ýan köp ­san­ly şert­na­ma­lar şa­ýat­lyk ed­ýär. Türk­men po­lip­ro­pi­le­ni­ni Ýa­po­ni­ýa, Rus­si­ýa, Tür­ki­ýe, Eý­ran, Öz­be­gis­tan, Azer­baý­jan we beý­le­ki ýurt­lar sarp ed­ýär. Eks­port ha­ry­dy­nyň ag­ram­ly bö­le­gi de­ňiz bi­len da­şal­ýar.

Ür­gün ýük­ler ter­mi­na­ly dür­li çig mal se­riş­de­le­ri­ni, ne­bit­hi­mi­ýa önüm­le­ri­ni, klin­ke­ri, de­mir mag­da­ny­ny, bok­si, al­ýu­mi­ni, köm­ri, iým­le­ri, dö­kün­le­ri, dä­nä­ni, şe­ke­ri, du­zy we beý­le­ki­le­ri ýük­le­mek üçin ni­ýet­le­nen­dir, şo­la­ry sak­la­mak üçin bol­sa am­mar­lar we bun­ker­ler gu­rul­dy. Onuň ýyl­lyk kuw­wa­ty 3 mil­lion ton­na deň­dir.

Soň­ra döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Gurbanguly Berdimuhamedow ýyl­lyk kuw­wa­ty or­ta­ça 400 müň stan­dart kon­teý­ne­re deň bo­lan kon­teý­ner ter­mi­na­ly­ny syn­la­dy. Onuň du­ral­ga­sy­nyň uzyn­ly­gy ýük gö­te­ri­ji­li­gi 5 müň ton­na deň bo­lan gä­mi­le­riň bir­ba­da üçü­sin­de ýük­le­ýiş-dü­şü­riş iş­le­ri­ni ge­çir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Hä­zir­ki wagt­da ter­mi­nal­da Ow­ga­nys­ta­na we Öz­be­gis­tan­dan Ýew­ro­pa üs­ta­şyr ge­çi­ril­ýän ýük­li kon­teý­ner­ler bar.

Bu ýer­de şeý­le hem ref­ri­že­ra­tor kon­teý­ner­le­ri­ni sak­la­mak göz öňün­de tu­tu­lan­dyr. Şeýle-de bu ýerde meý­da­ny 9 müň­den gow­rak ine­dör­dül met­re deň bo­lan ýa­pyk am­mar­lar bar. Bu ter­mi­nal se­bi­tiň eks­port-im­port ýük gat­naw­lar ul­ga­myn­da Türk­me­nis­ta­ny öň­dä­ki orun­la­ra çy­kar­ma­ga ukyp­ly­dyr. Mul­ti­mo­dal lo­gis­ti­ka top­lu­my ho­wa, aw­to­mo­bil we de­mir ýol ulag­la­ry bi­len ge­ti­ri­len kon­teý­ner ýük­le­ri­ni sak­la­mak hem-de top­lum­la­ýyn iş­le­mek bo­ýun­ça hyz­mat­lar ul­ga­my­ny ama­la aşy­ryp bi­ler, şo­la­ry gä­mi­le­re ýük­le­mek we dü­şür­mek amal­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­ti­rer.

Kon­teý­ner ter­mi­na­ly­na gel­ýän äh­li mag­lu­mat­la­ry ope­ra­tor­la­ryň mo­ni­to­ryn­da gör­kez­ýän gö­zeg­çi­li­giň hem­ra ul­ga­my bi­len üp­jün edi­len­dir hem-de äh­li ba­bat­da CTQI (Con­tai­ner Ter­mi­nal Qua­li­ty In­dicator — kon­teý­ner ter­mi­nal­la­ry­nyň hil gör­ke­zi­ji­si) öl­çe­gi­ne la­ýyk­lyk­da tas­lan­dy. Soň­ky bir­nä­çe ýy­lyň do­wa­myn­da tu­tuş dün­ýä­de kon­teý­ner­le­riň do­la­ny­şy­gy çalt art­ýar, bu bol­sa kon­teý­ner ter­mi­nal­la­ry­nyň sa­ny­nyň art­ma­gy­na tä­si­ri­ni ýe­tir­di. CTQI öl­çe­gi­niň or­naş­dy­ryl­ma­gy hyz­mat­la­ryň bu gör­nü­şin­de bir bi­te­wi hil gö­zeg­çi­li­gi­ni dö­ret­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýur­du­my­zyň esa­sy “de­ňiz der­we­ze­si­niň” hem-de flo­tu­nyň dü­zü­mi­ni ös­dür­me­giň me­se­le­le­ri­niň ut­ga­şyk­ly bo­lup, ne­bit­gaz, se­na­gat top­lum­la­ry­nyň, de­mir ýol ula­gy­nyň we yk­dy­sa­dy­ýe­tiň beý­le­ki pu­dak­la­ry­nyň me­ýil­na­ma­la­ry, de­ňiz­ýa­ka şä­he­ri­niň hä­kim­li­gi, umu­man, Ha­zar se­bi­tin­de iş­le­ýän äh­li dü­züm­ler bi­len öza­ra bag­ly­dy­gy­ny bel­läp, bu ba­bat­da de­giş­li tab­şy­ryk­la­ry ber­di.

Mil­li Li­de­ri­miz Türk­me­nis­ta­nyň ulag-üs­ta­şyr müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ama­la aşyr­mak bo­ýun­ça me­ýil­na­ma­la­ryň iş ýü­zün­de dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gin­de Ha­zar­ýa­ka se­bi­ti­ne aý­ra­tyn or­nuň de­giş­li­di­gi­ni, bu ýer­de ula­gyň äh­li gör­nüş­le­ri­ni ne­ti­je­li peý­da­lan­mak üçin giň müm­kin­çi­lik­le­riň açyl­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy.

Şo­nuň ne­ti­je­sin­de, bu ýer­de mö­hüm lo­gis­ti­ka mer­ke­zi ke­ma­la gel­ýär, bu bol­sa de­ňiz, aw­to­mo­bil, de­mir ýol hem-de ho­wa ulag­la­ry­ny peý­da­lan­mak bi­len ýük akym­la­ry­ny ut­gaş­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer. Has ta­ky­gy, Türk­me­nis­tan örän iri hal­ka­ra lo­gis­ti­ka mer­ke­zi­ne öw­rü­ler, bu de­re­je tu­tuş Ýew­ra­zi­ýa gi­ňiş­li­gin­de döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň ne­ti­je­li ös­dü­ril­me­gi­ne ýar­dam be­rer. Ha­zar­ýa­ka ýurt­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da dür­li de­re­je­dä­ki mas­la­hat­lar­da hem-de du­şu­şyk­lar­da öňe sür­len bu baş­lan­gyç­lar äh­lu­mu­my mak­sat­la­ra we bäh­bit­le­re la­ýyk gel­ýär.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz port top­lu­my­nyň köp ugur­ly­dy­gy­na ün­si çek­mek bi­len, onuň çyl­şy­rym­ly dü­zü­mi­niň äh­li bö­lek­le­ri­niň öza­ra amat­ly bir­leş­di­ril­me­li­di­gi­ni, por­tuň bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­gyň mö­hüm şert­le­ri­niň bi­ri bo­lan ýe­rüs­ti lo­gis­ti­ka dü­zü­mi­ne aý­ra­tyn üns ber­ilme­li­di­gi­ni nyg­ta­dy. Mil­li Li­de­ri­miz hä­zir­ki za­man lo­gis­ti­ka mer­kez­le­ri­niň di­ňe bir am­mar­lar hem-de ýük akym­la­ry­nyň çat­ryk­la­ry däl-de, işe­wür­lik, söw­da we ma­li­ýe mer­kez­le­rin­de bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny bel­läp, dür­li lo­gis­ti­ka, söw­da kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň, bank­la­ryň şa­ham­ça­la­ry­nyň we beý­le­ki­le­riň we­kil­ha­na­la­ry üçin äh­li şert­le­ri dö­ret­me­gi tab­şyr­dy.

Türk­men­ba­şy­da­ky Hal­ka­ra de­ňiz por­tu­nyň mun­dan beý­läk-de ös­dü­ril­me­gi ýur­du­my­zyň hal­ka­ra söw­da gat­na­şyk­la­ry­nyň gi­ňel­dil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len­dir, ne­ti­je­de bol­sa, ol mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň ös­dü­ril­me­gi­ne hem-de türk­men hal­ky­nyň aba­dan­çy­ly­gy­nyň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy­na ýar­dam eder di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ba­bat­da de­giş­li ýol­baş­çy­la­ra ber­len tab­şy­ryk­la­ry umu­my­laş­dyr­dy.

Ha­zar deň­zi­niň eko­lo­gi­ýa­sy­ny go­ra­mak üçin her bir ter­mi­nal­da bioa­ras­sa­laý­jy en­jam­lar otur­dyl­dy. Umu­man, tu­tuş tas­la­ma “Ýa­şyl port” (Green­port) hal­ka­ra öl­çeg­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­dy.

Tä­ze de­ňiz por­tu­nyň gur­lu­şy­gy­nyň bar­şyn­da ga­zy­lyp çy­ka­ry­lan top­rak Türk­men­ba­şy şä­he­ri­niň go­la­ýyn­da­ky de­ňiz aý­la­gyn­da meý­da­ny 170 gek­tar bo­lan eme­li ada­ny dö­ret­mek üçin ula­nyl­dy. Bu ada gy­zy­lin­jik­le­riň, gaz­la­ryň, ör­dek­le­riň, hok­gar­la­ryň, go­tan­la­ryň we beý­le­ki guş­la­ryň ýa­şa­ýan, hö­würt­ge­le­ýän we gyş­la­ýan ýe­ri­ne öw­rül­di. Ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly önüm­çi­li­giň gu­ral­ma­gy­na hut şeý­le, eko­lo­gik çe­me­leş­mä bi­ler­men eko­log­la­ryň hal­ka­ra bi­le­le­şi­gi ta­ra­pyn­dan nus­ga­lyk hök­mün­de ba­ha be­ril­di, hal­ka­ra gü­wä­na­ma­la­ry­nyň bir­nä­çe­si mu­ňa şa­ýat­lyk ed­ýär.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Dur­nuk­ly Ösü­ş Mak­sat­la­ry ka­bul edi­len BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 70-nji mas­la­ha­ty­nyň çäk­le­rin­de 2015-nji ýy­lyň sent­ýab­ryn­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň ştab-kwar­ti­ra­syn­da sam­mit­de çy­kyş et­mek bi­len, daş­ky gur­şaw ha­kyn­da ala­da et­mez­den, dün­ýä­niň döw­let­le­ri­niň hem-de halk­la­ry­nyň dur­muş we yk­dy­sa­dy ösü­şi­ni üp­jün edip bol­ma­jak­dy­gy­ny aýt­dy.

Bi­ziň umu­my we­zi­pä­miz ta­kyk yk­dy­sa­dy bäh­bit­le­ri, hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ýag­daý­la­ry­ny, eko­lo­gi­ýa de­ňag­ram­ly­ly­gy­ny sak­la­ma­gyň ze­rur­ly­gy bi­len ut­gaş­dyr­mak­dyr di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz nyg­ta­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Türk­me­nis­tan he­mi­şe beý­le­ki döw­let­ler hem-de hal­ka­ra dü­züm­le­ri bi­len hyz­mat­daş­ly­gy, şol san­da ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri ga­zy­lyp al­nan­da eko­lo­gi­ýa tö­wek­gel­çi­lik­le­ri­ni azalt­mak mak­sa­dy bi­len, ne­ti­je­li go­rag teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň önüm­çi­lik işi­ne or­naş­dy­ryl­ma­gy ba­ba­tyn­da gat­na­şyk­la­ry gi­ňelt­me­giň ýo­lu­ny iş­jeň göz­le­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär. Bi­ziň ýur­du­myz­da hä­zir­ki wagt­da ug­le­wo­do­rod se­riş­de­le­ri­ni çy­kar­ma­gyň usul­la­ry­nyň eko­lo­gi­ýa stan­dart­la­ry­nyň iň ýo­ka­ry ta­lap­la­ry­na la­ýyk gel­ýän­di­gi­ni, de­giş­li ka­da­laş­dy­ry­jy-hu­kuk bin­ýa­dy­nyň dö­re­di­len­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek.

Mu­ňa BMG-niň bio­lo­gi­ýa köp­dür­lü­li­gi ha­kyn­da­ky, çöl­leş­mä­ge gar­şy gö­reş, ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi ba­ra­da­ky, ozon gat­la­gy­ny go­ra­mak ba­ra­da­ky, ser­he­tüs­ti suw akym­la­ry­ny go­ra­mak we peý­da­lan­mak hem-de hal­ka­ra köl­le­ri bo­ýun­ça te­bi­ga­ty go­ra­ýyş kon­wen­si­ýa­la­ry­nyň ýur­du­myz ta­ra­pyn­dan tas­syk­la­nyl­ma­gy-da şa­ýat­lyk ed­ýär. BMG-niň Ösüş mak­sat­na­ma­sy, BMG-niň Daş­ky gur­şaw bo­ýun­ça mak­sat­na­ma­sy, Äh­lu­mu­my eko­lo­gi­ýa gaz­na­sy ýa­ly hal­ka­ra dü­züm­le­ri we beý­le­ki dü­züm­ler bi­len bi­le­lik­de Türk­me­nis­tan mil­li we se­bit de­re­je­le­rin­de eko­lo­gi­ýa mak­sat­na­ma­la­ry­nyň hem-de tas­la­ma­la­ry­nyň on­lar­ça­sy­ny ama­la aşyr­ýar.

2030-njy ýy­la çen­li tä­ze Gün ter­ti­bi­niň 17 mak­sa­dy­nyň ha­ta­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti ta­ra­pyn­dan iş­le­nip taý­ýar­la­ny­lan mil­li mak­sat­na­ma­la­ra üs­tün­lik­li uý­gun­laş­dy­ry­lan — gö­nü­den-gö­ni te­bi­ga­ty go­ra­mak iş­le­ri bi­len bag­la­ny­şyk­ly ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi hem-de onuň geti­ren ne­ti­je­le­ri­ne gar­şy gö­reş bo­ýun­ça des­sin çä­re­le­ri gör­mek, um­man­la­ryň, de­ňiz­le­riň we de­ňiz se­riş­de­le­ri­niň go­ra­lyp sak­lan­ma­gy­na hem-de ola­ryň re­je­li peý­da­la­nyl­ma­gy­na, gu­ry­ýer eko­lo­gi­ýa ul­gam­la­ry­nyň gaý­ta­dan di­kel­dil­me­gi­ne, to­kaý­lar­dan re­je­li peý­da­la­nyl­ma­ga, çöl­leş­mä­ge, ýer­le­riň za­ýa­lan­ma­gy­na hem-de bio­­dür­lü­li­giň ýit­mek ha­dy­sa­la­ry­ny tog­tat­ma­ga de­giş­li me­se­le­ler bar.

Mä­lim bol­şy ýa­ly, Ha­zar deň­zi­niň ösüm­lik we haý­wa­nat dün­ýä­si­niň bio­dür­lü­li­gi iki ýa­rym müň gör­nüş­den gow­rak­dyr, şo­la­ryň üç­den bir bö­le­gi deň­ziň türk­men bö­le­gi­ne de­giş­li­dir. Türk­me­nis­tan ta­ra­pyn­dan Ha­zar deň­zi­niň yg­ty­bar­ly eko­lo­gi­ýa go­rag ul­ga­my­nyň dö­re­dil­me­gi­ne uly äh­mi­ýet be­ril­me­gi, oza­ly bi­len, iň iri içer­ki, dün­ýä um­ma­nyn­dan aý­ry­baş­ga bo­lan bu deň­ziň aý­ra­tyn hu­kuk de­re­je­si bi­len şert­len­di­ri­len­dir, ol köp ösüm­lik we haý­wa­nat dün­ýä­si­niň aý­ra­tyn gör­nüş­le­ri­ni özün­de jem­le­ýän ha­ky­ky te­bi­gy dür­dä­ne­dir. Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­my­zyň hü­när­men­le­ri­niň ba­ha ber­me­gi­ne we ab­raý­ly hal­ka­ra bi­ler­men­le­ri­niň ne­ti­je­na­ma­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, Ha­zar deň­zi­niň türk­men bö­le­gi eko­lo­gi­ýa taý­dan has aras­sa ha­sap edil­ýär, mu­nuň özi bu ul­gam­da yzy­gi­der­li hem-de mak­sa­da gö­nük­di­ri­len iş­le­riň ge­çi­ril­ýän­di­gi bi­len dü­şün­di­ril­ýär.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýur­du­myz­da bu ugur­da Ha­zar deň­zi­niň me­se­le­le­ri bo­ýun­ça Pu­da­ga­ra to­pa­ry dö­re­dil­di.

Mil­li Li­de­ri­miz ta­ra­pyn­dan yzy­gi­der­li öňe sü­rül­ýän hem-de bu tä­sin te­bi­gy suw how­da­ny­nyň örän baý se­riş­de­le­ri­niň go­ra­lyp sak­la­nyl­ma­gy­na, art­dy­ryl­ma­gy­na hem-de re­je­li peý­da­la­nyl­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry­nyň iş ýü­zün­de dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi bo­ýun­ça tek­lip­le­ri iş­läp taý­ýar­la­mak bu dü­zü­miň öňün­de goý­lan mö­hüm we­zi­pe­le­riň bi­ri­dir.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow eko­lo­gi­ýa dip­lo­ma­ti­ýa­sy­ny Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri hök­mün­de öňe sür­mek bi­len, hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ryň ul­ga­my­nyň yn­san­per­wer­leş­di­ril­me­gi­niň hem-de oňa eko­lo­gi­ýa hä­si­ýe­ti­niň be­ril­me­gi­niň, ah­lak ýö­rel­ge­le­ri bi­len ut­gaş­dy­ryl­ma­gy­nyň mö­hüm­di­gi­ne ün­si çe­kip, yn­san öm­rü­niň gym­ma­ty­nyň il­kin­ji de­re­je­li mak­sat bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny äş­gär ed­ýär.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň eko­lo­gi­ýa baş­lan­gyç­la­ry­ny dün­ýä de­re­je­sin­de iler­let­mek bi­len, Türk­me­nis­tan hal­ka­ra hyz­mat­daş­lygy üçin yg­ty­bar­ly bin­ýa­dy dö­red­ýär, özü­niň gym­mat­ly tej­ri­be­si­ni öz­leş­dir­ýär, bu tej­ri­be äh­lu­mu­my me­se­le­le­riň oňyn çö­zül­me­gi­ne uly go­şant bo­lar.

Bu me­se­le­le­riň äh­li­si — Ha­zar deň­zi­niň eko­lo­gi­ýa ul­ga­my­ny go­ra­mak, ulag gat­naw­la­ry, söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk hem-de yn­san­per­wer ul­ga­myn­da hyz­mat­daş­lyk me­se­le­le­ri Ga­za­gys­ta­nyň de­ňiz ýa­ka­syn­da­ky Ak­tau şä­he­rin­de 12-nji aw­gust­da bol­jak Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­ri­niň Baş­tu­tan­la­ry­nyň sam­mi­tin­de ara alyp mas­la­hat­laş­mak üçin gün ter­ti­bi­ne gi­ri­zi­ler. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bal­kan we­la­ýa­ty­na şu ge­zek­ki iş sa­pa­ry Türk­me­nis­ta­nyň bäş­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ry hem­me­ta­rap­la­ýyn gol­da­mak hem-de ony ös­dür­me­giň tä­ze gör­nüş­le­ri­ni öňe sür­mek bi­len, Ha­zar deň­zi­ni pa­ra­hat­çy­lyk, howp­suz­lyk we dö­re­di­ji­lik zo­la­gy­na öwür­mek üçin anyk ädim­le­ri äd­ýän­di­gi­ni ýe­ne bir ge­zek gör­kez­di.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter