Türk­me­nis­ta­nyň ýy­gyn­dy to­pa­ry Azia­da­nyň ikin­ji bü­rünç me­da­ly­ny ga­zan­dy | TDH
Sport

Türk­me­nis­ta­nyň ýy­gyn­dy to­pa­ry Azia­da­nyň ikin­ji bü­rünç me­da­ly­ny ga­zan­dy

опубликованно 24.08.2018 // 836 - просмотров
 

Şu gün, XVIII to­mus­ky Azi­ýa oýun­la­ry­nyň al­tyn­jy gü­nün­de türk­men to­pa­ry­nyň ga­za­nan­la­ry­nyň üs­ti ýe­ne-de bir bü­rünç me­dal bi­len art­dy. Mu­nuň özi Azi­ýa oýun­la­ry­nyň ta­ry­hyn­da jiu-jit­su bo­ýun­ça ýa­ryş­lar­da “ne-wa­za” gör­nü­şin­de Türk­me­nis­ta­nyň il­kin­ji baý­ra­gy­dyr.

Spor­tuň bu gör­nü­şin­de 56 ki­log­ra­ma çen­li ag­ram de­re­je­sin­de Ke­mal Me­re­dow ta­pa­wut­lan­dy. Ol gyr­gy­zys­tan­ly gar­şy­da­şy bi­len sö­we­şi üs­tün­lik­li ge­çi­rip, pa­kis­tan­ly tür­ge­niň gar­şy­lyk gör­kez­me­gin­den üs­tün çyk­ma­gy ba­şar­dy.

Il­de­şi­mi­ziň çär­ýek fi­nal­da­ky du­şu­şy­gy ýeň­liş bi­len ta­mam­lan­dy. Ýö­ne Öz­be­gis­ta­nyň we­ki­li bi­len goş­ma­ça gö­reş­de K.Me­re­do­wa ynam­ly ýe­ňiş ga­zan­mak ba­şart­dy.

Mon­gol tür­ge­ni bi­len üçün­ji orun ug­run­da­ky jem­leý­ji du­şu­şyk çyl­şy­rym­ly bol­dy. Gar­şy­daş­lar iş­jeň he­re­ket et­mek­de we us­sat­lyk­da bi­ri-bi­rin­den kem gal­ma­dy. Ne­ti­je­de, emin­le­riň çöz­gü­di bi­len, ýe­ňiş türk­men päl­wa­ny­na be­ril­di. Bi­ziň tür­ge­ni­mi­ziň bu ýa­ryş­la­ra taý­ýar­ly­gy­nyň ýo­ka­ry de­re­je­si­ni bel­le­mek ge­rek. Çün­ki Mon­go­li­ýa­nyň we­ki­li Aş­ga­bat­da ge­çi­ri­len Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň bü­rünç medalynyň eýe­si­dir, K.Me­re­dow bol­sa şol ýa­ry­şyň ter­tip­na­ma­syn­da do­ku­zyn­jy orun­da­dy.

69 ki­log­ra­ma çen­li agram de­re­je­sin­de Je­lil­mu­ham­met Ho­ja­my­ra­dow hem me­dal ga­zan­mak­dan sä­hel­çe yza gal­dy. Ol 1/16 we 1/8 fi­nal­da­ky du­şu­şyk­la­ry üs­tün­lik­li ge­çip, çär­ýek fi­nal tut­lu­şy­gyn­da ýe­ňil­di. Goş­ma­ça sö­weş bi­ziň tür­ge­ni­mi­ziň ýeň­şi bi­len ta­mam­lan­dy. Dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň baý­rak eýe­si bi­len bü­rünç me­dal ug­run­da­ky du­şu­şyk­da bol­sa emin­ler ýeň­şi gar­şy­da­şa ber­me­gi ma­kul gör­dü­ler. D.Ho­ja­my­ra­dow ne­ti­je­de bä­şin­ji or­ny eýe­le­di.

Boks bo­ýun­ça ýa­ryş­la­ra ba­dal­ga ber­lip, il­kin­ji du­şu­şyk­lar ge­çi­ril­di. 60 ki­log­ra­ma çen­li ag­ram de­re­je­sin­de il­kin­ji aý­la­wy bi­ziň tür­ge­ni­miz Hur­sand Iman­ku­ly­ýew hem yz­da gal­dyr­dy. Ol 2017-nji ýyl­da bo­lan Ys­lam oýun­la­ry­nyň baý­rak eýe­si hem-de şu ýyl Pol­şa­da ge­çi­ri­len boks bo­ýun­ça Fe­liks Ştamm adyn­da­ky XXXV hal­ka­ra ýa­ry­şy­nyň ýe­ňi­ji­si­dir.

Şeý­le­lik­de, şu gün­ki me­dal oýun­lar­da ýy­gyn­dy to­pa­ry­my­zyň üçün­ji me­da­ly­dyr. Il­kin­ji baý­rak­la­ryň eýe­le­ri TDH-nyň ha­bar­çy­sy bi­len öz şat­ly­gy­ny paý­laş­dy­lar.

Agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça ýa­ryş­lar­da to­mus­ky Azia­da­nyň kü­müş medalynyň eýe­si, Mil­li sport we sy­ýa­hat­çy­lyk ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by Kris­ti­na Şer­me­to­wa şeý­le diý­di:

— Ýo­ka­ry ne­ti­jä­ni ga­zan­ma­ga uly is­leg bar­dy, bu ym­ty­ly­şy ama­la aşyr­ma­gyň ba­şar­dan­dy­gy­na şat­dy­ryn. Gy­nan­ma­gym hem bar, se­bä­bi al­tyn me­dal ga­zan­ma­ga sä­hel­çe ýet­me­di. Bi­rin­ji orun­dan ta­pa­wut ba­ry-ýo­gy bir ki­log­ram ag­ram bol­dy. Ýö­ne agyr at­le­ti­ka spor­tuň şeý­le gör­nü­şi. On­da esa­sy zat, az-ow­la­gam bol­sa, gar­şy­daş­dan üs­tün çyk­mak. Onuň üs­te­si­ne-de, ýa­ryş Azi­ýa­nyň güýç­li tür­gen­le­ri­ni jem­le­di we bäs­deş­lik ýo­ka­ry de­re­je­de bol­dy. Bu me­dal me­niň üçin Dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň kü­müş me­da­ly ýa­ly şeý­le gym­mat­ly­dyr. Ne­ti­je­de, üs­tün­lik­li il­kin­ji sy­na­ny­şyk kö­mek et­di, ol ar­tyk­maç ala­da­ny ara­dan aýyr­dy, ikin­ji sy­na­ny­şy­gyň öň ýa­nyn­da güý­jü­mi jem­le­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­di. Ýa­ryş­la­ryň özi bol­sa bir pur­sat ýa­ly ge­çip git­di. Bu oýun­lar­da Türk­me­nis­ta­na il­kin­ji me­da­ly al­mak ba­şar­dan­dy­gy­na örän be­gen­ýä­rin.

Ýe­men­den bo­lan gar­şy­daş bi­len bü­rünç me­dal ug­run­da ge­çi­ren du­şu­şy­gy ba­ra­da grek-rim gör­nü­şin­de türk­men päl­wa­ny, har­by gul­luk­çy Şi­haz­ber­di Öwe­le­kow hem ýat­la­dy:

— Şeý­le iri ýa­ryş­lar­da ga­za­ny­lan is­len­dik gym­mat­lyk­da­ky me­dal her bir tür­gen üçin üs­tün­lik­dir. Tür­gen­le­şik­ler­de her gün­ki yh­las­ly iş­ler ma­ňa üs­tün­lik ga­zan­ma­ga kö­mek et­di. Jem­leý­ji sö­we­şiň bar­şyn­da gar­şy­da­şy ýe­re gal­taş­ma­ga ge­çir­mek, soň bol­sa taý­ýar­lyk gör­ýän wagt­la­rym en­çe­me ge­zek iş­län til­sim­le­ri­mi ama­la aşy­ryp, aras­sa ýe­ňiş üçin ze­rur bo­lan utuk­la­ryň je­mi­ni tiz top­la­mak ba­şart­dy. Ýur­du­myz üçin me­dal ga­zan­mak örän ýa­kym­ly bol­dy, Aş­ga­bat­da­ky Azia­da­da bü­rünç me­dal ala­nym­da hem şeý­le duý­gu­la­ry baş­dan ge­çir­dim. Tür­gen­le­şik­le­ri­mi do­wam ede­rin. Me­niň mak­sa­dym şeý­le de­re­je­li ýa­ryş­lar­da Türk­me­nis­ta­nyň ýy­gyn­dy to­pa­ry­na has ýo­ka­ry ne­ti­je­le­ri ga­zan­dyr­mak­dan yba­rat.

Er­tir boks, jiu-jit­su gör­nüş­le­rin­de gö­reş­ler do­wam eder, 3x3 bas­ket­bol bo­ýun­ça ýy­gyn­dy­myz to­par­ça­dan saý­la­nyp do­wam et­mek üçin jem­leý­ji oýun­la­ry ge­çi­rer.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter