Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti bi­len Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Pre­zi­den­ti­niň ara­syn­da­ky du­şu­şyk | TDH
Syýasat habarlary

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti bi­len Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Pre­zi­den­ti­niň ara­syn­da­ky du­şu­şyk

опубликованно 15.08.2018 // 618 - просмотров
 

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň So­çi şä­he­ri­ne iş sa­pa­ry­ny ama­la aşyr­dy, bu ýer­de mil­li Li­de­ri­miz bi­len Pre­zi­dent Wla­di­mir Pu­ti­niň du­şu­şy­gy ge­çi­ril­di. Aş­ga­ba­dyň Hal­ka­ra ho­wa men­zi­lin­de döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zy ýur­du­my­zyň res­mi adam­la­ry ug­rat­dy­lar.

Bu sa­par hem-de onuň çäk­le­rin­de ge­çi­ri­len ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki türk­men-rus du­şu­şy­gy iki ýur­duň däp bo­lan dost­luk we hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry­na yg­rar­ly­dy­gy­nyň hem-de mun­dan beý­läk-de äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň mak­sat­la­ry­na la­ýyk gel­ýän ne­ti­je­li döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry hem­me­ta­rap­la­ýyn pug­ta­lan­dyr­ma­ga bo­lan gy­zyk­lan­ma­la­ry­nyň su­but­na­ma­sy­na öw­rül­di. Öza­ra gat­na­şyk­la­ryň köp­ýyl­lyk tej­ri­be­si­ne da­ýa­nyp, Türk­me­nis­tan we Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy ta­ra­pyn­dan yg­lan edi­len Dur­nuk­ly ösü­şiň äh­lu­mu­my mak­sat­la­ry­na ýet­mek ug­run­da stra­te­gik hä­si­ýe­te eýe bo­lan iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ryň pa­ra­hat­çy­lyk dö­re­di­ji­lik­li bin­ýat­la­ry­ny mun­dan beý­läk-de pug­ta­lan­dyr­ma­ga öza­ra peý­da­ly gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­me­gi­ne taý­ýar­dyk­la­ry­ny tas­syk­la­ýar­lar.

Iki ýur­duň Döw­let baý­dak­la­ry bi­len be­ze­len So­çi­niň Hal­ka­ra ho­wa men­zi­lin­de mil­li Li­de­ri­mi­zi res­mi adam­lar gar­şy­la­dy­lar. Mä­lim bol­şy ýa­ly, Ga­ra deň­ziň ke­na­ryn­da ýer­leş­ýän bu şä­her Rus­si­ýa­nyň iri yk­dy­sa­dy, me­de­ni we şy­pa­ha­na mer­kez­le­ri­niň bi­ri hem-de onuň wa­jyp ulag ge­çel­ge­si bo­lup dur­ýar.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ho­wa men­zi­lin­den Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Pre­zi­den­ti Wla­di­mir Pu­ti­niň ka­bul­ha­na­sy­na ta­rap ug­ra­dy.

Rus­si­ýa­nyň Baş­tu­ta­ny be­lent mer­te­be­li myh­ma­ny mä­hir­li gar­şy­lap, türk­men kär­de­şi­ne So­çä ge­lip gör­mek üçin ibe­ri­len ça­ky­ly­gy ka­bul eden­di­gi, türk­men-rus gat­na­şyk­la­ry­nyň hä­zir­ki ýag­da­ýy we gel­jek­ki ösü­şi, şol san­da yk­dy­sa­dy we dur­muş ul­gam­la­ryn­da­ky, yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ryň ýag­da­ýy, hal­ka­ra gi­ňiş­lik­de hyz­mat­daş­lyk et­me­giň me­se­le­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­mak bo­ýun­ça res­mi däl ýag­daý­da du­şu­şyk ge­çir­ýän­di­gi üçin sag­bol­sun aýt­dy.

Pre­zi­dent Wla­di­mir Pu­ti­ne mä­hir­li ka­bul eden­di­gi üçin min­net­dar­lyk bil­di­rip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Türk­me­nis­ta­nyň we Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň bi­rek-bi­re­ge hor­mat goý­mak esa­syn­da­ky döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­ýan stra­te­gik hyz­mat­daş­lar bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny bel­le­di.

Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, mil­li Li­de­ri­miz iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň kes­git­le­nen me­ýil­na­ma­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça bi­le­lik­dä­ki Hö­kü­me­ta­ra to­pa­ry­nyň işi­niň ne­ti­je­li hä­si­ýe­te eýe­di­gi­ni nyg­ta­dy.

Pur­sat­dan peý­da­la­nyp, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz özü­niň rus­si­ýa­ly kär­de­şi­ni fut­bol bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çen­di­gi we onuň ýo­ka­ry de­re­jä eýe bol­ma­gy bi­len gut­la­dy.

Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Baş­tu­ta­ny­nyň dur­nuk­ly­ly­gyň we howp­suz­ly­gyň üp­jün edil­me­gi­niň bäh­bi­di­ne hal­ka­ra gi­ňiş­lik­de ägirt uly iş­le­ri bi­tir­ýän­di­gi­ni bel­läp, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Pre­zi­dent Wla­di­mir Pu­ti­ne iki ýur­duň ara­syn­da­ky dost­luk gat­na­şyk­la­ryň ber­ki­dil­me­gi­ne goş­ýan şah­sy go­şan­dy üçin min­net­dar­lyk bil­dir­di we oňa jo­gap­kär­li döw­let işin­de uly üs­tün­lik­ler, Rus­si­ýa­nyň hal­ky­na bol­sa aba­dan­çy­lyk we gül­läp ösüş ar­zuw et­di.

Soň­ra iki ýur­duň Li­der­le­ri res­mi däl ýag­daý­da ozal ga­za­ny­lan iki­ta­rap­la­ýyn yla­la­şyk­la­ry we gel­jek üçin me­ýil­na­ma­la­ry iş ýü­zün­de dur­mu­şa ge­çir­me­giň çäk­le­rin­de onuň mö­hüm ugur­la­ryn­da­ky döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň wa­jyp me­se­le­le­ri bo­ýun­ça pi­kir alyş­dy­lar.

Iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ryň ägirt uly ka­da­laş­dy­ry­jy-hu­kuk bin­ýa­dy Türk­me­nis­ta­nyň we Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň uzak ­möh­let­le­ýin gat­na­şyk­la­ra yg­rar­ly­dy­gy­nyň no­bat­da­ky su­but­na­ma­sy­dyr. Ge­çen ýyl Wla­di­mir Pu­ti­niň ýur­du­my­za bo­lan res­mi sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de Aş­ga­bat­da ge­çi­ri­len ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki du­şu­şy­gyň jem­le­ri bo­ýun­ça gol çe­ki­len we äh­li ugur­lar bo­ýun­ça öza­ra peý­da­ly gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len res­mi­na­ma­la­ryň giň top­lu­my onuň üs­tü­ni ýe­tir­di.

2017 — 2019-njy ýyl­lar üçin ni­ýet­le­nen de­giş­li Hö­kü­me­ta­ra mak­sat­na­ma yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gyň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni do­ly de­re­je­de dur­mu­şa ge­çir­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. Öz­bo­luş­ly “ýol kar­ta­sy­na” öw­rü­len üç ýyl­lyk dö­wür bu ul­gam­da­ky türk­men-rus gat­na­şyk­la­ry­nyň äh­li ugur­la­ry­ny, şol san­da söw­da, se­na­gat, ener­ge­ti­ka, oba ho­ja­ly­gy, ulag, ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­lar, hyz­mat­lar ul­ga­my we beý­le­ki pu­dak­la­ry öz içi­ne al­ýar.

Mu­nuň özi amat­ly ma­ýa go­ýum ýag­da­ýy­ny ha­sa­ba al­mak bi­len, da­şa­ry ýurt­la­ryň, şol san­da Rus­si­ýa­nyň işe­wür to­par­la­ry­nyň gel­je­gi uly türk­men ba­za­ry­na bo­lan is­leg­le­ri­ni şert­len­dir­ýär. Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň bir­nä­çe bel­li kom­pa­ni­ýa­la­ry ýur­du­myz­da köp ýyl­la­ryň do­wa­myn­da ne­ti­je­li iş alyp bar­ýar­lar.

Hyz­mat­daş­ly­gyň ile­ri tu­tul­ýan ug­ry ha­sap­lan­ýan ulag pu­da­gy hä­zir­ki şert­ler­de dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň bin­ýat­lyk ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Mä­lim bol­şy ýa­ly, özü­niň geog­ra­fik we geo­sy­ýa­sy taý­dan amat­ly ýer­leş­me­gin­den ugur alyp, Türk­me­nis­tan se­bit hem-de yk­lym äh­mi­ýet­li mul­ti­mo­dal ulag-üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­ri­ni dö­ret­mek bo­ýun­ça giň möç­ber­li tas­la­ma­la­ry öňe sür­ýär we ola­ry yzy­gi­der­li dur­mu­şa ge­çir­ýär. Türk­men­ba­şy­da­ky tä­ze Hal­ka­ra de­ňiz por­tu­nyň ulan­ma­ga be­ril­me­gi bu ugur­da­ky wa­jyp ädi­me öw­rül­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, iki ýur­duň Ha­zar deň­zin­dä­ki port dü­züm­le­ri­ni, şol san­da Türk­men­ba­şy we Ast­ra­han şä­her­le­ri­niň ara­syn­da­ky gä­mi gat­naw­la­ry­ny ne­ti­je­li ös­dür­mek gel­je­gi uly ugur ha­sap­la­nyl­ýar.

Dün­ýä­niň ener­ge­ti­ka ýur­dy ha­sap­lan­ýan hem-de ägirt uly ug­le­wo­do­rod se­riş­de­le­ri­ne eýe bo­lan iki döw­let üçin hem ener­ge­ti­ka pu­da­gy iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ryň mö­hüm ugur­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da gör­ke­zil­di.

Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da Pre­zi­dent­ler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Wla­di­mir Pu­tin döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň mö­hüm bö­le­gi bo­lan yn­san­per­wer ul­ga­m­da­ky gat­na­şyk­la­ryň mun­dan beý­läk-de ös­dü­ril­me­gi­ne, ne­ti­je­li bi­lim, ylym we me­de­ni hyz­mat­daş­ly­gyň ber­ki­dil­me­gi­ne ynam bil­dir­di­ler.

Ta­rap­lar türk­men-rus gat­na­şyk­la­ry­nyň de­re­je­si­ne we onuň maz­mu­ny­na ýo­ka­ry ba­ha be­rip, se­bit­le­ýin we äh­lu­mu­my gün ter­ti­bi­niň bir­nä­çe mö­hüm me­se­le­le­ri bo­ýun­ça pi­kir alyş­dy­lar. Olar äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gy, howp­suz­ly­gy we aba­dan­çy­ly­gy üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň we Rus­si­ýa­nyň BMG-niň hem-de beý­le­ki ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň çäk­le­rin­de äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gy, howp­suz­ly­gy we aba­dan­çy­ly­gy üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len, ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ra yg­rar­ly­dy­gy­ny bel­le­di­ler. Şu­nuň ýa­ly ýa­kyn gat­na­şyk­lar iki ýur­duň halk­la­ry­nyň düýp­li bäh­bit­le­ri­ne la­ýyk gel­ýär, äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gyň, howp­suz­ly­gyň we aba­dan­çy­ly­gyň üp­jün edil­me­gi­ne uly go­şant bo­lup dur­ýar.

Pre­zi­dent­ler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Wla­di­mir Pu­tin ge­çi­ri­len ne­ti­je­li gep­le­şik­le­riň je­mi­ni jem­läp, şu gün­ki du­şu­şy­gyň we ga­za­ny­lan yla­la­şyk­la­ryň ga­dy­my dost­luk däp­le­ri­ne, deň­hu­kuk­ly­lyk, bi­rek-bi­re­ge hor­mat goý­mak hem-de mö­hüm hyz­mat­daş­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne da­ýan­ýan türk­men-rus gat­na­şyk­la­ry­nyň mun­dan beý­läk-de saz­la­şyk­ly ös­dü­ril­me­gi­ne ýar­dam et­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di­ler. Türk­me­nis­ta­nyň we Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Baş­tu­tan­la­ry hoş­la­şan­la­ryn­da, bi­rek-bi­re­ge we iki ýur­duň halk­la­ry­na iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny aýt­dy­lar.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow iş sa­pa­ry­ny ta­mam­lap, So­çi şä­he­ri­niň Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li­ne gel­di. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň uça­ry bu ýer­den Wa­ta­ny­my­za ta­rap ugur al­dy.

Bir ýa­rym sa­gat­dan soň hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň uça­ry Türk­men­ba­şy şä­he­ri­niň Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li­ne ge­lip gon­dy. Bu ýer­de döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zy ýur­du­my­zyň res­mi adam­la­ry gar­şy­la­dy­lar.

 
 

Copyright 2012-2018 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter