Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň hal­ky­na | TDH
Syýasat habarlary

Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň hal­ky­na

опубликованно 22.08.2018 // 1337 - просмотров
 

Mäh­ri­ban hal­kym!
Eziz wa­tan­daş­lar!

Si­zi ru­hy tä­miz­li­giň hem-de yn­san­per­wer­li­giň aja­ýyp baý­ra­my bo­lan mu­kad­des Gur­ban baý­ra­my bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­ýa­ryn!

Gur­ban­lyk adam­za­dyň ah­lak-edep ýö­rel­ge­le­ri­ni, dog­ru­çyl­ly­gy we päk­li­gi ün­de­ýän, ag­zy­bir­li­gi we je­bis­li­gi dün­ýä ýaý­ýan, jem­gy­ýe­ti­miz­de äh­lu­mu­my ru­hu­be­lent­li­gi dö­red­ýän ga­dy­my baý­ram­dyr. Bu baý­ra­myň düýp maz­mu­nyn­da hal­ky­my­zyň müň­ýyl­lyk­la­ryň do­wa­myn­da ne­sil­den-nes­le ge­çi­rip gel­ýän pa­ra­hat­çy­lyk, dost-do­gan­lyk, yn­san­per­wer­lik ýa­ly mil­li ga­ra­ýyş­la­ry, be­lent ru­hy gym­mat­lyk­la­ry, ynanç-yg­ty­kat­la­ry, däp-des­sur­la­ry, dur­mu­şy ka­da­la­ry jem­le­nen­dir. Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de jem­gy­ýe­ti­mi­zi me­de­ni-ru­hy taý­dan kä­mil­leş­dir­mek­de we baý­laş­dyr­mak­da, ag­zy­bir­li­gi­mi­zi we je­bis­li­gi­mi­zi pug­ta­lan­dyr­mak­da Gur­ban baý­ra­my­nyň or­ny we äh­mi­ýe­ti örän ulu­dyr.

Her gü­ni şan-şöh­rat­ly, ta­ry­hy äh­mi­ýet­li sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy we me­de­ni wa­ka­la­ra baý «Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi» diý­lip yg­lan edi­len ýyl­da hem Gur­ban baý­ra­my ata-ba­ba­la­ry­myz­dan mi­ras ga­lan däp-des­sur­la­ry­my­za la­ýyk­lyk­da, üç gü­nüň do­wa­myn­da döw­let de­re­je­sin­de uly ru­hu­be­lent­lik we şat­lyk bi­len, giň­den bel­le­nil­ýär.

Mu­kad­des Gur­ban­lyk gün­le­rin­de dün­ýä­de dur­nuk­ly ös­ýän şä­her­le­riň bi­ri bo­lan gö­zel paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat­da, ýur­du­my­zyň äh­li kün­jek­le­rin­de hal­ky­my­zyň yn­san­per­wer­lik we wa­tan­sö­ýü­ji­lik duý­gu­la­ry­ny art­dyr­ýan baý ma­ny-maz­mun­ly da­ba­ra­lar ge­çi­ril­ýär. Her maş­ga­la­da na­zy-nyg­mat­ly sa­çak­lar giň­den ýa­zy­lyp, ýü­rek­den buý­san­ýan Ga­raş­syz, Bi­ta­rap Wa­ta­ny­my­zyň dün­ýä­dä­ki ab­raý-mer­te­be­si­niň mun­dan beý­läk-de be­len­de gal­ma­gy­nyň, ýurt aba­dan­çy­ly­gy­nyň, il dynç­ly­gy­nyň hem-de ro­waç­ly­gy­nyň ha­ty­ra­sy­na gur­ban­lyk sa­da­ka­la­ry ber­lip, do­ga-di­leg­ler edil­ýär.

Şu ýyl hem Gur­ban baý­ra­my gün­le­rin­de wa­tan­daş­la­ry­my­zyň uly to­pa­ry ke­ra­mat­ly Mek­gä we Me­di­nä haj amal­la­ry­ny ber­jaý et­mek üçin Sa­ud Ara­bys­ta­ny Pa­ty­şa­ly­gy­na zy­ýa­ra­ta ibe­ril­di. Mu­nuň özi adam üçin äh­li şert­ler dö­re­di­len ber­ka­rar döw­le­ti­miz­de ag­zy­bir­li­gi­mi­zi ala­mat­lan­dyr­ýan asyl­ly däp­le­ri­mi­ziň my­na­syp do­wam et­di­ril­ýän­di­gi­ni aý­dyň tas­syk­la­ýar.

Eziz hal­kym!

Dün­ýä halk­la­ry bi­len bir­lik­de türk­men hal­ky­nyň hem yn­sa­ny be­lent ah­lak­ly­ly­ga, wyž­dan päk­li­gi­ne ug­ruk­dyr­ýan il­kin­ji din­le­riň ke­ma­la gel­me­gin­de, ynanç-yg­ty­kat­la­ryň, adat-des­sur­la­ryň, yn­san­per­wer we dün­ýe­wi gym­mat­lyk­la­ryň dö­re­me­gin­de hem-de baý­laş­ma­gyn­da or­ny örän ulu­dyr. Şo­ňa gö­rä-de, ata-ba­ba­la­ry­myz­dan mi­ras ga­lan mu­kad­des däp­le­ri­mi­ze buý­san­ma­ly­dy­rys.

Bu ýö­rel­ge­ler ru­hy me­de­ni­ýe­ti­mi­zi baý­laş­dyr­mak bi­len bir­lik­de, ne­sil­ler­de be­ýik wa­tan­sö­ýü­ji­lik buý­san­jy­ny hem-de yn­san­per­wer duý­gy­ny ter­bi­ýe­le­ýär.

Biz üs­tün­den ga­dy­my ker­wen ýol­la­ry ge­çen ata Wa­ta­ny­myz­da Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň dö­re­di­ji­lik güý­jü­ne, yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň kuw­wat­ly müm­kin­çi­lik­le­ri­ne, ta­ry­hy-me­de­ni mi­ra­sy­my­za, mil­li ýö­rel­ge­le­ri­mi­ze da­ýa­nyp, tä­ze ta­ry­hy­my­zyň ýe­ňiş­li sa­hy­pa­la­ry­ny ýaz­ýa­rys. Mer­da­na hal­ky­my­zyň dur­mu­şy­nyň my­na­syp de­re­je­si­ni we hi­li­ni üp­jün ed­ýä­ris. Bü­tin dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy, dost-do­gan­ly­gy we dur­nuk­ly ösü­şi ga­zan­mak ug­run­da hal­ka­ra bi­le­le­şi­giň ta­gal­la­la­ry­ny hem­me­ta­rap­la­ýyn gol­da­ýan, mak­sa­da gö­nük­di­ri­len da­şa­ry sy­ýa­sa­ty alyp bar­ýan Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap döw­le­ti­mi­ziň ab­ra­ýy­ny bar­ha be­len­de gal­dyr­ýa­rys. Biz saý­lap alan şu ýo­lu­myz bi­len he­mi­şe öňe gi­de­ris.

Mäh­ri­ban hal­kym!
Eziz wa­tan­daş­lar!

Si­zi mu­kad­des Gur­ban baý­ra­my bi­len ýe­ne-de bir ge­zek tüýs ýü­rek­den gut­la­ýa­ryn!

Goý, ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň Ýer ýü­zün­dä­ki at-ab­ra­ýy­nyň has-da be­len­de gal­ma­gy, il-gü­nü­mi­ziň ag­zy­bir­li­gi üçin et­jek do­ga-di­leg­le­ri­ňiz, gur­ban­lyk sa­da­ka­la­ry­ňyz hem-de baý­ram na­maz­la­ry­ňyz gud­ra­ty güýç­li Be­ýik Bi­ri­ba­ryň der­gä­hin­de ka­bul bol­sun!

Si­ze berk jan sag­lyk, uzak ömür, eg­sil­mez bagt, be­dew ba­dy bi­len ösüş­le­riň tä­ze sep­git­le­ri­ne ta­rap ynam­ly öňe bar­ýan ata Wa­ta­ny­my­zyň mun­dan beý­läk-de gül­läp ös­me­gi ug­run­da alyp bar­ýan iş­le­ri­ňiz­de uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw ed­ýä­rin!

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter