Birža täzelikleri 6-nji Iýun | TDH
Ykdysadyýet

Birža täzelikleri 6-nji Iýun

 

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 35-si hasaba alyndy.

Daraşy ýurt walýatasyna ABŞ-dan, Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Singapurdan, Yrakdan, Gruziýadan we Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, dürli görnüşli awtoulag benzinini, göni arassalanan benzini, dizel ýangyjyny, jemlenen nebit koksuny satyn aldylar. Beýik Biritaniýadan, BAE-den we Owganystandan gelen işewürler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen göni arasalanan benzini we dizel ýangyjyny satyn aldylar. Mundan başga-da, Beýik Biritaniýanyň, Türkiýäniň we Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekilleri tehniki uglerod, karbamid we tehniki polipropilen haltalary (“Türkmenhimiýa” DK) satyn aldylar. Şeýle hem daşary ýurt walýutasyna pagta ýagy, nah ýüplük, maşyn gurulyşgynyň käbir önümleri (sorujylar!!!), pagta süýümi, dowarlaryň derileri, dokma önümçiliginiň galyndylary ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, Beýik Britaniýa, BAE, Türkiýe, Malta, Owganystan, Gyrgyzystan we beýlekiler. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 95 million 560 müň dollaryndan gowrak boldy.

Depozit manat serişdelerine Slowakiýadan gelen işewürler umumy bahasy 300 müň manada deň bolan nah ýüplük satyn aldylar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter