Türkmenistanyň Hökümetiniň bilelikdäki göçme mejlisi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Hökümetiniň bilelikdäki göçme mejlisi

опубликованно 22.08.2018 // 1066 - просмотров
 

«Now­ruz ýaý­la­sy­nyň ak öýi” bi­na­syn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti­niň bi­le­lik­dä­ki göç­me mej­li­si­ni ge­çir­di. On­da ýur­du­my­zy dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­la­ry­ny ama­la aşyr­ma­gyň bar­şy­na se­re­dil­di, hal­ky­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­ny üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len içer­ki sy­ýa­sa­ty dur­mu­şa ge­çir­mek­de gel­jek­ki we­zi­pe­ler hem-de döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň beý­le­ki bir­nä­çe mö­hüm me­se­le­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Hö­kü­me­tiň bi­le­lik­dä­ki mej­li­si­niň gün ter­ti­bi­ne ge­çip, il­ki bi­len, Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry G.My­ra­do­wa söz ber­di. Wi­se-prem­ýer mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň pu­dak­la­ry­ny ös­dür­mä­ge ge­çi­ri­len sel­jer­me­le­riň ne­ti­je­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Wi­se-prem­ýe­riň ha­bar ber­şi ýa­ly, ýur­du­myz­da ama­la aşy­ryl­ýan top­lum­la­ýyn öz­gert­me­le­riň ne­ti­je­sin­de, halk ho­ja­lyk top­lu­my­nyň äh­li pu­dak­la­ry­nyň dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün edil­ýär.

Se­na­gat, gur­lu­şyk, ulag we ara­gat­na­şyk, söw­da, oba ho­ja­ly­gy hem-de hyz­mat­lar ul­ga­my ýa­ly mö­hüm ugur­lar­da oňat gör­ke­zi­ji­ler ga­za­nyl­ýar. Önüm ön­dü­ri­li­şi, bö­lek ha­ryt do­la­ny­şy­gy­nyň möç­be­ri yzy­gi­der­li art­ýar. Şeý­le hem ýur­du­my­zyň se­bit­le­rin­de al­nyp ba­ryl­ýan önüm­çi­lik we dur­muş-me­de­ni äh­mi­ýet­li des­ga­la­ryň gur­lu­şy­gy ba­ra­da ha­bar be­ril­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, mil­li we döw­let mak­sat­na­ma­la­ryn­da kes­git­le­nen iş­le­riň öz wag­tyn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ni berk gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­gyň wa­jyp­dy­gy­ny bel­le­di. Yk­dy­sa­dy­ýe­tiň bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­mak hem-de eks­port kuw­wa­ty­ny art­dyr­mak üçin de­giş­li çä­re­le­ri gör­me­li di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz sö­zü­ni do­wam et­di.

Mil­li Li­de­ri­miz ma­ýa go­ýum­la­ry çek­me­giň halk ho­ja­lyk top­lu­my­ny dep­gin­li ös­dür­me­giň mö­hüm şer­ti­di­gi­ni nyg­tap, wi­se-prem­ýe­re bir­nä­çe anyk gör­kez­me­le­ri ber­di.

Soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry M.Me­re­dow ýur­du­my­zyň ne­bit­gaz pu­da­gyn­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler, şol san­da te­bi­gy ga­zyň, gaz kon­den­sa­ty­nyň we su­wuk­lan­dy­ry­lan ga­zyň ön­dü­ril­ýän hem-de şo­la­ryň da­şa­ry ýurt­la­ra ibe­ril­ýän möç­be­ri­ni art­dyr­mak mak­sa­dy bi­len ge­çi­ril­ýän iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, Türk­me­nis­ta­nyň eýe bo­lan baý te­bi­gy se­riş­de­le­ri­niň ne­ti­je­li ula­nyl­ma­gy­nyň ýur­du­myz­da ýaý­baň­lan­dy­ry­lan, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň saz­la­şyk­ly ösü­şi­ni üp­jün et­mä­ge, ila­tyň hal-ýag­da­ýy­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len giň ge­rim­li öz­gert­me­le­ri dur­mu­şa ge­çir­me­giň mö­hüm şer­ti­di­gi­ni bel­le­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz “Türk­me­nis­ta­nyň ne­bit­gaz se­na­ga­ty­ny ös­dür­me­giň 2030-njy ýy­la çen­li dö­wür üçin Mak­sat­na­ma­sy­ny” dur­mu­şa ge­çir­me­giň bar­şy­na berk gö­zeg­çi­lik et­me­giň wa­jyp­dy­gy­na ün­si çe­kip, tä­ze ýa­tak­la­ry se­na­gat taý­dan öz­leş­dir­mek hem-de aba­dan­laş­dyr­mak, ne­bit­gaz çy­kar­ýan we ne­bit­hi­mi­ýa se­na­ga­ty­nyň kär­ha­na­la­ry­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak bo­ýun­ça iş­le­ri do­wam et­me­giň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di hem-de bu ba­bat­da wi­se-prem­ýe­re de­giş­li tab­şy­ryk­la­ry ber­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow wi­se-prem­ýe­re ýur­du­myz­da gur­lan, dün­ýä ba­zar­la­ryn­da uly is­leg bil­di­ril­ýän önüm­le­ri ön­dür­jek tä­ze, ga­zy gaý­ta­dan iş­le­ýän top­lum­la­ry işe gi­riz­mä­ge taý­ýar­la­mak ba­bat­da bir­nä­çe anyk gör­kez­me­le­ri ber­di.

Soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry E.Oraz­gel­di­ýew ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ryn­da al­nyp ba­ryl­ýan möw­süm­le­ýin oba ho­ja­lyk iş­le­ri­niň çäk­le­rin­de gel­jek ýy­lyň ha­sy­ly üçin bug­daý ekil­jek meý­dan­la­ry ekiş möw­sü­mi­ne taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýän iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Meý­dan­lar­da sü­rüm hem-de te­kiz­le­ýiş iş­le­ri, tagt we ýu­wuş su­wu­ny tut­mak hem-de ekiş üçin ze­rur bug­daý to­hum­la­ry­ny, eki­ji teh­ni­ka­la­ry we gu­ral­la­ry taý­ýar­la­mak iş­le­ri do­wam ed­ýär.

Şu­nuň bi­len bir­lik­de, go­wa­ça ideg et­mek iş­le­ri al­nyp ba­ryl­ýar. Bu ekin üçin bö­lü­nip ber­len ýer­ler­de ha­ta­ra­ra be­jer­gi iş­le­ri­ni ge­çir­mek hem-de ösüş su­wu­ny tut­mak iş­le­ri ta­mam­laý­jy tap­gyr­da al­nyp ba­ryl­ýar. Pag­ta ýy­gy­my möw­sü­mi­ne taý­ýar­lyk gö­rül­ýär.

Wi­se-prem­ýer hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze we­la­ýat­la­ryň top­rak-ho­wa şert­le­ri­ni na­za­ra al­mak bi­len, güýz­lük dä­ne eki­şi­ne ak pa­ta ber­mek ba­ra­da ha­ýyş bi­len ýüz­len­di.

Mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň äh­li pu­dak­la­ry bi­len bir ha­tar­da oba ho­ja­ly­gyn­da hem go­wy ne­ti­je­ler ga­za­nyl­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Daý­han­la­ryň ne­ti­je­li zäh­met çek­me­gi, top­rak­dan bol ha­syl al­ma­gy üçin ýur­du­myz­da äh­li ze­rur şert­ler dö­re­dil­ýär. Ýur­du­my­zyň azyk ga­raş­syz­ly­gy­ny üp­jün et­mek bo­ýun­ça ne­ti­je­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Daý­han­la­ry­myz ýo­ka­ry hil­li to­hum, dö­kün­ler, kä­mil oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry, ýe­ter­lik muk­dar­da suw hem-de beý­le­ki­ler bi­len üp­jün edil­ýär.

Hä­zir gal­la­çy daý­han­la­ry­my­zyň öňün­de örän mö­hüm we­zi­pe dur­ýar — bug­daý eki­şi ýe­tip gel­ýär di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ekiş möw­sü­mi­ni gys­ga wag­tyň için­de, ýo­ka­ry hil­li we ag­ro­teh­ni­ki ka­da­la­ra la­ýyk­lyk­da ge­çir­me­giň uly äh­mi­ýe­ti­ni bel­le­di. Çün­ki ekiş möw­sü­min­de gel­jek ýy­lyň ha­sy­ly­nyň düý­bi tu­tul­ýar.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gur­ban baý­ra­my­nyň il­kin­ji gü­nün­de ýur­du­my­zyň Ahal, Bal­kan, Le­bap we Ma­ry we­la­ýat­la­ryn­da 29-njy aw­gust­dan, Da­şo­guz we­la­ýa­tyn­da bol­sa 5-nji sent­ýabr­dan baş­lap, bug­daý eki­şi­ne gu­ra­ma­çy­lyk­ly gi­riş­mä­ge ak pa­ta ber­di.

Mil­li Li­de­ri­miz hor­mat­ly ýa­şu­lu­la­ry­myz­dan bug­daý eki­şi­ni «Bis­­mil­la!» bi­len baş­lap ber­mek­le­ri­ni ha­ýyş edip, ýur­du­my­zyň zäh­met­sö­ýer gal­la­çy daý­han­la­ry­na, äh­li oba ho­ja­lyk iş­gär­le­ri­ne berk jan sag­lyk, asu­da we bag­ty­ýar dur­muş, yh­las bi­len zäh­met çe­kip, ene top­rak­dan bol ha­syl al­ma­gy, onuň be­re­ke­di­ni has-da art­dy­ryp, be­lent sep­git­le­re ýet­me­gi tüýs ýü­rek­den ar­zuw et­di.

Soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry K.Dur­dy­my­ra­dow se­na­gat top­lu­myn­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler, pu­da­gyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­mak, ýer­li te­bi­gy se­riş­de­le­riň esa­syn­da önüm ön­dü­ri­li­şi­niň möç­be­ri­ni art­dyr­mak bo­ýun­ça gö­rül­ýän çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, ýur­du­my­zyň se­na­ga­ty­nyň dü­şe­wünt­li­li­gi­niň ýo­ka­ry de­re­je­si­ni üp­jün et­me­giň döw­le­ti­mi­ziň yk­dy­sa­dy stra­te­gi­ýa­sy­nyň baş we­zi­pe­le­ri­niň bi­ri­di­gi­ni nyg­ta­dy. Şu mak­sat­lar bi­len döw­le­ti­miz pu­dak­la­ry döw­re­bap­laş­dyr­ma­ga, kär­ha­na­la­ry gaý­ta­dan en­jam­laş­dyr­ma­ga, önüm­çi­lik müm­kin­çi­lik­le­ri­ni art­dyr­mak üçin ul­gam­la­ýyn uzak ­möh­let­li hö­wes­len­dir­me­le­ri dö­ret­mä­ge hem-de ýur­du­my­zy se­na­gat taý­dan ös­dür­me­giň tä­ze ugur­la­ry­ny öz­leş­dir­mä­ge iri ma­ýa go­ýum­la­ry­ny gö­nük­dir­ýär.

Mil­li Li­de­ri­miz tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň bin­ýa­dyn­da önüm­çi­lik­le­ri di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dyr­mak iş­le­ri­ni çalt­lan­dyr­ma­gyň, te­bi­gy we mi­ne­ral çig-mal se­riş­de­le­ri­ni oý­la­ny­şyk­ly hem-de ne­ti­je­li peý­da­lan­ma­gyň, bu ul­gam­da dün­ýä­niň mak­royk­dy­sa­dy ýag­daý­la­ry­ny öw­ren­me­giň ze­rur­dy­gy­na ün­si çe­kip, top­lu­myň stra­te­gi­k äh­mi­ýet­li se­na­gat des­ga­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy­nyň hi­li­ni we möh­le­ti­ni üp­jün et­mek bo­ýun­ça hem­me ze­rur çä­re­le­ri gör­me­gi tab­şyr­dy.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Gurbanguly Berdimuhamedow önüm­le­ri eks­por­ta gö­nük­di­ril­jek kar­ba­mid dö­kün­le­ri­ni ön­dür­mek bo­ýun­ça se­bit­de iň kuw­wat­ly kär­ha­na­ny ulan­ma­ga tab­şyr­ma­ga de­giş­li öň­de bol­jak çä­re­ler ba­ra­da­ky me­se­le­le­re ün­si çe­kip, bu tas­la­ma­nyň ama­la aşy­ryl­ma­gy­nyň Türk­me­nis­ta­ny mi­ne­ral önüm­le­ri eks­port edi­ji iri ýurt­la­ryň ha­ta­ry­na çy­kar­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy hem-de wi­se-prem­ýe­re des­ga­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy­ny ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­sin­de taý­ýar­la­mak ba­bat­da anyk gör­kez­me­le­ri ber­di.

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry D.Aman­gel­di­ýew gö­zeg­çi­lik ed­ýän ul­gam­la­ryn­da iş­le­riň ýag­da­ýy, Ma­ry döw­let elekt­rik be­ke­di­niň çä­gin­de ut­ga­şyk­ly do­la­ny­şyk­daky tä­ze elekt­rik be­ke­din­de al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, onuň çäk­le­rin­de de­giş­li dü­züm des­ga­la­ry­ny gur­mak bo­ýun­ça iş­ler do­ly ta­mam­lan­dy. Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da elekt­rik stan­si­ýa­la­rynyň 13-si he­re­ket ed­ýär.

Ha­sa­ba­tyň çäk­le­rin­de 28 — 30-njy aw­gust­da “Türk­men­gur­lu­şyk — 2018” hal­ka­ra ser­gi­si­ni hem-de “Türk­me­nis­ta­nyň gur­lu­şyk pu­da­gy­nyň ösü­şi” at­ly mas­la­ha­ty ge­çir­mä­ge taý­ýar­lyk gör­mek bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýän iş­ler ba­ra­da hem ha­sa­bat be­ril­di. Gur­lu­şyk we bi­na­gär­lik mi­nistr­li­gi, “Türk­me­naw­to­ýol­la­ry” döw­let kon­ser­ni hem-de Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy ta­ra­pyn­dan gu­ral­ýan ýö­ri­te­leş­di­ri­len fo­ru­ma da­şa­ry ýurt kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň 72-si­niň gat­naş­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar.

Mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, Türk­me­nis­ta­nyň elekt­roe­ner­ge­ti­ka pu­da­gyn­da döw­le­ti­mi­ziň gol­daw ber­me­gi bi­len, giň ge­rim­li tas­la­ma­la­ryň ama­la aşy­ryl­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Şol tas­la­ma­lar he­re­ket ed­ýän gaz ­tur­bi­na­ly elekt­rik be­ket­le­ri­ni döw­re­bap­laş­dyr­ma­ga hem-de tä­ze­le­ri­ni gur­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de elekt­roe­ner­ge­ti­ka pu­da­gy­nyň goş­ma­ça kuw­wat­lyk­la­ry­ny işe gi­riz­mek bi­len bag­ly me­se­le­ler ba­ra­da du­rup geç­mek bi­len, bu ugur­da iş­le­ri do­wam et­me­giň mö­hüm­di­gi­ni aýt­dy. Mu­nuň özi elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň içer­ki sarp edil­ýän möç­be­ri­ni üp­jün et­mä­ge, şeý­le hem he­re­ket ed­ýän we tä­ze ugur­lar bo­ýun­ça onuň eks­por­ty­ny art­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz pu­dak­la­ýyn tas­la­ma­lar ama­la aşy­ry­lan­da, tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ry, ýo­ka­ry ne­ti­je­li, yg­ty­bar­ly en­jam­la­ry we se­riş­de­le­ri peý­da­lan­ma­gyň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di hem-de wi­se-prem­ýe­re bu ba­bat­da anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz hal­ka­ra ser­gi­niň we mas­la­ha­tyň äh­mi­ýe­ti ba­ra­da aý­dyp, wi­se-prem­ýe­re şol fo­rum­la­ryň gi­ňiş­le­ýin ma­ha­bat işi­ni gu­ra­mak ba­ra­da gör­kez­me­le­ri be­rip, bu çä­re­le­ri ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­sin­de ge­çir­me­gi tab­şyr­dy.

Soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry M.Ça­ky­ýew gö­zeg­çi­lik ed­ýän pu­dak­la­ryn­da iş­le­riň ýag­da­ýy, mil­li Li­de­ri­mi­ziň de­mir ýol, ho­wa, aw­to­mo­bil kär­ha­na­la­ry­nyň hem-de ulag­la­ryň beý­le­ki gör­nüş­le­ri­niň iş­le­ri­ni şu gü­nüň ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da kä­mil­leş­dir­mek, pu­da­gyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny ber­kit­mek we döw­re­bap­laş­dyr­mak bo­ýun­ça çä­re­le­ri dur­mu­şa ge­çir­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly ozal be­ren tab­şy­ryk­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, yk­ly­myň uly ýol­la­ry­nyň çat­ry­gyn­da Türk­me­nis­ta­nyň amat­ly ýer­leş­me­gi­niň ar­tyk­maç­ly­gy­nyň ýur­du­my­za Ýew­ra­zi­ýa gat­na­şyk­la­ry­ny üp­jün et­mek üçin mil­li ulag ul­ga­my­na de­giş­li kuw­wa­ty bäh­bit­li ama­la aşyr­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Şu ba­bat­da döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýur­du­my­zyň ulag ul­ga­my­nyň äh­li pu­dak­la­ry­ny dep­gin­li döw­re­bap­laş­dyr­ma­gyň ze­rur­dy­gy­na aý­ra­tyn ün­si çek­di. Şo­lar iň oňat dün­ýä öl­çeg­le­ri bo­ýun­ça iş­le­me­li­dir.

Mil­li Li­de­ri­miz ulag top­lu­my­nyň iş­leý­şi­niň me­se­le­le­ri­ne ün­si çe­kip, ony has-da kä­mil­leş­dir­me­giň, he­mi­şe tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­ma­gyň, da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­lar bi­len tej­ri­be, peý­da­ly in­no­wa­sion iş­läp taý­ýar­la­ma­la­ry alyş­ma­gyň, hi­liň ýo­ka­ry de­re­je­le­ri­ne we hal­ka­ra öl­çeg­le­re ky­bap gel­ýän hyz­mat­la­ryň ge­ri­mi­ni gi­ňelt­me­giň ze­rur­dy­gy­ny aýt­dy.

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry Ç.Gy­ly­jow söw­da ul­ga­myn­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler, ila­ta ýo­ka­ry hil­li hyz­mat­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­mek bo­ýun­ça ama­la aşy­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Söw­da we da­şa­ry yk­dy­sa­dy ara­gat­na­şyk­lar mi­nistr­li­gi ta­ra­pyn­dan ýur­du­my­zyň önüm ön­dü­ri­ji­le­ri bi­len ýyg­jam hyz­mat­daş­lyk esa­syn­da içer­ki ba­zar­lar hal­kyň sarp ed­ýän ha­ryt­la­ry, azyk önüm­le­ri bi­len gün­de­lik üp­jün edil­ýär.

Şu gün­ler Gur­ban baý­ra­my­nyň ýur­du­myz­da giň­den bel­le­nil­me­gi my­na­sy­bet­li we­la­ýat­lar­da hem-de Aş­ga­bat­da göç­me dü­kan­la­ryň ha­sa­by­na hem baý­ram­çy­lyk söw­da­la­ry gu­ral­dy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­çi­li­gi ös­dür­mek we da­şa­ry ýurt­la­ra ibe­ril­ýän önüm­le­ri ön­dür­mek, yk­dy­sa­dy­ýe­tiň hu­su­sy ul­ga­my­ny, ki­çi we or­ta işe­wür­li­gi hem­me­ta­rap­la­ýyn gol­da­mak bo­ýun­ça döw­let mak­sat­na­ma­la­ryň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de, ýur­du­myz­da çy­ka­ryl­ýan ha­ryt­la­ryň möç­be­ri­niň hem-de gör­nü­şi­niň kö­pel­di­len­di­gi­ni bel­läp, ul­gam­la­ýyn sel­jer­mä­ni hem-de şo­la­ryň hi­li­ne gö­zeg­çi­li­gi alyp bar­mak, ba­za­ryň ýag­da­ýy­ny öw­ren­mek ba­bat­da wi­se-prem­ýe­re tab­şy­ryk­la­ry ber­di.

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry B.Ab­dy­ýe­wa baý­ram­çy­lyk çä­re­le­ri­ne taý­ýar­lyk gör­lü­şi, şeý­le hem döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ozal be­ren tab­şy­ryk­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, çä­re­le­riň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­sin­de, ru­hu­be­lent ýag­daý­da ge­çi­ril­me­li­di­gi­ni bel­läp, bu ba­bat­da wi­se-prem­ýe­re de­giş­li gör­kez­me­le­ri ber­di.

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry P.Aga­my­ra­dow tä­ze okuw ýy­ly­na taý­ýar­lyk gör­lü­şi, Bi­lim­ler we ta­lyp ýaş­lar gü­nü­ne ba­gyş­la­nan çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Bu baý­ram­çy­lyk my­na­sy­bet­li da­ba­ra­la­ryň çäk­le­rin­de yl­my-ama­ly mas­la­hat­lar, spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça ýa­ryş­lar ge­çi­ri­ler.

Şu ýyl 1-nji syn­pa oku­wa ka­bul edi­len 146 müň 873 okuw­ça Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň adyn­dan öw­re­di­ji komp­ýu­ter­ler sow­gat ber­ler.

Bi­lim eda­ra­la­ryn­da il­kin­ji okuw sa­pak­la­ry şu ýy­lyň “Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” di­ýen şy­ga­ry­na ba­gyş­la­nar.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Bi­lim­ler we ta­lyp ýaş­lar gü­ni my­na­sy­bet­li baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­la­rynyň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­si­ni üp­jün et­me­giň ze­rur­dy­gy­ny nyg­tap, bi­lim hem-de ter­bi­ýe­çi­lik iş­le­ri­ni has-da kä­mil­leş­dir­mek, türk­me­nis­tan­ly­la­ryň ýaş nes­li­niň döw­re­bap bi­lim­le­ri üs­tün­lik­li öz­leş­dir­me­gi, aň-ba­şar­nyk müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ös­dü­rip bil­me­gi, öz ukyp­la­ry­ny we ze­hin­le­ri­ni ama­la aşyr­ma­gy üçin hem­me şert­le­ri dö­ret­mek me­se­le­le­ri­ni he­mi­şe üns mer­ke­zin­de sak­la­ma­gy tab­şyr­dy.

Mej­li­siň Baş­ly­gy G.Mäm­me­do­wa ýur­du­my­zyň hu­kuk bin­ýa­dy­ny has-da ber­kit­mek, dur­muş we yk­dy­sa­dy öz­gert­me­le­ri ka­nun­çy­lyk taý­dan üp­jün et­mek hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň bi­rin­ji mej­li­si­ne taý­ýar­lyk gör­mek bo­ýun­ça mil­li par­la­men­tiň alyp bar­ýan iş­le­ri ba­ra­da mag­lu­mat ber­di.

Mej­li­siň gün ter­ti­bi bo­ýun­ça ge­lip go­wuş­ýan tek­lip­le­ri öw­ren­mek işi do­wam ed­ýär, mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­la­ryň ara alyp mas­la­hat­laş­jak res­mi­na­ma­la­ry­nyň tas­la­ma­la­ry taý­ýar­la­nyl­ýar.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow döw­le­ti­mi­ziň hu­kuk esas­la­ry­ny ber­kit­mek bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň ama­la aşyr­ýan ug­ry bi­len bag­ly­lyk­da iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­ýan ka­nun­çy­lyk na­ma­la­ry­nyň äh­mi­ýe­ti­ni bel­läp, hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­my­zyň ösü­şi­niň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­ny, hal­ka­ra hu­ku­gy­ň umu­my yk­rar edi­len ka­da­la­ry­ny na­za­ra al­mak bi­len bu işi ama­la aşyr­ma­gyň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Halk Mas­la­ha­ty­nyň öň­de bol­jak mej­li­si­ni ge­çir­mek bi­len bag­ly me­se­le­le­re ün­si çe­kip, umu­my­mil­li fo­ru­ma taý­ýar­lyk gör­me­giň äh­li tap­gyr­la­ry­ny berk gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­gyň ze­rur­dy­gy­ny bel­le­di.

Bu mas­la­hat ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­sin­de, ýur­du­myz­da he­re­ket ed­ýän ka­nun­la­ryň berk ber­jaý edil­me­ginde hem-de de­mok­ra­tik esas­da ge­çi­ril­me­li­dir.

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry, da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri R.Me­re­dow Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sy stra­te­gi­ýa­sy­ny yzy­gi­der­li dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça DIM-niň alyp bar­ýan iş­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Hal­ka­ra gu­ra­ma­la­r bi­len ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek onuň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Şun­da BMG bi­len stra­te­gi­k hyz­mat­daş­ly­gyň, onuň iri ýö­ri­te­leş­di­ri­len eda­ra­la­ry hem-de dü­züm­le­ri bi­len ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ryň ber­ki­dil­me­gi­ne we gi­ňel­dil­me­gi­ne aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, Türk­me­nis­ta­nyň gel­jek­de hem ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­r bi­len giň hyz­mat­daş­lyk ýo­lu­na eýer­jek­di­gi­ni aýt­dy. Şo­lar bi­len hyz­mat­daş­lyk­da uly tej­ri­be top­lan­dy, dür­li ugur­lar­da bi­le­lik­dä­ki mak­sat­na­ma­lar hem-de tas­la­ma­lar üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­dy we dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň bel­leý­şi ýa­ly, bu ne­ti­je­li gat­na­şyk­lar mil­li bäh­bit­le­re la­ýyk ge­lip, hä­zir­ki döw­rüň mö­hüm me­se­le­le­ri­niň saz­la­şyk­ly çöz­güt­le­ri­ni iş­läp taý­ýar­la­ma­ga, äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gy, howp­suz­ly­gy we dur­nuk­ly­ly­gy üp­jün et­mä­ge, se­bit­de hem-de dün­ýä­de Dur­nuk­ly ösü­şiň mak­sat­la­ry­ny ga­zan­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir.

Mil­li Li­de­ri­miz bu ba­ra­da­ky gür­rü­ňi do­wam edip, de­giş­li ugur­da köp­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ry has-da ös­dür­mek üçin uly müm­kin­çi­lik­le­riň bar­dy­gy­ny bel­läp, wi­se-prem­ýe­re, DIM-niň ýol­baş­çy­sy­na bir­nä­çe anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.

Soň­ra çy­kyş eden Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň sek­re­ta­ry, mil­li howp­suz­lyk mi­nist­ri Ý.Ber­di­ýew har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň alyp bar­ýan iş­le­ri, ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy Gurbanguly Berdimuhamedowyň go­ra­nyş hä­si­ýet­li Har­by dokt­ri­na­nyň çäk­le­rin­de ba­şy­ny baş­lan düýp­li öz­gert­me­le­ri­niň ama­la aşy­ryl­ma­gy­nyň bar­şy, şeý­le hem hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ozal be­ren tab­şy­ryk­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Mil­li Li­de­ri­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry­nyň ün­sü­ni ola­ryň ga­ra­ma­gyn­da­ky eda­ra­la­ryň öňün­de dur­ýan il­kin­ji no­bat­da­ky mö­hüm we­zi­pe­le­re çek­di. Döw­le­ti­mi­ziň howp­suz­ly­gy­ny, türk­men hal­ky­nyň pa­ra­hat we aba­dan dur­mu­şy­nyň ke­pi­li bo­lup dur­ýan mil­li go­şu­ny­my­zyň ýo­ka­ry go­ra­nyş uky­by­ny üp­jün et­mek me­se­le­le­ri­ni gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­ly di­ýip, Türk­me­nis­ta­nyň Baş­tu­ta­ny aýt­dy hem-de har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak, ola­ry hä­zir­ki za­man en­jam­la­ry hem-de iň tä­ze ýö­ri­te teh­ni­ka­lar bi­len üp­jün et­mek bo­ýun­ça mun­dan beý­läk-de ze­rur çä­re­le­ri gör­me­gi tab­şyr­dy.

Mej­li­siň bar­şyn­da döw­let dur­mu­şy­na de­giş­li baş­ga-da bir­nä­çe me­se­le­le­re ga­ral­dy.

Mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Hö­kü­me­tiň bi­le­lik­dä­ki göç­me mej­li­si­ni ta­mam­lap, oňa gat­na­şy­jy­la­ry ýe­ne-de bir ge­zek Gur­ban baý­ra­my bi­len gut­la­dy hem-de ola­ra iş­le­rin­de uly üs­tün­lik­le­ri, ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­zyň äh­li hal­ky­na bol­sa «Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi» diý­lip yg­lan edi­len ýyl­da gül­läp ösü­şi ar­zuw et­di.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter