Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti wi­deo­şe­kil­li iş mas­la­ha­ty­ny ge­çir­di | TDH
Syýasat habarlary

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti wi­deo­şe­kil­li iş mas­la­ha­ty­ny ge­çir­di

опубликованно 13.08.2018 // 425 - просмотров
 

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedow gö­ni ara­gat­na­şyk­da no­bat­da­ky iş mas­la­ha­ty­ny ge­çir­di. Oňa Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň kä­bir orun­ba­sar­la­ry we we­la­ýat­la­ryň hä­kim­le­ri gat­naş­dy­lar. Iş mas­la­ha­ty­nyň do­wa­myn­da ýur­du­my­zy dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň mö­hüm we­zi­pe­le­ri­ne, Oba mil­li mak­sat­na­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­re hem-de öň­de bol­jak baý­ram­çy­lyk çä­re­le­ri­ne, şan­ly se­ne­le­re gö­rül­ýän taý­ýar­lyk iş­le­ri­ne we döw­let dur­mu­şy­na de­giş­li baş­ga-da bir­nä­çe mö­hüm me­se­le­le­re ga­ral­dy.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz iş mas­la­ha­ty­nyň gün ter­ti­bi­ne ge­çip, gö­ni ara­gat­na­şy­ga il­ki bi­len Ahal we­la­ýa­ty­nyň hä­ki­mi Ş.Aman­gel­di­ýe­wi ça­gyr­dy. Hä­kim hä­zir­ki dö­wür­de we­la­ýat­da, şol san­da se­bi­tiň oba ho­ja­lyk pu­da­gyn­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ýag­da­ýy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, go­wa­ça ideg et­mek we jo­gap­kär­li oba ho­ja­lyk möw­sü­mi bo­lan güýz­lük bug­daý eki­şi­ne hem-de pag­ta ýy­gy­my­na taý­ýar­lyk bo­ýun­ça ýaý­baň­lan­dy­ry­lan çä­re­ler ba­ra­da ha­bar be­ril­di. Şeý­le hem we­la­ýat­da gur­lu­şy­gy al­nyp ba­ryl­ýan des­ga­lar­da­ky iş­le­riň ýag­da­ýy we Gur­ban baý­ra­my my­na­sy­bet­li hem-de tä­ze okuw ýy­ly­na taý­ýar­lyk gör­mek bi­len bag­ly me­ýil­leş­di­ri­len çä­re­ler ba­ra­da aý­dyl­dy.

Mil­li Li­de­ri­miz oba ho­ja­ly­gyn­da bar bo­lan we­zi­pe­le­ri öz wag­tyn­da çöz­me­giň mö­hüm­di­gi­ne ün­si çe­kip, pag­ta ýy­gy­my möw­sü­mi­ni gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çir­me­giň ze­rur­dy­gy­ny bel­le­di. Şun­da, oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry­nyň, kom­baýn­la­ryň, trak­tor­la­ryň, aw­tou­lag­la­ryň we beý­le­ki se­riş­de­le­riň, pag­ta aras­sa­laý­jy kär­ha­na­la­ryň hem-de ha­sy­ly ka­bul ed­ýän bö­lüm­le­riň taý­ýar­ly­gy­nyň mö­hüm we­zi­pe­le­riň ha­ta­ryn­da dur­ýan­dy­gy bel­le­nil­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Gurbanguly Berdimuhamedow bug­daý eki­şi ba­ra­da du­rup ge­çip, bu ugur­da­ky äh­li ag­ro­teh­ni­ki iş­le­riň öz wag­tyn­da ta­mam­lan­ma­gy­nyň mö­hüm­di­gi­ne ün­si çek­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz we­la­ýat­da gur­lu­şy­gy al­nyp ba­ryl­ýan des­ga­lar­da­ky iş­le­riň ýag­da­ýy bi­len gy­zyk­la­nyp, bu ugur­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň hil de­re­je­si­ne hem-de des­ga­la­ryň bel­le­ni­len möh­let­de tab­şy­ryl­ma­gy­na berk gö­zeg­çi­li­gi ýo­la goý­ma­gy tab­şyr­dy. Şeý­le hem mil­li Li­de­ri­miz Gur­ban baý­ra­my my­na­sy­bet­li me­ýil­leş­di­ri­len çä­re­le­riň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­si­ni üp­jün et­mek bo­ýun­ça hä­ki­me bir­nä­çe gör­kez­me­le­ri ber­di.

Soň­ra Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň hä­ki­mi Ý.Gy­ly­jow gün­ba­tar se­bit­de al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ýag­da­ýy, oba ho­ja­ly­gyn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän iş­le­riň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän çä­re­ler, güýz­lük bug­daý eki­şi­ne taý­ýar­lyk, se­bi­tiň ila­ty­nyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­dyr­mak we şan­ly se­ne­le­re taý­ýar­lyk gör­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Oba mil­li mak­sat­na­ma­syn­dan ge­lip çyk­ýan we­zi­pe­le­ri iş­jeň ýe­ri­ne ýe­tir­mek bo­ýun­ça hä­ki­me bir­nä­çe anyk gör­kez­me­le­ri ber­di. Oba ho­ja­ly­gy­ny ne­ti­je­li ös­dür­mek, ýo­ka­ry hil­li oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­niň ön­dü­ril­ýän muk­da­ry­ny art­dyr­mak ug­run­da we­la­ýa­tyň äh­li kuw­wat­lyk­la­ry­nyň do­ly güý­jün­de iş­le­dil­me­gi wa­jyp bo­lup dur­ýar.

Mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedow güýz­lük bug­daý eki­şi­ne, öň­de dur­ýan we­zi­pe­le­riň çöz­gü­di­ne oý­la­ny­şyk­ly we top­lum­la­ýyn çe­me­leş­me­le­riň üp­jün edi­li­şi­ne gö­zeg­çi­li­giň ze­rur­dy­gy­ny bel­läp, äh­li de­giş­li dü­züm­le­riň saz­la­şyk­ly işi­ni ýo­la goý­ma­gy tab­şyr­dy.

Mun­dan baş­ga-da, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz gu­rul­ýan des­ga­lar­da­ky iş­le­riň ýag­da­ýy­na, Gur­ban baý­ra­my we mil­li se­ne­na­ma­myz­da mö­hüm orun eýe­le­ýän beý­le­ki şan­ly se­ne­ler my­na­sy­bet­li göz öňün­de tu­tul­ýan baý­ram­çy­lyk çä­re­le­ri­niň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­sin­de ýo­la go­ýul­ma­gy­na pug­ta gö­zeg­çi­lik et­mek ba­ra­da hä­ki­me anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.

Wi­deo­şe­kil­li iş mas­la­ha­ty Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň hä­ki­mi M.Baý­ram­gu­ly­ýe­wiň ha­sa­ba­ty bi­len do­wam et­di. Hä­kim se­bit­de al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ýag­da­ýy, go­wa­ça ag­ro­teh­ni­ki ka­da­la­ra la­ýyk de­re­je­de ideg et­mek, ola­ry mi­ne­ral dö­kün­ler bi­len iý­mit­len­dir­mek bo­ýun­ça ýaý­baň­lan­dy­ry­lan giň möç­ber­li çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Şeý­le hem ha­sa­ba­tyň do­wa­myn­da Oba mil­li mak­sat­na­ma­syn­da göz öňün­de tu­tu­lan dür­li mak­sat­ly des­ga­la­ryň gur­lu­şyk iş­le­ri­niň bar­şy ha­kyn­da ha­bar be­ril­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­ba­ty diň­läp, pag­ta ýy­gy­my­na de­giş­li de­re­je­de taý­ýar­lyk gör­mek bo­ýun­ça hä­ki­me bir­nä­çe tab­şy­ryk­la­ry ber­di. Möw­sü­miň ze­rur teh­ni­ka­lar we beý­le­ki se­riş­de­ler bi­len üp­jün­çi­lik me­se­le­le­ri he­mi­şe üns mer­ke­zin­de sak­lan­ma­ly­dyr. Mil­li Li­de­ri­miz güýz­lük bug­daý eki­şi­ne taý­ýar­lyk iş­le­ri­ne ün­si çe­kip, äh­li me­ýil­leş­di­ri­len ag­ro­teh­ni­ki iş­le­riň ýo­ka­ry de­re­je­de gu­ral­ma­gy, ýo­ka­ry ha­syl­ly to­hum­lyk se­riş­de­le­riň se­çi­lip alyn­ma­gy ba­bat­da bir­nä­çe tab­şy­ryk­la­ry ber­di. Şeý­le hem şa­ly eki­len meý­dan­lar­da ýaý­baň­lan­dy­ry­lan ideg iş­le­ri ýo­ka­ry de­re­je­de gu­ral­ma­ly­dyr.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz me­de­ni-dur­muş we önüm­çi­lik mak­sat­ly des­ga­la­ryň ýo­ka­ry hil de­re­je­si­niň üp­jün edil­me­gi­ne we şo­la­ryň öz wag­tyn­da ulan­ma­ga be­ril­me­gi­ne ün­si çe­kip, ýur­du­my­zyň Baş baý­ra­my my­na­sy­bet­li ulan­ma­ga be­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýän des­ga­lar­da­ky iş­le­riň dep­gin­le­ri­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­gy tab­şyr­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, mil­li Li­de­ri­miz, Gur­ban baý­ra­my­nyň hor­ma­ty­na göz öňün­de tu­tu­lan da­ba­ra­la­ry, tä­ze okuw ýy­ly­na taý­ýar­lyk iş­le­ri­ni gu­ra­mak bo­ýun­ça hä­ki­me bir­nä­çe anyk gör­kez­me­le­ri ber­di.

Soň­ra gö­ni ara­gat­na­şy­ga Le­bap we­la­ýa­ty­nyň hä­ki­mi T.Ata­hal­ly­ýew ça­gy­ryl­dy. Hä­kim hä­zir­ki dö­wür­de se­bit­de al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ýag­da­ýy, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pag­ta ýy­gy­my­na, güýz­lük bug­daý eki­şi­ne gu­ra­ma­çy­lyk­ly taý­ýar­lyk gör­mek we gu­rul­ýan des­ga­la­ryň öz wag­tyn­da ulan­ma­ga be­ril­me­gi­ni üp­jün et­mek bo­ýun­ça ozal be­ren tab­şy­ryk­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Şeý­le hem Gur­ban baý­ra­my my­na­sy­bet­li me­ýil­leş­di­ri­len baý­ram­çy­lyk çä­re­le­ri­ne hem-de tä­ze okuw ýy­ly­na gö­rül­ýän taý­ýar­lyk ba­ra­da aý­dyl­dy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz we­la­ýa­tyň hä­ki­mi­ne se­bi­tiň oba ho­ja­ly­gy­nyň dü­şe­wünt­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, daý­han­la­ryň ön­dü­ri­ji­lik­li zäh­me­ti üçin ze­rur şert­le­ri dö­ret­mek ba­bat­da ze­rur çä­re­le­ri gör­me­gi tab­şyr­dy. Meý­dan­lar­dan ýe­tiş­di­ri­len pag­ta ha­sy­ly­ny bel­le­ni­len möh­let­ler­de ýyg­nap al­mak üçin ýy­gym möw­sü­mi­ne top­lum­la­ýyn esas­da taý­ýar­lyk gö­rül­me­li­dir.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýer­le­ri güýz­lük bug­daý eki­şi­ne taý­ýar­la­mak iş­le­ri­ni çalt­lan­dyr­ma­gy tab­şyr­dy. Gel­jek ýy­lyň bol ha­sy­ly ug­run­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ag­ro­teh­ni­ki ta­lap­la­ra la­ýyk gel­me­gi, şeý­le hem oba ho­ja­lyk möw­sü­mi­niň üs­tün­lik­li ge­çi­ril­me­gi üçin da­hyl­ly dü­züm­le­riň saz­la­şyk­ly işi­niň üp­jün edil­me­gi­niň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di.

Mil­li Li­de­ri­miz eke­ran­çy­lyk meý­dan­la­ryn­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler bi­len bir ha­tar­da, we­la­ýa­ty dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­re aý­ra­tyn üns be­ril­me­li­di­gi­ni bel­läp, de­giş­li hä­zir­ki za­man dü­züm­le­ri­ni ke­ma­la ge­tir­mek bo­ýun­ça gör­kez­me­le­ri ber­di. Mun­dan baş­ga-da, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz öň­de bol­jak şan­ly se­ne­le­re taý­ýar­lyk çä­re­le­ri­niň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­si­ni üp­jün et­me­gi tab­şyr­dy.

Soň­ra Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň hä­ki­mi D.An­na­ber­di­ýew se­bit­de al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ýag­da­ýy, şol san­da jo­gap­kär­li oba ho­ja­lyk möw­süm­le­ri­ne gu­ra­ma­çy­lyk­ly gi­riş­mek, şeý­le hem ila­tyň dur­muş de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça ýaý­baň­lan­dy­ry­lan mak­sat­na­ma­la­ýyn çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Ha­sa­ba­tyň do­wa­myn­da Oba mil­li mak­sat­na­ma­syn­da kes­git­le­nen we­zi­pe­le­riň ýe­ri­ne ýe­tir­li­şi ba­ra­da aý­dyl­dy. Baý­ram­çy­lyk çä­re­le­ri­ne we mil­li se­ne­na­ma­my­zyň şan­ly se­ne­le­ri­ne gö­rül­ýän taý­ýar­lyk iş­le­ri ha­sa­ba­tyň öze­ni­ni düz­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz pag­ta ýy­gy­my we güýz­lük bug­daý eki­şi möw­süm­le­ri­ni gu­ra­ma­çy­lyk­ly hem-de bel­le­ni­len möh­let­ler­de ge­çir­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly äh­li me­se­le­le­riň öz wag­tyn­da çö­zül­me­gi­niň ze­rur­dy­gy­na ün­si çe­kip, oba ho­ja­ly­gy­na de­giş­li äh­li dü­züm­le­riň ne­ti­je­li işi­ni ýo­la goý­ma­gy tab­şyr­dy. Mil­li Li­de­ri­miz oba ho­ja­lyk önüm­çi­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­gyň hem-de ekin do­la­ny­şy­gyn­da eke­ran­çy­lyk ýer­le­ri­ni ne­ti­je­li peý­da­lan­ma­gyň we top­ra­gyň dö­kün­ler bi­len gurp­lan­dy­ryl­ma­gy­nyň, ýo­ka­ry hil­li to­hum se­riş­de­le­ri­ni saý­la­ma­gyň, su­wa­ryş iş­le­ri­ni ge­çir­me­giň döw­rüň mö­hüm me­se­le­si­di­gi­ni bel­läp, hä­ki­me bu ba­bat­da de­giş­li tab­şy­ryk­la­ry ber­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Gurbanguly Berdimuhamedow we­la­ýat­da dür­li des­ga­la­ryň gur­lu­şy­gy­nyň öz wag­tyn­da ta­mam­la­nyl­ma­ly­dy­gy­na ün­si çe­kip, hä­ki­me bir­nä­çe anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di. Şeý­le hem öň­de bol­jak Gur­ban baý­ra­my­ny ge­çir­mek hem-de tä­ze okuw ýy­ly­ny my­na­syp gar­şy­la­mak ba­bat­da tab­şy­ryk­lar be­ril­di.

Soň­ra döw­let Baş­tu­ta­ny­myz gö­ni ara­gat­na­şy­ga Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry E.Oraz­gel­di­ýe­wi ça­gyr­dy. Wi­se-prem­ýer we­la­ýat­lar­da al­nyp ba­ryl­ýan möw­süm­le­ýin oba ho­ja­lyk iş­le­ri­niň ne­ti­je­le­ri, şol san­da pag­ta ýy­gy­my­na we güýz­lük bug­daý eki­şi­ne gö­rül­ýän taý­ýar­lyk iş­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, ýur­du­my­zyň äh­li we­la­ýat­la­ryn­da go­wa­ça ideg et­mek, ha­ta­ra­ra be­jer­gi iş­le­ri­ni ge­çir­mek, mi­ne­ral dö­kün­ler bi­len iý­mit­len­dir­mek, zy­ýan be­ri­ji­le­re gar­şy gö­reş­mek bo­ýun­ça çä­re­ler gu­ra­ma­çy­lyk­ly al­nyp ba­ryl­ýar. Go­wa­ça­la­ryň ha­syl top­laý­şy ka­da la­ýyk. Şun­luk­da, ýy­gym möw­sü­mi­ne taý­ýar­lyk iş­le­ri ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy.

Şeý­le hem wi­se-prem­ýer Döw­let ýer ka­dast­ry­ny düz­mek bo­ýun­ça me­ýil­na­ma­nyň taý­ýar­la­nan­dy­gy we bu ugur­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­ba­ty diň­läp, wi­se-prem­ýe­re äh­li me­ýil­leş­di­ri­len oba ho­ja­lyk iş­le­ri­ni gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çir­mek, ag­ro­teh­ni­ki ka­da­la­ry berk ber­jaý et­mek ba­bat­da bir­nä­çe tab­şy­ryk­la­ry ber­di. Pag­ta ýy­gy­my we bug­daý eki­şi möw­süm­le­ri­niň ze­rur bo­lan teh­ni­ki se­riş­de­ler bi­len üp­jün­çi­li­gi yzy­gi­der­li üns mer­ke­zin­de sak­lan­ma­ly­dyr. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow wa­jyp oba ho­ja­lyk möw­süm­le­ri­ni ýo­ka­ry hil­li ge­çir­mek we ýyg­na­lan ha­sy­ly de­giş­li de­re­je­de sak­la­mak bo­ýun­ça ze­rur çä­re­le­ri üp­jün et­me­gi wi­se-prem­ýer­den berk ta­lap et­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Döw­let ýer ka­dast­ry­ny düz­mek ba­ra­da­ky me­se­lä ge­çip, eke­ran­çy­lyk meý­dan­la­ry­ny, ag­ro­hi­mi­ýa, geo­bo­ta­ni­ki ul­gam­la­ry we beý­le­ki top­ra­gy yl­my taý­dan bar­la­mak iş­le­ri­ni top­lum­la­ýyn esas­da alyp bar­mak me­se­le­le­ri­ni he­mi­şe gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­gy tab­şyr­dy.

Soň­ra gö­ni ara­gat­na­şyk­da ge­çi­ril­ýän iş mas­la­ha­ty­na Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry B.Ab­dy­ýe­wa ça­gy­ryl­dy.

Wi­se-prem­ýer Gur­ban baý­ra­my, Wa­ta­ny­my­zyň Ga­raş­syz­lyk gü­ni my­na­sy­bet­li, şeý­le hem Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň yg­lan eden “Türk­me­niň Al­tyn asy­ry” bäs­le­şi­gi­niň je­mi­ni jem­le­mek bo­ýun­ça ýaý­baň­lan­dy­ry­lan baý­ram­çy­lyk çä­re­le­ri, ola­ra gö­rül­ýän taý­ýar­lyk iş­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, öň­de bol­jak baý­ram­çy­lyk çä­re­le­ri­niň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­si­ni üp­jün et­me­gi tab­şyr­dy. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, köp san­ly türk­me­nis­tan­ly­la­ry we ýur­du­my­zyň myh­man­la­ry­ny öz içi­ne al­ýan giň möç­ber­li baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­la­ry mil­li öwüş­gin, çuň­ňur ma­ny-maz­mun bi­len ta­pa­wut­lan­ma­ly­dyr we türk­men hal­ky­nyň baý ru­hy mi­ra­sy­ny dün­ýä ýü­zün­de wa­gyz et­me­li­dir.

Gur­ban baý­ra­my my­na­sy­bet­li me­ýil­leş­di­ri­len me­de­ni-köp­çü­lik­le­ýin çä­re­le­riň taý­ýar­ly­gy­na de­gip ge­çip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow wi­se-prem­ýe­re ola­ry ýo­ka­ry de­re­je­de, mil­li ýö­rel­ge­le­ri­mi­ze la­ýyk­lyk­da gu­ra­mak bo­ýun­ça anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, mu­kad­des Gur­ban baý­ra­my hal­ky­my­zyň iň söý­gü­li baý­ram­la­ry­nyň bi­ri bol­mak bi­len, ol dost­luk we hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk da­ba­ra­sy­dyr, mu­sul­man halk­la­ry­nyň ta­ry­hy-me­de­ni umu­my­ly­gy­ny äş­gär ed­ýän we yn­san­per­wer­li­ge, bi­rek-bi­re­ge hor­mat goý­ma­ga ruh­lan­dyr­ýan se­ne­dir. Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 27 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li me­ýil­leş­di­ri­len da­ba­ra­la­ra taý­ýar­lyk gör­mek ba­ba­tyn­da aý­ra­tyn tab­şy­ryk­lar be­ril­di.

Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 27 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li me­ýil­leş­di­ril­ýän da­ba­ra­lar ba­ra­da anyk gör­kez­me­ler be­ril­di. Biz dö­re­di­ji­lik iş­gär­le­rin­den çuň­ňur ma­ny­ly, gy­zyk­ly eser­le­re, hä­zir­ki döw­rüň ru­hu­na la­ýyk gel­ýän hem-de özyg­ty­ýar­ly Wa­ta­ny­my­zyň ýe­ten de­re­je­si­ni, zäh­met­sö­ýer we eder­men hal­ky­my­zy wasp ed­ýän te­le we ra­dio gep­le­şik­le­re, sah­na oýun­la­ry­na, saz eser­le­ri­ne ga­raş­ýa­rys di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Gurbanguly Berdimuhamedow nyg­ta­dy.

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň “Türk­me­niň Al­tyn asy­ry” bäs­le­şi­gi­niň jem­le­ri­ni jem­le­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­re de­gip ge­çip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow dö­re­di­ji­lik iş­gär­le­ri­niň zäh­me­ti­ne my­na­syp ba­ha ber­me­giň hem-de ýur­du­my­zyň me­de­ni­ýet we sun­gat us­sat­la­ry­ny ruh­lan­dyr­mak üçin mun­dan beý­läk-de ze­rur şert­le­riň dö­re­dil­me­gi­niň ze­rur­dy­gy­ny bel­le­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, mil­li Li­de­ri­miz “Türk­me­niň Al­tyn asy­ry” dö­re­di­ji­lik bäs­le­şi­gi­niň jem­le­ri­ni jem­le­mek çä­re­le­ri­niň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­si­ni üp­jün et­mek bo­ýun­ça anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.

Wi­deo­şe­kil­li iş mas­la­ha­ty­ny ta­mam­lap, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz oňa gat­na­şy­jy­la­ra ýur­du­my­zyň dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­me­gi, türk­men hal­ky­nyň aba­dan­çy­ly­gy­nyň ýo­kar­lan­ma­gy, mäh­ri­ban Wa­ta­ny­my­zyň mun­dan beý­läk-de gül­läp ös­me­gi ug­run­da alyp bar­ýan iş­le­rin­de uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.

 
 

Copyright 2012-2018 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter