Türk­me­nis­tan — Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy: stra­te­gi­k hyz­mat­daş­ly­gyň tä­ze gi­ňiş­lik­le­ri | TDH
Syýasat habarlary

Türk­me­nis­tan — Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy: stra­te­gi­k hyz­mat­daş­ly­gyň tä­ze gi­ňiş­lik­le­ri

опубликованно 23.08.2018 // 1899 - просмотров
 

Şu gün türk­men paý­tag­tyn­da ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki türk­men-gyr­gyz gep­le­şik­le­ri uly üs­tün­lik bi­len ge­çi­ril­di.

Azi­ýa se­bi­ti bo­ýun­ça goň­şy döw­let­le­riň ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­mak mil­li Li­de­ri­mi­ziň ýol­baş­çy­ly­gyn­da ama­la aşy­ryl­ýan da­şa­ry sy­ýa­sa­tyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Şol sy­ýa­sat bol­sa oňyn Bi­ta­rap­lyk, pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik we ne­ti­je­li hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýar. Türk­me­nis­ta­nyň we Gyr­gy­zys­ta­nyň Baş­tu­tan­la­ry­nyň ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ren gep­le­şik­le­ri mu­nuň no­bat­da­ky aý­dyň su­but­na­ma­sy­na öw­rül­di. Gep­le­şik­le­riň bar­şyn­da ta­rap­la­ryň däp bo­lan dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ry hil taý­dan tä­ze de­re­jä çy­kar­ma­ga taý­ýar­dy­gy tas­syk­la­nyl­dy. Bu du­şu­şy­ga iki do­gan­lyk ýur­duň we halk­la­ryň aba­dan­çy­ly­gy­nyň hem-de ro­waç­ly­gy­nyň bäh­bi­di­ne la­ýyk gel­ýän türk­men-gyr­gyz gat­na­şyk­la­ry­nyň ta­ry­hyn­da mö­hüm wa­ka hök­mün­de ga­ral­ýar.

Türk­me­nis­ta­nyň we Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň Döw­let baý­dak­la­ry bi­len be­ze­len Aş­ga­ba­dyň Hal­ka­ra ho­wa men­zi­lin­de Pre­zi­dent Soo­ron­baý Žeen­be­ko­wy res­mi adam­lar gar­şy­la­dy­lar. Uçar­dan uza­lyp gid­ýän ha­ly ýo­da­jy­gy­nyň ug­run­da be­lent mer­te­be­li myh­ma­nyň gel­me­gi­niň hor­ma­ty­na Hor­mat ga­ra­wu­ly ny­za­ma dü­zül­di. Däp bol­şy ýa­ly, mil­li ly­bas­ly og­lan­jyk we gyz­ja­gaz dost­luk­ly ýur­duň Li­de­ri­ne duz-çö­rek we gül des­se­si­ni hö­dür­le­di­ler.

Ho­wa men­zi­lin­den Gyr­gy­zys­ta­nyň Baş­tu­ta­ny­nyň aw­tou­lag ker­we­ni mo­to­sikl­çi­le­riň to­pa­ry­nyň ug­rat­ma­gyn­da Ga­raş­syz­lyk meý­da­ny­na ta­rap ug­ra­dy. Bu ýer­de be­lent mer­te­be­li myh­ma­ny hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow gar­şy­la­dy.

Iki ýur­duň Li­der­le­ri dost­lar­ça sa­lam­la­şyp, ýö­ri­te ni­ýet­le­nen ýe­re bar­ýar­lar. Bu ýer­de Pre­zi­dent Soo­ron­baý Žeen­be­ko­wy res­mi taý­dan gar­şy­la­mak da­ba­ra­sy bol­dy.

Hor­mat ga­ra­wu­ly ro­ta­sy­nyň ser­ker­de­si da­ba­ra­ly ha­sa­bat ber­ýär. Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň we Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let se­na­la­ry ýaň­lan­ýar. Pre­zi­dent­ler Gurbanguly Berdimuhamedow we Soo­ron­baý Žeen­be­kow Döw­let baý­dak­la­ry­na tag­zym edip, hor­mat ga­ra­wu­ly­nyň es­ger­le­ri­niň öňün­den geç­ýär­ler. Mil­li Li­de­ri­miz gyr­gyz kär­de­şi­ni ýur­du­my­zyň res­mi we­ki­li­ýe­ti­niň ag­za­la­ry hem-de Türk­me­nis­tan­da iş­le­ýän dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry bi­len ta­nyş­dyr­ýar. Öz no­ba­tyn­da, dost­luk­ly döw­le­tiň Baş­tu­ta­ny hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowy Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň hö­kü­met we­ki­li­ýe­ti­niň ag­za­la­ry bi­len ta­nyş­dyr­ýar.

Da­ba­ra­nyň ahy­ryn­da Hor­mat ga­ra­wu­ly­nyň es­ger­le­ri Ga­raş­syz­lyk meý­da­nyn­dan da­ba­ra­ly ýö­riş bi­len geç­ýär­ler.

Soň­ra iki ýur­duň Li­der­le­ri türk­men at­çy­la­ry­nyň hor­mat­ly ker­we­ni­niň ug­rat­ma­gyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň “Oguz­han” köşk­ler top­lu­my­na ta­rap ug­ra­ýar­lar. Mu­nuň özi döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň hä­zir­ki döw­rüň şert­le­rin­de ýo­ka­ry de­re­je­li myh­man­la­ry ka­bul et­mek bo­ýun­ça mil­li däp­le­riň aýaw­ly sak­la­nyl­ma­gy­na hem-de ös­dü­ril­me­gi­ne aý­ra­tyn üns ber­ýän­di­gi­niň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.

Bu ýer­de Türk­me­nis­ta­nyň we Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň Döw­let baý­dak­la­ry­nyň öňün­de res­mi su­ra­ta düş­mek da­ba­ra­sy ta­mam­la­nan­dan soň, iki­çäk gör­nüş­de iki­ta­rap­la­ýyn gep­le­şik­ler ge­çi­ril­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow be­lent mer­te­be­li myh­ma­ny mü­bä­rek­läp, Pre­zi­dent Soo­ron­baý Žeen­be­ko­wy Aş­ga­bat­da ka­bul ed­ýän­di­gi­ne şat­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Mil­li Li­de­ri­miz ýur­du­my­zyň esa­sy­ny ga­dym­dan gel­ýän ta­ry­hy gat­na­şyk­la­ry düz­ýän ne­ti­je­li iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mä­ge yg­rar­ly­dy­gy­ny tas­syk­lap, Gyr­gy­zys­ta­nyň Baş­tu­ta­ny­nyň şu döw­let sa­pa­ry­nyň däp bo­lan dost­luk­ly döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry­na tä­ze iter­gi ber­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz pur­sat­dan peý­da­la­nyp, Pre­zi­dent Soo­ron­baý Žeen­be­ko­wy we onuň üs­ti bi­len tu­tuş gyr­gyz hal­ky­ny Gur­ban baý­ra­my bi­len gut­la­dy.

Gyr­gyz Li­de­ri hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze Türk­me­nis­ta­na döw­let sa­pa­ry bi­len ge­lip gör­mä­ge ça­ky­ly­gy hem-de mä­hir­li gar­şy­lan­dy­gy üçin ho­şal­lyk bil­di­rip, ýurt­la­ry­my­zyň ta­ry­hy-me­de­ni umu­my­ly­gy­nyň iki­ta­rap­la­ýyn hoş­ni­ýet­li gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek üçin mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe­di­gi­ni nyg­ta­dy.

Öza­ra yna­nyş­mak we iş­jeň­lik ýag­da­ýyn­da ge­çen gep­le­şik­le­riň do­wa­myn­da Türk­me­nis­ta­nyň hem-de Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň Baş­tu­tan­la­ry döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar, hyz­mat­daş­ly­gyň gel­je­gi­ni we hä­zir­ki ýag­da­ýy­ny na­za­ra al­mak bi­len, esa­sy ugur­la­ry anyk­laş­dyr­dy­lar. Söw­da-yk­dy­sa­dy ul­gam, ener­ge­ti­ka, ulag we beý­le­ki bir­nä­çe pu­dak­lar ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ryň ha­ta­ryn­da gör­ke­zil­di.

Iki ýur­duň Li­der­le­ri Hö­kü­me­ta­ra türk­men-gyr­gyz to­pa­ry­nyň or­nu­ny bel­läp, ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry, şol san­da, iki ýur­duň işe­wür to­par­la­ry­nyň ara­syn­da hyz­mat­daş­ly­gy ýo­la goý­ma­ga we iş­jeň­leş­dir­mä­ge ýar­dam ed­ýän işe­wür du­şu­şyk­la­ryň ge­çi­ril­me­gi­niň äh­mi­ýe­ti­ne aý­ra­tyn üns ber­di­ler.

Pre­zi­dent­ler Gurbanguly Berdimuhamedow we Soo­ron­baý Žeen­be­kow yn­san­per­wer ul­gam­da gat­na­şyk­la­ry çuň­laş­dyr­ma­gyň, ylym-bi­lim we me­de­ni­ýet ul­gam­la­ryn­da hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de ös­dür­me­giň wa­jyp­dy­gy­ny aýt­dy­lar. Sport ul­ga­my iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ryň esa­sy ugur­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da gör­ke­zil­di.

Ta­rap­lar hal­ka­ra gi­ňiş­li­gin­de mun­dan beý­läk-de ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­ga taý­ýar­dyk­la­ry­ny tas­syk­lap, se­bit we äh­lu­mu­my gün ter­ti­bi­niň öza­ra gy­zyk­lan­ma bil­di­ril­ýän wa­jyp me­se­le­le­ri­niň bir­nä­çe­si bo­ýun­ça pi­kir alyş­dy­lar.

Soň­ra gep­le­şik­ler gi­ňiş­le­ýin dü­züm­de — iki ýur­duň res­mi we­ki­li­ýet­le­ri­niň ag­za­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da “Sol­tan San­jar” za­lyn­da do­wam et­di­ril­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow gyr­gyz kär­de­şi­ne we we­ki­li­ýe­tiň ag­za­la­ry­na ýüz­le­nip, be­lent mer­te­be­li myh­ma­na Türk­me­nis­ta­na döw­let sa­pa­ry bi­len ge­lip gör­mek ba­ra­da­ky ça­ky­ly­gy ka­bul eden­di­gi üçin ýe­ne-de bir ge­zek min­net­dar­lyk bil­dir­di. Bu sa­pa­r ta­ry­hy nuk­daý­na­zar­dan hem-de ýurt­la­ry­myz we halk­la­ry­myz üçin aý­ra­tyn äh­mi­ýet­li­dir.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz türk­men-gyr­gyz gat­na­şyk­la­ry­nyň umu­my ýag­da­ýy­na ba­ha ber­mek bi­len, ola­ryň sy­ýa­sy, söw­da-yk­dy­sa­dy we me­de­ni-yn­san­per­wer ugur­lar ba­bat­da ne­ti­je­li we oňyn hä­si­ýe­te eýe­di­gi­ni bel­le­di. Bi­le­lik­dä­ki iş­le­riň ös­dü­ril­me­gi, ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ryň ber­ki­dil­me­gi iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni gü­nü­bi­rin çöz­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär.

Türk­me­nis­ta­nyň dün­ýä gi­ňiş­li­gin­de eýe­le­ýän or­ny ba­ra­da aý­dyp, mil­li Li­de­ri­miz ýur­du­my­zyň Bi­ta­rap­lyk de­re­je­si­ne da­ýa­nyp, “Açyk ga­py­lar” sy­ýa­sa­ty­ny ama­la aşyr­ýan­dy­gy­ny we tu­tuş dün­ýä­de hem-de se­bit­de dur­nuk­ly­ly­gy, howp­suz­ly­gy sak­la­mak ug­run­da ta­gal­la ed­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Ýurt­la­ryň iki­si hem ab­raý­ly halkara dü­züm­le­ri­niň — Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň, Ýew­ro­pa­da Howp­suz­lyk we Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň, Ys­lam Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň, Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň ag­za­la­ry bol­mak bi­len, ga­ra­ýyş­la­ry­nyň ýa­kyn­dy­gy, şeý­le hem hä­zir­ki döw­rüň mö­hüm me­se­le­le­ri bo­ýun­ça bir­meň­zeş ga­ra­ýyş­dan çy­kyş ed­ýän­dik­le­ri­ni bel­läp, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Gyr­gy­zys­ta­nyň ýol­baş­çy­la­ry­na Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry­ny gol­da­ýan­dyk­la­ry üçin min­net­dar­lyk bil­dir­di.

Ýur­du­myz äh­lu­mu­my de­re­je­de ener­gi­ýa howp­suz­ly­gy, ulag-üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­ri­ni dö­ret­mek we se­bit­le­ýin ösü­şiň baş­ga-da bir­nä­çe mö­hüm me­se­le­le­ri bo­ýun­ça iş­jeň baş­lan­gyç­la­ry öňe sür­ýär. Olar bo­ýun­ça Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy de­giş­li Ka­rar­na­ma­la­ry ka­bul et­di. Türk­me­nis­tan mun­dan beý­läk-de dö­re­di­ji­lik sy­ýa­sa­ty­ny ama­la aşyr­ma­gy do­wam eder di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow bel­le­di.

Se­bit­le­ýin gün ter­ti­bi­niň me­se­le­le­ri­ne de­gip geç­mek bi­len, mil­li Li­de­ri­miz ýur­du­my­zyň Mer­ke­zi Azi­ýa­da bäş­ta­rap­la­ýyn gör­nüş­dä­ki ys­ny­şyk­ly we yzy­gi­der­li gat­na­şyk­la­ry­na yg­rar­ly­dy­gy­ny tas­syk­la­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň we­kil­le­ri­niň du­şu­şyk­la­ry­nyň yzy­gi­der­li ge­çi­ril­me­gi ba­ra­da­ky baş­lan­gyç bel­le­nil­di.

Bir­nä­çe ýyl mun­dan ozal hut Türk­me­nis­tan res­mi ýag­daý­da Mer­ke­zi Azi­ýa se­bi­tin­de sy­ýa­sy gep­le­şik­le­riň tä­ze gör­nü­şi­ni dö­ret­me­giň mak­sa­dala­ýyk­dy­gy ba­ra­da­ky me­se­lä­ni öňe sür­di. Hu­su­san-da, bi­ler­men­le­riň du­şu­şyk­la­ry­ny, Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­lik­le­ri­niň mas­la­hat­la­ry­ny, Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň Baş­tu­tan­la­ry­nyň sam­mit­le­ri­ni özü­ne bir­leş­dir­ýän öza­ra gat­na­şyk­la­ryň üç bas­gan­çak­ly nus­ga­sy tek­lip edil­di.

Bu ýag­daý özü­ni iş ýü­zün­de go­wy ta­rap­dan gör­kez­se, gel­jek­de Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň Baş­tu­tan­la­ry­nyň Mas­la­hat be­riş ge­ňe­şi­ni dö­ret­mek ba­ra­da pi­kir et­mek bo­lar di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz sö­zü­ni do­wam et­di hem-de bu ýö­rel­ge­le­riň hyz­mat­daş­ly­gyň mö­hüm me­se­le­le­ri­ne ga­ra­mak we ola­ry ara alyp mas­la­hat­laş­mak üçin oňyn meý­dan­ça öw­rül­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di.

Dün­ýä sy­ýa­sa­ty­nyň me­ýil­le­ri­ni ha­sa­ba al­mak bi­len, öza­ra gat­na­şyk­la­ry ber­kit­mä­ge bo­lan şeý­le çe­me­leş­me­ler ze­rur bo­lup dur­ýar di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow bel­le­di hem-de se­bit gat­na­şyk­la­ry­nyň şeý­le usu­ly­nyň ýü­ze çyk­ýan äh­li me­se­le­le­ri ne­ti­je­li hem-de mak­sa­dala­ýyk çöz­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­jek­di­gi­ne, mu­nuň üçin ze­rur sy­ýa­sy bin­ýa­dy üp­jün et­jek­di­gi­ne, ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji­lik de­re­je­sin­de iş­le­mek üçin anyk ugur­la­ry ke­ma­la ge­tir­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di.

Mil­li Li­de­ri­miz Ow­ga­nys­tan­da­ky ýag­daý ba­ra­da aýt­mak bi­len, goň­şy ýurt­da­ky ýag­da­ýy pa­ra­hat­çy­lyk­ly, dip­lo­ma­tik se­riş­de­le­riň we ab­raý­ly hal­ka­ra dü­züm­le­ri­ni, il­kin­ji no­bat­da bol­sa, BMG-ni çek­mek ar­ka­ly ka­da­laş­dyr­ma­gyň ze­rur­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň Ow­ga­nys­ta­na ener­ge­ti­ka, ulag, ara­gat­na­şyk ýa­ly ugur­lar bo­ýun­ça yk­dy­sa­dy taý­dan gol­daw ber­me­gi­niň mak­sa­dala­ýyk bol­jak­dy­gy­ny bel­le­di.

Türk­me­nis­tan goň­şy ýur­duň dur­muş-yk­dy­sa­dy dü­zü­mi­niň di­kel­dil­me­gi­ne yzy­gi­der­li kö­mek-gol­daw ber­ýär di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz sö­zü­ni do­wam et­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow iri dü­züm­le­ýin tas­la­ma­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi, şol san­da iki de­mir ýol ul­ga­my­nyň çe­kil­me­gi­ni, ser­het­ýa­ka­syn­da dur­muş mak­sat­ly bi­na­la­ryň gur­lu­şy­gy­ny my­sal hök­mün­de ge­tir­di.

Türk­me­nis­tan — Ow­ga­nys­tan — Pa­kis­tan — Hin­dis­tan gaz ge­çi­ri­ji­si­niň gur­lu­şy­gy, şol bir wag­tyň özün­de bu ugur bo­ýun­ça elekt­rik ge­çi­ri­ji hem-de op­ti­ki-sü­ýüm­li ara­gat­na­şyk ul­ga­my­nyň çe­kil­me­gi iri tas­la­ma­lar bo­lup dur­ýar. Hä­zir­ki dö­wür­de bu des­ga­lar Ow­ga­nys­tan we Pa­kis­tan üçin ze­rur bo­lup dur­ýar. Şun­luk­da, bu tas­la­ma­la­ra Hin­dis­tan ta­ra­pyn­dan hem sar­gy­dyň ge­lip gow­şan­dy­gy­ny nyg­tap, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Gyr­gy­zys­ta­nyň de­giş­li dü­züm­le­ri­ni bu tas­la­ma­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne gat­naş­ma­ga ça­gyr­dy. Mu­nuň özi goň­şy Ow­ga­nys­ta­na be­ril­ýän ne­ti­je­li kö­mek­dir di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz bel­le­di.

Çy­ky­şy­nyň do­wa­myn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Türk­me­nis­ta­nyň we Gyr­gy­zys­ta­nyň ter­ror­çy­ly­ga, ekst­re­miz­me, ne­şe­le­riň bi­ka­nun do­la­ny­şy­gy­na, ser­he­tüs­ti gu­ra­ma­çy­lyk­ly je­na­ýat­çy­ly­ga gar­şy gö­reş­mek me­se­le­le­rin­de raý­daş­dyk­la­ry­ny bel­le­di. Bu ugur­da­ky çe­me­leş­me­le­riň umu­my­ly­gy­ny ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­läp, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz hä­zir­ki döw­rüň we­him­le­ri­ne gar­şy gö­reş­mek işin­de mun­dan beý­läk-de iki ýur­duň yg­rar­ly­dy­gy­ny tas­syk­la­dy.

Mil­li Li­de­ri­miz suw-ener­ge­ti­ka me­se­le­si bo­ýun­ça Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň yla­la­şyk­ly çe­me­leş­me­le­ri­ni ga­zan­mak ba­bat­da se­bit hyz­mat­daş­ly­gy­nyň wa­jyp me­se­le­le­ri ba­ra­da du­rup geç­di we Türk­me­nis­ta­nyň bu ugur­da ga­raý­şy­nyň üýt­gew­siz bo­lan­dy­gy­ny we şeý­le bol­ma­gyn­da gal­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, ýur­du­my­zyň bu me­se­lä ga­ra­ma­gyň umu­my yk­rar edi­len hal­ka­ra hu­ku­gy­nyň ka­da­la­ry­na da­ýa­nyl­ma­gy­ny, şo­la­ryň se­bi­tiň äh­li döw­let­le­ri­niň bäh­bit­le­ri­ne öza­ra hor­mat goý­mak hem-de na­za­ra al­mak ýö­rel­ge­le­rin­de çö­zül­me­li­di­gi­ni, ola­ryň ara alyp mas­la­hat­la­şyl­ma­gy­na ab­raý­ly we yg­ty­ýar­ly hal­ka­ra dü­züm­le­ri­niň, il­kin­ji no­bat­da bol­sa, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň çe­kil­me­li­di­gi­ni dog­ry ha­sap­la­ýan­dy­gy nyg­tal­dy. Se­bit­de suw-ener­ge­ti­ka me­se­le­le­ri­ni çöz­mek, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk hem-de deň­hu­kuk­ly­lyk ýö­rel­ge­le­ri esa­syn­da bi­ziň hem­mä­miz üçin bu mö­hüm se­riş­de­le­ri ulan­mak do­gan­lyk halk­la­ry­my­zy hem-de döw­let­le­ri­mi­zi bir­leş­dir­ýän mö­hüm şert bol­ma­ly­dyr di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz aýt­dy.

Aral deň­zi­ni ha­las et­mek se­bit­le­ýin hyz­mat­daş­ly­gyň mö­hüm me­se­le­le­ri­niň ha­ta­ryn­da gör­ke­zil­di. Türk­me­nis­tan 2017 — 2019-njy ýyl­lar­da Ara­ly ha­las et­me­giň Hal­ka­ra gaz­na­syn­da baş­lyk­lyk et­me­gi ka­bul et­mek bi­len, bu we­zi­pä­ni ýe­ri­ne ýe­tir­mä­ge örän jo­gap­kär­li çe­me­leş­ýär.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Ara­ly ha­las et­me­giň Hal­ka­ra gaz­na­sy­na gat­na­şy­jy­la­ryň we ony esas­lan­dy­ry­jy­la­ryň bi­ler­men­le­ri­niň gol­daw ber­me­gin­de taý­ýar­la­nan we Ara­lyň anyk me­se­le­le­ri­niň çöz­gü­di­ne, Aral­ýa­ka döw­let­le­ri­niň hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ber­ki­dil­me­gi­ne, hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň, il­kin­ji no­bat­da bol­sa, BMG-niň bu işe çe­kil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len iki kon­sep­si­ýa­nyň düz­gün­le­ri­niň üs­tün­de du­rup geç­di. Mu­nuň özi bi­ziň üçin aý­ra­tyn mö­hüm bo­lup dur­ýar. Çün­ki biz bu ab­raý­ly dü­züm­le­riň ag­za­la­ry bo­lup dur­ýa­rys di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz bel­le­di hem-de de­giş­li hü­när­men­le­re, has ta­ky­gy, da­şa­ry iş­ler mi­nistr­le­ri­ne bu res­mi­na­ma­la­ry ara alyp mas­la­hat­laş­ma­gy hem-de oňa jem­leý­ji ne­ti­je­na­ma­la­ry ber­me­gi tab­şyr­ma­gyň mak­sa­dala­ýyk bol­jak­dy­gy­ny nyg­ta­dy.

Bu kon­sep­si­ýa­la­ryň ama­la aşy­ryl­ma­gy bi­ziň halk­la­ry­my­zyň uzak­möh­let­le­ýin gel­je­gi­niň bäh­bi­di­ne iş­le­mek üçin çel­gi bo­lup hyz­mat eder di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bel­le­di we 24-nji aw­gust­da Türk­men­ba­şy şä­he­rin­de, «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da Ara­ly ha­las et­mek bo­ýun­ça Hal­ka­ra gaz­na­sy­ny esas­lan­dy­ry­jy döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry­nyň du­şu­şy­gy­na uly umyt bil­di­ril­ýän­di­gi­ni aýt­dy.

Türk­me­nis­tan bi­len Gyr­gy­zys­ta­nyň ara­syn­da­ky söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mek hem-de hil taý­dan baý­laş­dyr­mak esa­sy we­zi­pe­le­riň ha­ta­ryn­da gör­ke­zil­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, bu ul­gam­da­ky gat­na­şyk­lar bo­ýun­ça anyk san­la­ryň aý­dy­lan­dy­gy­ny bel­läp, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow iki­ta­rap­la­ýyn ha­ryt do­la­ny­şy­gy­nyň hä­zir­ki wagt­da­ky de­re­je­si­niň ýurt­la­ry­my­zyň uly müm­kin­çi­lik­le­ri­ne la­ýyk gel­me­ýän­di­gi­ni aýt­dy.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bu hyz­mat­daş­ly­gyň tä­ze ugur­la­ry­ny we usul­la­ry­ny iş­jeň göz­le­me­giň wa­jyp­dy­gy­ny nyg­tap, Söw­da-yk­dy­sa­dy, ylym-teh­ni­ki we yn­san­per­wer hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça hö­kü­me­ta­ra türk­men-gyr­gyz to­pa­ry­ny dö­ret­mek ha­kyn­da­ky baş­lan­gy­jy gol­dandy­gy üçin do­gan­lyk ýur­duň ýol­baş­çy­sy­na min­net­dar­lyk bil­dir­di. To­pa­ryň no­bat­da­ky mej­li­si go­laý­da Aş­ga­bat­da ge­çi­ril­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz iki ýur­duň ara­syn­da­ky ha­ryt do­la­ny­şy­gy­ny gi­ňelt­mek üçin oňyn müm­kin­çi­lik­le­riň bar­dy­gy­na ün­si çek­di.

Ulag-üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­ri­ni ös­dür­me­giň wa­jyp­dy­gy­ny bel­läp, mil­li Li­de­ri­miz Pre­zi­dent Soo­ron­baý Žeen­be­ko­wa lo­gis­ti­ka ul­ga­my­ny dürs gu­ra­mak ba­ra­da­ky türk­men ta­ra­py­nyň baş­lan­gy­jy­ny gol­dan­dy­gy üçin min­net­dar­lyk bil­dir­di. Şol bir wag­tyň özün­de Türk­me­nis­ta­nyň we Gyr­gy­zys­ta­nyň Baş­tu­tan­la­ry­nyň iki ýur­duň te­le­ke­çi­le­ri ta­ra­pyn­dan Biş­kek­de söw­da mer­ke­zi­ni gur­mak ha­kyn­da­ky baş­lan­gy­jy­ny dur­mu­şa ge­çir­me­giň äh­mi­ýe­ti nyg­tal­dy. Bu tas­la­ma­nyň ama­la aşy­ryl­ma­gy ha­ryt do­la­ny­şy­gy­nyň di­ňe bir muk­da­ry­nyň däl, eý­sem, onuň gör­nüş­le­ri­niň art­ma­gy­na müm­kin­çi­lik be­rer.

Öza­ra gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek üçin ägirt uly müm­kin­çi­lik­le­riň bar­dy­gy­ny bel­läp, mil­li Li­de­ri­miz bu işe iki ýur­duň hu­su­sy kom­pa­ni­ýa­la­ry­ny we kär­ha­na­la­ry­ny, te­le­ke­çi­lik dü­züm­le­ri­ni çek­me­gi tek­lip et­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz şeý­le baş­lan­gyç­la­ry he­mi­şe gol­da­ma­ga, ola­ryň bi­le­lik­dä­ki işi üçin ze­rur bo­lan ta­gal­la­la­ry et­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny nyg­ta­dy.

Türk­me­nis­tan bi­len Gyr­gy­zys­ta­nyň ara­syn­da ener­ge­ti­ka we ulag ul­gam­la­ryn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň ägirt uly müm­kin­çi­lik­le­ri­niň bar­dy­gy­ny nyg­tap, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow bi­ziň ýurt­la­ry­my­zyň iri hal­ka­ra ener­ge­ti­ka tas­la­ma­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­mek üçin geog­ra­fi­ki taý­dan amat­ly ýer­leş­me­gi bi­len bir­lik­de, ägirt uly müm­kin­çi­lik­le­riň bar­dy­gy­ny bel­le­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, gel­jek­de hem bu ugur­da bi­le­lik­de hyz­mat­daş­lyk et­mek tek­lip edil­di.

Şeý­le hem döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Türk­me­nis­ta­nyň gyr­gyz ta­ra­py­nyň ener­ge­ti­ka ba­bat­da­ky baş­lan­gyç­la­ry­na gol­daw ber­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny mä­lim et­di. Ola­ryň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi döw­rüň mö­hüm we­zi­pe­si bo­lup dur­ýar.

Bi­ziň ýurt­la­ry­myz Ýew­ra­zi­ýa yk­ly­my­nyň mö­hüm ugur­la­ry­nyň çat­ry­gyn­da ýer­le­şip, Gün­do­gar — Gün­ba­tar ugur­lar bo­ýun­ça ulag ge­çel­ge­le­ri­ni dö­ret­mek ba­bat­da­ky baş­lan­gy­jy öz üst­le­ri­ne alyp bi­ler­ler. Gö­ni ulag üs­ta­şyr ge­çel­ge­si­niň dö­re­dil­me­gi bi­len Ýew­ro­pa­nyň, Ýa­kyn we Or­ta Gün­do­ga­ryň ba­zar­la­ry­na çyk­ma­ga giň müm­kin­çi­lik­ler açyl­ýar.

Yn­san­per­wer ul­gam­da­ky hyz­mat­daş­lyk ba­ra­da aýt­mak bi­len, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow bi­ziň ýurt­la­ry­my­zyň se­bit bo­ýun­ça goň­şy bo­lup dur­ýan­dyk­la­ry­ny bel­le­di. Döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň ga­dy­my dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­na esas­lan­ýan­dy­gy­ny aýt­dy. Soň­ky dö­wür­de dö­re­di­ji­lik iş­gär­le­ri­niň, me­de­ni­ýet iş­gär­le­ri­niň ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry, bi­lim, ylym ul­gamyn­da gat­na­şyk­lar ýo­la go­ýul­dy.

Sport ul­ga­myn­da ýo­la go­ýul­ýan iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ra ka­na­gat­lan­ma bil­di­rip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ýa­kyn­da türk­men we­kil­le­ri­niň Gyr­gy­zys­tan­da ge­çi­ril­jek Çar­wa­dar­la­ryň bü­tin­dün­ýä oýun­la­ry­na gat­naş­ma­gy ba­ra­da­ky res­mi­na­ma gol çe­ki­len­di­gi­ni bel­le­di. Şeý­le hem mil­li Li­de­ri­miz do­gan­lyk ýur­duň ýy­gyn­dy to­pa­ry­nyň ge­çen ýyl Aş­ga­bat­da bo­lan Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ryn­da üs­tün­lik­li çy­kyş eden­di­gi­ni bel­le­di.

Biz mun­dan beý­läk-de bu ugur­da­ky gat­na­şyk­la­ry do­wam ede­ris di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow aýt­dy we onuň döw­rüň mö­hüm ta­la­by bo­lup dur­ýan­dy­gy­na ün­si çek­di. Mu­nuň özi ag­zy­bir­lik, dost­luk we hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk bol­mak bi­len, bu ýö­rel­ge­ler gel­jek­ki ne­sil­ler üçin do­wam eder di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz aýt­dy.

Bu ge­zek­ki gep­le­şik­le­riň do­wa­myn­da iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň esa­sy me­se­le­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Mu­nuň özi türk­men-gyr­gyz gat­na­şyk­la­ry­nyň dost-do­gan­lyk we hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry­na, ola­ry mun­dan beý­läk-de saz­la­şyk­ly ös­dür­mä­ge bo­lan gy­zyk­lan­ma­la­ra iki ýur­duň üýt­gew­siz yg­rar­ly­dy­gy­ny tas­syk­la­ýar.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow sö­zü­niň ahy­ryn­da Pre­zi­dent Soo­ron­baý Žeen­be­ko­wa we onuň üs­ti bi­len do­gan­lyk gyr­gyz hal­ky­na gül­läp ösüş, bagt ba­ra­da­ky iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny aýt­dy.

Soň­ra Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti­ne söz be­ril­ýär.

Türk­me­nis­ta­na döw­let sa­pa­ry bi­len ge­lip gör­mä­ge ibe­ren ça­ky­ly­gy, myh­man­sö­ýer türk­men top­ra­gyn­da mä­hir­li ka­bul edi­len­di­gi üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýe­ne bir ge­zek ho­şal­lyk bil­di­rip, be­lent mer­te­be­li myh­man Gyr­gy­zys­ta­nyň iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ra ägirt uly äh­mi­ýet ber­ýän­di­gi­ni we öza­ra peý­da­ly hyz­mat­daş­ly­gy art­dyr­ma­ga hem-de pug­ta­lan­dyr­ma­ga me­ýil­li­di­gi­ni nyg­ta­dy.

Bi­ziň halk­la­ry­my­zyň umu­my gym­mat­lyk­la­ry­nyň, ta­ry­hy, me­de­ni-ru­hy kök­le­ri­niň bar­dy­gy­ny bel­läp, Pre­zi­dent Soo­ron­baý Žeen­be­kow döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň iki do­gan­lyk ýur­duň ara­syn­da­ky ýyg­jam we ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek ba­ra­da aý­dan­la­ry­ny gol­da­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Gyr­gy­zys­ta­nyň we­kil­çi­lik­li to­pa­ry­nyň bu du­şu­şy­ga gat­naş­ma­gy Türk­me­nis­tan bi­len öza­ra hyz­mat­daş­ly­ga bi­ziň döw­le­ti­mi­ziň taý­ýar­dy­gy­ny äş­gär ed­ýär di­ýip, myh­man nyg­ta­dy.

Iki­çäk gör­nüş­de we bi­rek-bi­re­ge yna­nyş­mak hem-de ne­ti­je­li ýag­daý­da ge­çen gep­le­şik­le­riň ne­ti­je­le­ri­ne ka­na­gat­lan­ma bil­di­rip, Soo­ron­baý Žeen­be­kow mil­li Li­de­ri­mi­ze iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ryň mö­hüm me­se­le­le­ri­niň çöz­gü­di­ne bo­lan işe­wür çe­me­leş­me­le­ri üçin ho­şal­lyk bil­dir­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türk­me­nis­ta­nyň saz­la­şyk­ly ösü­şin­de eýe­le­ýän or­nu­ny bel­läp, myh­man ýur­duň içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sat­da ägirt uly üs­tün­lik­le­ri ga­zan­ýan­dy­gy­ny aýt­dy.

Aş­ga­ba­dyň hä­zir­ki ösü­şi ba­ra­da aý­dyp, be­lent mer­te­be­li myh­man türk­men paý­tag­ty­nyň düýp­li öz­ge­rip, dün­ýä­niň iň owa­dan şä­her­le­ri­niň bi­ri­ne öw­rü­len­di­gi­ni nyg­ta­dy. Munda esa­sy orun Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­ne de­giş­li­dir di­ýip, gyr­gyz Li­de­ri sö­zü­ni do­wam et­di.

Ge­çi­ri­len gep­le­şik­le­riň äh­mi­ýe­ti ba­ra­da aý­dyp, Gyr­gy­zys­ta­nyň Pre­zi­den­ti bu du­şu­şy­gyň ne­ti­je­le­ri­niň stra­te­gik äh­mi­ýe­ti bo­lan döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry­ny hil taý­dan tä­ze de­re­jä çy­kar­ma­ga ýar­dam ber­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di. Şu gün gol çe­ki­len res­mi­na­ma­lar top­lu­my mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.

Söw­da-yk­dy­sa­dy, yl­my-teh­ni­ki we me­de­ni-yn­san­per­wer hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça Hö­kü­me­ta­ra to­pa­ry­na mö­hüm or­nuň de­giş­li­di­gi­ni bel­läp, gyr­gyz Li­de­ri ge­çen aý­da Aş­ga­bat­da ge­çi­ri­len no­bat­da­ky mej­lis­de ga­za­ny­lan yla­la­şyk­la­ryň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­jek­di­gi­ne we onuň türk­men-gyr­gyz gat­na­şyk­la­ry­ny iş­jeň­leş­dir­mä­ge oňyn tä­sir et­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di.

Dost­luk­ly ýur­duň Baş­tu­ta­ny ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­ny, ulag-üs­ta­şyr ul­ga­my, azyk we gaý­ta­dan iş­le­ýän se­na­ga­ty, oba ho­ja­ly­gy­ny, dok­ma se­na­ga­ty­ny öza­ra gat­na­şyk­la­ryň mö­hüm ugur­la­ry hök­mün­de gör­kez­di. Şeý­le hem, gyr­gyz ta­ra­py­nyň Türk­me­nis­tan­dan mi­ne­ral dö­kün­le­ri we ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­ni al­ma­ga uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­di­gi bel­le­nil­di. Se­bit­le­riň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gy iş­jeň­leş­dir­me­giň mö­hüm­di­gi­ne aý­ra­tyn üns be­ril­di. Şun­luk­da, Biş­kek bi­len Aş­ga­ba­dyň ara­syn­da do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny ýo­la goý­mak ha­kyn­da­ky yla­la­şy­gyň äh­mi­ýe­ti nyg­tal­dy.

Hä­zir­ki döw­rüň we­him­le­ri­ne gar­şy dur­mak­da ta­gal­la­la­ry ut­gaş­dyr­ma­gyň wa­jyp­dy­gy­ny aý­dyp, Pre­zi­dent Soo­ron­baý Žeen­be­kow Gyr­gy­zys­ta­nyň dün­ýä bi­le­le­şi­gi­niň Ow­ga­nys­tan­da­ky ýag­da­ýy dur­nuk­laş­dyr­ma­ga we ony tiz dü­zet­mä­ge bo­lan ta­gal­la­la­ry­na gol­daw ber­mä­ge yg­rar­ly­dy­gy­ny tas­syk­la­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, be­lent mer­te­be­li myh­man Türk­me­nis­ta­nyň goň­şy döw­le­tiň pa­ra­hat­çy­lyk­ly ösü­şi­ne gol­daw ber­mek me­se­le­le­ri­ne çe­me­leş­me­le­ri­ni gol­da­ma­ga taý­ýar­dy­gy­ny nyg­ta­dy.

Ara­ly ha­las et­me­giň Hal­ka­ra gaz­na­sy­ny esas­lan­dy­ry­jy döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry­nyň sam­mi­ti­niň äh­mi­ýe­ti ba­ra­da aý­dyp, Gyr­gy­zys­ta­nyň Baş­tu­ta­ny onuň işi­niň üs­tün­lik­li ös­dü­ril­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di.

Türk­me­nis­ta­nyň şu ýyl iri hal­ka­ra sport ýa­ryş­la­ry­ny — “Amul — Ha­zar 2018” aw­to­ral­li­si­ni we agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty­ny ge­çir­ýän­di­gi­ni nyg­tap, be­lent mer­te­be­li myh­man bu çä­re­le­riň ýo­ka­ry de­re­je­de gu­ral­jak­dy­gy­na ynam bil­dir­di. Pur­sat­dan peý­da­la­nyp, Pre­zi­dent Soo­ron­baý Žeen­be­kow hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowy we türk­men we­ki­li­ýe­ti­ni Gyr­gy­zys­tan­da sent­ýabr aýyn­da ge­çi­ril­jek Çar­wa­dar­la­ryň üçün­ji bü­tin­dün­ýä oýun­la­ry­na, şeý­le hem tür­ki dil­li döw­let­le­riň hyz­mat­daş­lyk Ge­ňe­şi­niň sam­mi­ti­ne hor­mat­ly myh­man hök­mün­de gat­naş­ma­ga ça­gyr­dy.

Dost­luk­ly döw­le­tiň Baş­tu­ta­ny sö­zü­niň ahy­ryn­da bu ge­zek­ki gep­le­şik­le­riň gün ter­ti­bi­ne gi­ri­zi­len me­se­le­le­ri iş ýü­zün­de dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça şu gün de­giş­li çä­re­le­riň kes­git­len­jek­di­gi­ne we ýa­kyn wagt­da anyk ne­ti­je­le­riň ga­za­nyl­jak­dy­gy­na ynam bil­dir­di.

Pre­zi­dent Soo­ron­baý Žeen­be­kow hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowy res­mi sa­par bi­len Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­na gel­mä­ge ça­gyr­dy. Ça­ky­lyk min­net­dar­lyk bi­len ka­bul edil­di. Sa­pa­ryň möh­let­le­ri dip­lo­ma­tik ýol­lar ar­ka­ly yla­la­şy­lar.

Gi­ňiş­le­ýin dü­züm­dä­ki gep­le­şik­ler ta­mam­la­nan­dan soň “Sel­juk han” za­lyn­da Türk­me­nis­ta­nyň we Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­dent­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da iki­ta­rap­la­ýyn res­mi­na­ma­la­ra gol çek­mek da­ba­ra­sy bol­dy.

Da­ba­ra­nyň do­wa­myn­da Aş­ga­bat we Biş­kek şä­her­le­ri­niň ara­syn­da do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny ýo­la goý­mak ba­ra­da Aş­ga­bat şä­he­ri­niň hä­kim­li­gi bi­len Biş­kek şä­he­ri­niň mer­li­gi­niň ara­syn­da Yla­la­şy­ga; Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si bi­len Gyr­gyz Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ara­syn­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ha­kyn­da Yla­la­şy­ga; Türk­me­nis­ta­nyň Te­le­wi­de­ni­ýe, ra­dio­gep­le­şik­ler we ki­ne­ma­tog­ra­fi­ýa ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti bi­len Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň Me­de­ni­ýet, mag­lu­mat we sy­ýa­hat­çy­lyk mi­nistr­li­gi­niň ara­syn­da film ön­dür­mek we te­le­ra­dio­gep­le­şik­ler ba­bat­da bi­le­lik­de hyz­mat­daş­lyk et­mek ha­kyn­da Yla­la­şy­ga; Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň ýa­nyn­da­ky Baş ar­hiw mü­dir­li­gi bi­len Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň Hö­kü­me­ti­niň ýa­nyn­da­ky Döw­let bel­li­ge alyş gul­lu­gy­nyň ýa­nyn­da­ky Ar­hiw agent­li­gi­niň ara­syn­da 2018 — 2020-nji ýyl­lar­da ar­hiw işi bo­ýun­ça hyz­mat­daş­lyk et­mek ha­kyn­da Mak­sat­na­ma; 2015-nji ýy­lyň 5-nji aw­gus­tyn­da Biş­kek şä­he­rin­de gol çe­ki­len “Türk­me­nis­ta­nyň Oba we suw ho­ja­lyk mi­nistr­li­gi bi­len Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň Oba ho­ja­lyk, azyk se­na­ga­ty we me­lio­ra­si­ýa mi­nistr­li­gi­niň ara­syn­da oba ho­ja­ly­gy ba­bat­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ba­ra­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da­ky Äht­na­ma­nyň” çäk­le­rin­de iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça çä­re­le­riň Me­ýil­na­ma­sy­na; Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti bi­len Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň Hö­kü­me­ti­niň ara­syn­da adat­dan da­şa­ry ýag­daý­la­ryň öňü­ni al­mak we ola­ry ýok et­mek bo­ýun­ça hyz­mat­daş­lyk et­mek ha­kyn­da Yla­la­şy­ga; Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti bi­len Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň Hö­kü­me­ti­niň ara­syn­da ulag ul­ga­myn­da hyz­mat­daş­lyk et­me­giň esa­sy ýö­rel­ge­le­ri bo­ýun­ça öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma; Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi bi­len Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň ara­syn­da 2019 — 2020-nji ýyl­lar üçin hyz­mat­daş­lyk et­me­giň Mak­sat­na­ma­sy­na; Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti bi­len Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň Hö­kü­me­ti­niň ara­syn­da söw­da-yk­dy­sa­dy we yn­san­per­wer hyz­mat­daş­lyk ha­kyn­da Yla­la­şy­ga; Gir­de­ji üçin sal­gyt­lar ba­bat­da iki ge­zek sal­gyt sa­lyn­ma­gy­ny ara­dan aýyr­mak we sal­gyt­la­ry tö­le­mek­den bo­ýun ga­çy­ryl­ma­gy­nyň öňü­ni al­mak ha­kyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti bi­len Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň Hö­kü­me­ti­niň ara­syn­da Yla­la­şy­ga gol çe­kil­di.

Bu ýe­re ýyg­na­nan­la­ryň şow­hun­ly el çar­pyş­ma­la­ry bi­len Pre­zi­dent­ler Gurbanguly Berdimuhamedow we Soo­ron­baý Žeen­be­kow Türk­me­nis­tan bi­len Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da stra­te­gi­k hyz­mat­daş­lyk, dost­lu­gy we yna­nyş­ma­gy pug­ta­lan­dyr­mak ha­kyn­da Jar­na­ma gol çek­di­ler.

Res­mi­na­ma­la­ra gol çek­mek da­ba­ra­sy ta­mam­la­nan­soň, iki ýur­duň Li­der­le­ri “Mag­tym­gu­ly” za­lyn­da köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri­ne ýüz­len­me bi­len çy­kyş et­di­ler.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ri­len du­şu­şy­gyň ne­ti­je­le­ri ba­ra­da aý­dyp, iki­ta­rap­la­ýyn gep­le­şik­le­riň ne­ti­je­li hä­si­ýe­te eýe bo­lan­dy­gy­ny bel­le­di. Mil­li Li­de­ri­miz döw­let sa­pa­ry bi­len Türk­me­nis­ta­na ge­lip gör­mek ba­ra­da­ky ça­ky­ly­gy ka­bul eden­di­gi üçin dost­luk­ly ýur­duň Li­de­ri­ne tüýs ýü­rek­den min­net­dar­lyk bil­di­rip, Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti­niň şu ge­zek­ki sa­pa­ry­na iki ýur­duň we halk­la­ry­nyň dur­mu­şyn­da mö­hüm wa­ka hök­mün­de ga­ral­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy.

Pre­zi­dent Soo­ron­baý Žeen­be­kow bi­len du­şu­şyk, şeý­le hem we­ki­li­ýet­le­riň ag­za­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da gi­ňiş­le­ýin dü­züm­dä­ki gep­le­şik­ler dost­lukly we ne­ti­je­li ýag­daý­da geç­di, iş­jeň hem-de öza­ra yna­nyş­mak hä­si­ýe­ti­ne eýe bol­dy di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­le­di hem-de iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ryň ýag­da­ýy­nyň iç­gin ara al­nyp mas­la­hat­la­şy­lan­dy­gy­ny, se­bit we hal­ka­ra sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm me­se­le­le­ri­niň bir­nä­çe­si bo­ýun­ça pi­kir al­şy­lan­dy­gy­ny aýt­dy.

Gyr­gy­zys­ta­nyň Pre­zi­den­ti ta­ra­pyn­dan deg­lip ge­çi­len äh­li me­se­le­le­re do­ly dü­şün­mek bi­len ga­ral­ýan­dy­gy hem-de ola­ryň gol­da­nyl­ýan­dy­gy, Türk­me­nis­tan bi­len hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de pug­ta­lan­dyr­ma­ga gy­zyk­lan­ma bil­di­ril­ýän­di­gi, ýur­du­my­zyň Bi­ta­rap da­şa­ry sy­ýa­sat ug­ru­na hor­mat go­ýul­ýan­dy­gy be­ýan edil­di di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz aýt­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Gyr­gy­zys­ta­nyň Baş­tu­ta­ny­nyň ga­ra­ýyş­la­ry­na ýo­ka­ry ba­ha be­rip, Türk­me­nis­ta­n Gyr­gy­zys­tan bi­len dost-do­gan­lyk hem-de öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny mun­dan beý­läk-de hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dür­me­gi ugur edin­ýär diýip tas­syk­la­dy.

Mil­li Li­de­ri­miz iki döw­le­tiň hal­ka­ra sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm me­se­le­le­ri bo­ýun­ça ga­ra­ýyş­la­ry­nyň ga­bat gel­ýän­di­gi­ni ýa-da ýa­kyn­dy­gy­ny bel­läp, ola­ryň äh­lu­mu­my we se­bit dur­nuk­ly­ly­gyň, pa­ra­hat­çy­ly­gyň hem-de howp­suz­ly­gyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy ug­run­da çy­kyş ed­ýän­dik­le­ri­ni, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Ter­tip­na­ma­sy­nyň esa­syn­da hal­ka­ra hu­kuk ka­da­la­ry­na hor­mat go­ýul­ma­gy­na yg­rar­ly­dyk­la­ry­ny bel­le­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, bu gu­ra­ma­nyň, şeý­le hem Türk­me­nis­ta­nyň we Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň gat­naş­ýan beý­le­ki hal­ka­ra dü­züm­le­ri­niň çäk­le­rin­de hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de gi­ňelt­mek ba­ra­da yla­la­şyk ga­za­ny­lan­dy­gy nyg­tal­dy. Bi­ziň ýurt­la­ry­myz öz ne­ti­je­li­li­gi­ni gör­ke­zen hem-de iki ta­ra­pyň hem bäh­bit­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän BMG-da öza­ra gol­daw ber­mek tej­ri­be­si­ni do­wam eder­ler di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow aýt­dy.

Şeý­le hem Türk­me­nis­tan bi­len Gyr­gy­zys­ta­nyň hal­ka­ra ter­ror­çy­ly­gy­na, ekst­re­miz­me, ne­şe se­riş­de­le­ri­niň bi­ka­nun do­la­ny­şy­gy­na, ser­he­tüs­ti gu­ra­ma­çy­lyk­ly je­na­ýat­çy­ly­gyň äh­li gör­nüş­le­ri­ne gar­şy bar­ly­şyk­syz gö­re­şe yg­rar­ly­dyk­la­ry bel­le­nil­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Ow­ga­nys­tan­da­ky ýag­da­ýy di­ňe pa­ra­hat­çy­lyk­ly, sy­ýa­sy ýol­lar bi­len ka­da­laş­dyr­ma­gyň müm­kin­di­gi­ni bel­läp, ta­rap­la­ryň bu döw­le­ti yk­dy­sa­dy taý­dan gaý­ta­dan di­kelt­mek işin­de hal­ka­ra bi­le­le­şi­gin­de hem­me­ta­rap­la­ýyn gol­daw ber­mek ba­ra­da yla­la­şan­dyk­la­ry­ny aýt­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Türk­me­nis­tan bi­len Gyr­gy­zys­tan Ow­ga­nys­tan­da iri se­bit we hal­ka­ra äh­mi­ýet­li tas­la­ma­la­ryň, hu­su­san-da, ener­ge­ti­ka, ulag, ara­gat­na­şyk we kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar ýa­ly ul­gam­lar­da tas­la­ma­la­ryň ama­la aşy­ryl­ma­gy­na gat­naş­ma­gy­nyň ta­rap­da­ry bo­lup çy­kyş ed­ýär­ler.

Gep­le­şik­le­riň bar­şyn­da se­bit­le­ýin hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak me­se­le­le­ri­ne aý­ra­tyn üns be­ril­di di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow sö­zü­ni do­wam et­di hem-de Mer­ke­zi Azi­ýa­da suw-ener­ge­ti­ka me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de hyz­mat­daş­ly­ga mö­hüm me­se­le­le­riň bi­ri hök­mün­de ga­ra­lan­dy­gy­ny bel­le­di. Bu me­se­le ba­ba­tyn­da deň­hu­kuk­ly­lyk, öza­ra hor­mat goý­mak hem-de hyz­mat­daş­ly­gyň bäh­bit­le­ri­ni ha­sa­ba al­mak, anyk yla­la­şyk­la­ry tiz­den-tiz ga­zan­mak esa­syn­da se­bit yla­la­şy­gy­na ýe­til­me­gi­ne hem­me­ta­rap­la­ýyn ýar­dam ber­mek ba­ra­da bir pi­ki­re ge­lin­di.

Iki­ta­rap­la­ýyn söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk ba­ba­tyn­da ta­rap­lar iki ta­rap­da hem bar bo­lan müm­kin­çi­lik­le­ri do­ly peý­da­lan­ma­gyň, se­na­gat­da, oba ho­ja­ly­gyn­da, gaý­ta­dan iş­le­ýän ul­gam­da, gur­lu­şyk­da, baş­ga ugur­la­ryň bir­nä­çe­si bo­ýun­ça tä­ze go­şu­lyş­mak gat­na­şyk­la­ry­na çyk­ma­gyň ze­rur­dy­gy­ny bel­le­di­ler.

Türk­me­nis­tan bi­len Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy ener­ge­ti­ka we ulag ul­ga­myn­da iri möç­ber­li hal­ka­ra tas­la­ma­la­ry­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne ýar­dam ber­mä­ge taý­ýar­dyr­lar di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz sö­zü­ni do­wam et­di, bi­ziň döw­le­ti­miz Gün­do­gar — Gün­ba­tar ug­ry bo­ýun­ça Ýew­ro­pa ýurt­la­ry­nyň, Ýa­kyn we Or­ta Gün­do­ga­ryň ba­zar­la­ry­na çyk­mak bi­len ulag ge­çel­ge­le­ri­niň dö­re­dil­me­gi­ne iş­jeň ýar­dam be­rer.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow şeý­le hem me­de­ni-yn­san­per­wer, bi­lim, ylym we sport ugur­la­ryn­da iki döw­le­tiň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek we gol­da­mak ba­ra­da yla­la­şyk ga­za­ny­lan­dy­gy­ny bel­le­di.

Mil­li Li­de­ri­miz ge­çi­ri­len gep­le­şik­le­riň ne­ti­je­le­ri­ne, şo­la­ryň jem­le­ri bo­ýun­ça ýurt­la­ry­my­zyň ara­syn­da uzak­möh­let­le­ýin gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len iki­ta­rap­la­ýyn res­mi­na­ma­la­ryň uly top­lu­my­na gol çe­ki­len­di­gi­ni ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­läp, Türk­me­nis­ta­na ge­lip gör­mek ba­ra­da­ky ça­ky­ly­gy ka­bul eden­di­gi, ge­çi­ri­len oňyn we ne­ti­je­li gep­le­şik­ler üçin Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti­ne ýe­ne bir ge­zek min­net­dar­ly­gy­ny be­ýan et­di.

Sö­zü­niň ahy­ryn­da mil­li Li­de­ri­miz Gyr­gy­zys­ta­nyň do­gan­lyk hal­ky­na pa­ra­hat­çy­lyk, aba­dan­çy­lyk we ösüş ar­zuw et­di.

Gyr­gyz Li­de­ri öz no­ba­tyn­da ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki du­şu­şy­gyň jem­le­ri­ni be­ýan edip, dost­luk­ly ýur­duň Li­de­ri hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowa we tu­tuş türk­men hal­ky­na mä­hir­li ka­bul edi­len­dik­le­ri we myh­man­sö­ýer­lik, şeý­le hem bi­le­lik­de iş­le­mek üçin dö­re­di­len aja­ýyp şert­ler üçin tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­di.

Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň Baş­tu­ta­ny hök­mün­de Türk­me­nis­ta­na il­kin­ji sa­pa­ry­myň bar­şyn­da iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ryň ýag­da­ýy we müm­kin­çi­lik­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy, gel­jek­ki hyz­mat­daş­ly­gyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry kes­git­le­nil­di di­ýip, Pre­zi­dent Soo­ron­baý Žeen­be­kow sö­zü­ni do­wam et­di. Türk­me­nis­tan bi­len Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da stra­te­gik hyz­mat­daş­lyk, dost­lu­gy we yna­nyş­ma­gy pug­ta­lan­dyr­mak ha­kyn­da şu gün gol çe­ki­len Jar­na­ma döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryn­da mö­hüm wa­ka bo­lup dur­ýar hem-de ýurt­la­ry­my­zyň hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ta­ry­hyn­da tä­ze sa­hy­pa­ny açar di­ýip, be­lent mer­te­be­li myh­man nyg­ta­dy.

Ta­rap­lar türk­men-gyr­gyz hyz­mat­daş­ly­gy­nyň hä­zir­ki de­re­je­si­ne ýo­ka­ry ba­ha ber­di­ler, öza­ra gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän se­bit we hal­ka­ra me­se­le­le­ri bo­ýun­ça pi­kir alyş­dy­lar.

Gyr­gy­zys­ta­nyň Baş­tu­ta­ny çy­ky­şy­nyň do­wa­myn­da iki ýur­duň ara­syn­da däp bo­lan öza­ra dü­şü­niş­mek hem-de açyk­lyk ýag­da­ýyn­da ge­çen gep­le­şik­le­riň oňyn we ne­ti­je­li hä­si­ýe­ti­ni bel­le­di. Şu gün­ki du­şu­şyk bi­ziň gyr­gyz-türk­men gat­na­şyk­la­ry­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga hem-de ola­ry äh­li ugur­lar­da ös­dür­mä­ge umu­my gy­zyk­lan­ma­ny tas­syk­la­dy di­ýip, Pre­zi­dent Soo­ron­baý Žeen­be­kow sy­ýa­sy, söw­da-yk­dy­sa­dy we me­de­ni-yn­san­per­wer ul­gam­la­ryn­da hyz­mat­daş­ly­gy has ýo­ka­ry de­re­jä çy­kar­ma­ga me­ýil­le­ri tas­syk­la­dy.

Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, söw­da-yk­dy­sa­dy ul­gam­da hyz­mat­daş­ly­ga hem-de öza­ra ha­ryt do­la­ny­şy­gy­nyň art­dy­ryl­ma­gy­nyň ze­rur­dy­gy­na aý­ra­tyn üns be­ril­di. Şun­da Hö­kü­me­ta­ra to­pa­ry­na uly orun de­giş­li­dir di­ýip, be­lent mer­te­be­li myh­man şu ýyl il­kin­ji ge­zek ge­çi­ri­len bi­le­lik­dä­ki söw­da-ma­ýa go­ýum mas­la­ha­ty­nyň äh­mi­ýe­ti­ni nyg­ta­dy.

Ulag ul­ga­my, ulag-üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­ri­niň müm­kin­çi­lik­le­ri­niň gi­ňel­dil­me­gi, oba ho­ja­lyk we se­na­gat önüm­le­ri­ni öza­ra alyş­mak, şeý­le hem iki ýur­duň se­bit­le­ri­niň de­re­je­sin­de hyz­mat­daş­lyk türk­men-gyr­gyz gat­na­şyk­la­ry­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry hök­mün­de gör­ke­zil­di. Me­de­ni, yn­san­per­wer, bi­lim we sport ugur­la­ry bo­ýun­ça iki ýur­duň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek bo­ýun­ça yla­la­şy­gyň ga­za­ny­lan­dy­gy hem bel­le­nil­di.

Gyr­gy­zys­ta­nyň Baş­tu­ta­ny ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki gep­le­şik­le­riň jem­le­ri­ne ýo­ka­ry ba­ha ber­di, iki­ta­rap­la­ýyn res­mi­na­ma­la­ryň uly top­lu­my onuň ne­ti­je­le­ri­dir.

Pre­zi­dent Soo­ron­baý Žeen­be­kow bi­ziň ýurt­la­ry­my­zy we halk­la­ry­my­zy ta­ry­hyň we me­de­ni­ýe­tiň, ru­hy gym­mat­lyk­la­ryň umu­my­ly­gy­nyň je­bis­leş­dir­ýän­di­gi­ni bel­läp, Türk­me­nis­tanyň Gyr­gy­zys­ta­nyň mö­hüm hem-de yg­ty­bar­ly hyz­mat­da­şy bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy. 2017-nji ýyl­da bi­ziň ýurt­la­ry­my­zyň ara­syn­da dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­la­ryň ýo­la go­ýul­ma­gy­na 25 ýyl bol­dy. Döw­le­ta­ra gep­le­şik­le­ri öza­ra hor­mat goý­mak, deň­hu­kuk­ly­lyk hem-de öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­lyk ýö­rel­ge­le­ri esa­syn­da ok­gun­ly ös­dü­ril­ýär di­ýip, be­lent mer­te­be­li myh­man ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­le­di.

Gyr­gyz Li­de­ri iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­mak­da, Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy bi­len Türk­me­nis­ta­nyň ara­syn­da dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň ös­dü­ril­me­gin­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şah­sy hyz­ma­ty­ny we uly go­şan­dy­ny aý­ra­tyn bel­le­di.

Pur­sat­dan peý­da­la­nyp, Pre­zi­dent Soo­ron­baý Žeen­be­kow türk­men Li­de­ri­ni Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­na res­mi sa­par bi­len ge­lip gör­mä­ge ça­gyr­dy.

Sö­zü­niň ahy­ryn­da dost­luk­ly döw­le­tiň Baş­tu­ta­ny Türk­me­nis­ta­nyň hal­ky­na pa­ra­hat­çy­lyk, aba­dan­çy­lyk we ösüş ar­zuw et­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow be­lent mer­te­be­li myh­ma­nyň hor­ma­ty­na res­mi gü­nor­tan­lyk na­ha­ry­ny ber­di, on­da iki döw­le­tiň Li­der­le­ri söz söz­le­di­ler.

Gü­nüň ikin­ji ýa­ry­myn­da Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň Baş­tu­ta­ny Gyp­jak oba­sy­na bar­dy we Türk­me­nis­ta­nyň il­kin­ji Pre­zi­den­ti­niň ýa­dy­gär­li­gi­ni ha­ty­ra­lap, onuň küm­me­ti­ne gül goý­dy, ýur­du­my­zyň baş met­ji­di­ne ba­ryp gör­di.

Şeý­le hem be­lent mer­te­be­li myh­man Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­lyk bi­na­sy­na gül des­se­le­ri­ni goý­dy. Asyl­ly dä­be gö­rä, Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti bu ýer­dä­ki Hor­mat­ly myh­man­la­ryň se­ýil­gä­hin­de iki döw­le­tiň we halk­la­ryň ara­syn­da­ky dost­lu­gyň ny­şa­ny hök­mün­de ýaş agaç na­ha­ly­ny oturt­dy.

Soň­ra dost­luk­ly ýur­duň Li­de­ri paý­tag­ty­myz­da­ky Olim­pi­ýa şä­herçesi­ne ba­ryp gör­di, bu ýer­de 2017-nji ýy­lyň sent­ýab­ryn­da Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry uly üs­tün­lik bi­len ge­çi­ril­di. Be­lent mer­te­be­li myh­man hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lan­gy­jy bi­len gur­lan bu kö­pu­gur­ly şä­her­çäniň dü­zü­mi bi­len tan­şyp, onuň ge­ri­mi­ne, oý­la­ny­şyk­ly ýer­leş­di­ri­li­şi­ne, öz­bo­luş­ly bi­na­gär­lik aý­ra­tyn­lyk­la­ry­na, iş­le­ýiş hä­si­ýet­na­ma­la­ry­na hem-de des­ga­la­ryň ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly en­jam­laş­dy­ry­ly­şy­na ýo­ka­ry ba­ha ber­di.

Döw­let sa­pa­ry­nyň mak­sat­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, gyr­gyz Li­de­ri Aş­ga­ba­dyň dok­ma top­lu­my­na bar­dy we onuň işi bi­len ta­nyş­dy. Mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň eks­por­ta ug­ruk­dy­ry­lan pu­dak­la­ry­nyň öň­de­ba­ry­jy­la­ry­nyň bi­ri­niň kär­ha­na­la­ry­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­nyň döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy ne­ti­je­sin­de aras­sa pag­ta­dan we ýü­pek­den taý­ýar­la­nyl­ýan türk­men dok­ma önüm­çi­li­gi­niň möç­be­ri yzy­gi­der­li art­ýar, taý­ýar önüm­le­riň tä­ze gör­nüş­le­ri öz­leş­di­ril­ýär. Aş­ga­bat dok­ma top­lu­my­nyň ön­dür­ýän önüm­le­ri mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr, o­la­r ýo­ka­ry hil­li, gör­nüş­le­ri­niň köp hem-de nyrh­la­ry­nyň el­ýe­ter­li bol­ma­gy ne­ti­je­sin­de içer­ki ba­zar­da hem, da­şar­ky ba­zar­da hem uly is­le­ge eýe­dir.

Bu ýer­de Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti­ne dok­ma kär­ha­na­la­ryn­da taý­ýar­la­nyl­ýan taý­ýar jin­si, tüý­jü­mek, ör­me we beý­le­ki ma­ta­la­ryň gör­nüş­le­rin­den, luk­man­çy­lyk pa­my­gy, nah ýüp­lük, ma­ta­la­ryň dür­li nus­ga­la­ry — pan­bar­hat we ke­te­ni önüm­le­rin­den gu­ra­lan ser­gi gör­ke­zil­di.

Dost­luk­ly ýur­duň Baş­tu­ta­ny Aş­ga­bat dok­ma top­lu­my­nyň işi hem-de Türk­me­nis­tan­da çy­ka­ryl­ýan ha­ryt­lar­dan dü­zü­len ser­gi ba­ra­da pi­ki­ri­ni be­ýan edip, bu ul­gam­da öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mek üçin oňat müm­kin­çi­lik­le­riň bar­dy­gy­ny bel­le­di.

Top­lum bi­len ta­nyş­ly­k ta­mam­lanandan soň, Pre­zi­dent Soo­ron­baý Žeen­be­ko­wyň aw­tou­lag ker­we­ni paý­tag­ty­my­zyň Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li­ne bar­dy, be­lent mer­te­be­li myh­man bu ýer­den Türk­men­ba­şy şä­he­ri­ne ug­ra­dy.

Gyr­gyz Li­de­ri­niň Türk­me­nis­ta­na döw­let sa­pa­ry do­wam ed­ýär. Er­tir Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ça­gyr­ma­gy bo­ýun­ça Ara­ly ha­las et­me­giň Hal­ka­ra gaz­na­sy­ny esas­lan­dy­ry­jy döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry­nyň sam­mi­ti­ne hor­mat­ly myh­man hök­mün­de gat­na­şar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter