Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti bi­len du­şu­şy­gy | TDH
Syýasat habarlary

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti bi­len du­şu­şy­gy

опубликованно 24.08.2018 // 1003 - просмотров
 

Şu gün Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedow Ara­ly ha­las et­me­giň Hal­ka­ra gaz­na­sy­ny esas­lan­dy­ry­jy döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry­nyň sam­mi­ti­ne gat­naş­mak üçin ýur­du­my­za ge­len Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýew bi­len du­şuş­dy.

Iki döw­le­tiň Baş­tu­tan­la­ry mä­hir­li sa­lam­la­şyp, şu gün­ki du­şu­şy­gyň köp ýurt­lar­da giň­den bel­le­nil­ýän Gur­ban baý­ra­my­nyň gün­le­rin­de ge­çi­ril­ýän­di­gi­ni bel­le­di­ler hem-de bi­rek-bi­re­gi bu nu­ra­na baý­ram­çy­lyk bi­len gut­la­dy­lar, do­gan­lyk türk­men we öz­bek halk­la­ry­na tüýs ýü­rek­den çyk­ýan pa­ra­hat­çy­lyk we ro­waç­lyk ba­ra­da­ky ar­zuw­la­ry­ny be­ýan et­di­ler.

Öz­be­gis­ta­nyň Li­de­ri hä­zir­ki du­şu­şy­gyň ýur­du­myz­da gu­ra­lan­dy­gy üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowa ho­şal­lyk söz­le­ri­ni aý­dyp, se­bi­tiň äh­lu­mu­my eko­lo­gi­ýa me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de Türk­me­nis­ta­nyň iş­jeň we ne­ti­je­li or­nu­ny bel­le­di.

Dur­nuk­ly ösü­şiň mak­sat­la­ry­ny ga­zan­ma­gyň sy­ýa­sa­ty ba­bat­da suw me­se­le­le­ri, su­wy aýaw­ly sak­la­ma­gyň we re­je­li peý­da­lan­ma­gyň me­se­le­le­ri döw­le­ta­ra eko­lo­gi­ýa gat­na­şyk­la­ry­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da dur­ýar di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz AHHG-nyň meý­dan­ça­syn­da, şeý­le hem BMG we beý­le­ki ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­r bi­len hyz­mat­daş­lyk­da goň­şy ýurt­la­ryň has ne­ti­je­li bir­le­şen ta­gal­la­la­ry­nyň ze­rur­dy­gy­ny bel­le­di.

Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da dost­luk­ly döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry türk­men-öz­bek gat­na­şyk­la­ry­nyň, hu­su­san-da, söw­da-yk­dy­sa­dy ul­gam­daky gat­na­şyk­la­ry­nyň ösüş dep­gi­ni­ne ýo­ka­ry ba­ha ber­di­ler. Bu ul­gam­da ha­ryt do­la­ny­şy­gy­nyň möç­ber­le­ri­ni art­dyr­mak, ma­ýa go­ýum iş­jeň­li­gi­ni hö­wes­len­dir­mek, gö­ni işe­wür gat­na­şyk­la­ry­ny ber­kit­mek hem-de bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­la­ry ama­la aşyr­mak üçin müm­kin­çi­lik­ler bar. Soň­ky ýyl­lar­da iki ýur­duň ser­het­ýa­ka et­rap­la­ry­nyň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­lar tä­ze iter­gä eýe bol­dy.

Ulag ul­ga­my döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Bu ul­gam­da ta­rap­la­ryň ta­gal­la­la­ry­ny bir­leş­dir­me­gi «De­mir­ga­zyk — Gü­nor­ta» we «Gün­do­gar — Gün­ba­tar» ugur­la­ry bo­ýun­ça köp şa­ha­ly üs­ta­şyr-ulag we lo­gis­ti­ka dü­zü­mi­ni ke­ma­la ge­tir­mek­de, hä­zir­ki dö­wür­de Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­ny di­kelt­mek­de mö­hüm şert bo­lup dur­ýar, şun­da Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan bir­nä­çe anyk baş­lan­gyç­la­ry bi­len çy­kyş et­di.

Pre­zi­dent­ler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýew yn­san­per­wer ul­gam­da dä­be öw­rü­len gat­na­şyk­la­ryň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di­ler. Şu ýy­lyň ap­re­lin­de Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­na ama­la aşy­ran döw­let sa­pa­ry­nyň bar­şyn­da iki ýur­duň Li­der­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da Ür­genç şä­he­rin­de da­ba­ra­ly ýag­daý­da açy­lan Türk­men-öz­bek dost­luk öýi hem ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry ber­kit­mek­de uly orun eýe­le­ýär.

Du­şu­şy­gyň ahy­ryn­da Pre­zi­dent­ler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýew döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ra mah­sus bo­lan öza­ra dü­şü­niş­me­giň we yna­nyş­ma­gyň ýo­ka­ry de­re­je­si­niň gel­jek­de hem türk­men-öz­bek gat­na­şyk­la­ry­ny üs­tün­lik­li ös­dür­me­giň yg­ty­bar­ly ke­pi­li bo­lup hyz­mat et­jek­di­gi­ne ynam bil­di­rip, iki ýur­duň do­gan­lyk halk­la­ry­na iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny be­ýan et­di­ler.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter