Türk­me­nis­tan bi­len Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da stra­te­gik hyz­mat­daş­lyk, dost­lu­gy we yna­nyş­ma­gy pug­ta­lan­dyr­mak ha­kyn­da JAR­NA­MA | TDH
Syýasat habarlary

Türk­me­nis­tan bi­len Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da stra­te­gik hyz­mat­daş­lyk, dost­lu­gy we yna­nyş­ma­gy pug­ta­lan­dyr­mak ha­kyn­da JAR­NA­MA

опубликованно 23.08.2018 // 860 - просмотров
 

Mun­dan beý­läk Ta­rap­lar diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan Türk­me­nis­tan we Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy iki ýur­duň halk­la­ry­nyň ara­syn­da­ky dost­lu­gyň çuň däp­le­ri­ne we do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­na esas­la­nyp,

Türk­me­nis­tan bi­len Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da dost­luk, öza­ra dü­şü­niş­mek we hyz­mat­daş­lyk ha­kyn­da 2014-nji ýy­lyň 11-nji no­ýab­ryn­da­ky Şert­na­ma­ny, şeý­le hem iki döw­le­tiň Baş­tu­tan­la­ry­nyň 2014-nji ýy­lyň 11-nji no­ýab­ryn­da­ky we 2015-nji ýy­lyň 5-nji aw­gus­tyn­da­ky Bi­le­lik­dä­ki Be­ýan­na­ma­la­ry­ny gol­da­nyp,

iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ra hil taý­dan tä­ze hä­si­ýet ber­mä­ge we ola­ry sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy, söw­da, ylym, teh­no­lo­gi­ýa, me­de­ni­ýet, bi­lim we beý­le­ki ugur­lar­da iş­jeň ös­dür­mä­ge çal­şyp,

Türk­me­nis­tan bi­len Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da dost­lu­gy we yna­nyş­ma­gy ber­kit­mek esa­syn­da stra­te­gik hyz­mat­daş­ly­gy ýo­la goý­ma­gyň äh­li ugur­lar bo­ýun­ça öza­ra hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mä­ge ýar­dam et­jek­di­gi­ne bo­lan ynam­dan ugur alyp,

şu aşak­da­ky­la­ry be­ýan ed­ýär­ler:

Ta­rap­lar stra­te­gik hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny ýo­la goý­ma­gyň, dost­lu­gy we yna­nyş­ma­gy ber­kit­me­giň iki ýur­duň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gy iki­ta­rap­la­ýyn de­re­je­de hem, se­bit we hal­ka­ra gi­ňiş­li­gin­de hem has ýo­ka­ry we hil taý­dan tä­ze de­re­jä çy­kar­ýan­dy­gy­ny bel­le­di­ler.

Ýurt­la­ryň ara­syn­da­ky döw­let özyg­ty­ýar­ly­ly­gy­ny, deň­li­gi we çäk­le­ri­niň bi­te­wü­li­gi­ni hor­mat­la­mak, içer­ki iş­le­ri­ne ga­tyş­maz­lyk, bäh­bit­le­ri we öza­ra peý­da­ny bi­rek-bi­re­gi hor­mat­la­mak ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­la­nan gat­na­şyk­lar şu ugur­lar­da hem­me­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­me­gi göz öňün­de tut­ýar:

1) Sy­ýa­sy ul­gam­da:

Ta­rap­lar yzy­gi­der­li esas­da döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry­nyň ara­syn­da­ky sy­ýa­sy gat­na­şyk­la­ry gol­da­ma­gy we äh­li de­re­je­ler­de hem­me­ta­rap­la­ýyn ber­kit­me­gi mak­sat edin­ýän­dik­le­ri­ni tas­syk­la­dy­lar.

Ta­rap­lar sa­par­la­ry alyş­mak, bi­le­lik­dä­ki çä­re­le­ri ge­çir­mek we par­la­men­ta­ra dost­luk to­par­la­ry­nyň öza­ra hyz­mat­daş­lyk et­me­gi ar­ka­ly par­la­men­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gy iş­jeň­leş­dir­ýär­ler.

Ta­rap­lar iki ýur­duň hö­kü­met­le­ri­niň ara­syn­da ys­ny­şyk­ly öza­ra hyz­mat­daş­lyk et­mek mak­sa­dy bi­len, hö­kü­met­le­riň de­re­je­sin­de du­şu­şyk­la­ry yzy­gi­der­li ge­çir­mek ba­ra­da yla­laş­dy­lar.

Ta­rap­lar iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ryň ösü­şi­niň bar­şy­na se­ret­mek, şeý­le hem öza­ra gy­zyk­lan­ma bil­di­ril­ýän se­bit we hal­ka­ra me­se­le­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­mak üçin iki ýur­duň da­şa­ry iş­ler mi­nistr­le­ri­niň du­şu­şyk­la­ry­nyň yzy­gi­der­li ge­çi­ril­me­gi­ni gol­da­ýar­lar.

Ta­rap­la­ryň da­şa­ry sy­ýa­sat eda­ra­la­ry öza­ra gy­zyk­lan­ma bil­di­ril­ýän iki­ta­rap­la­ýyn, se­bit we hal­ka­ra me­se­le­le­ri bo­ýun­ça sy­ýa­sy ge­ňeş­me­le­ri ge­çir­me­giň tej­ri­be­si­ni gi­ňel­der­ler.

Ta­rap­lar Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­syn­da, Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gyn­da, Ýew­ro­pa­da Howp­suz­lyk we Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­syn­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň çäk­le­rin­de iş­jeň hyz­mat­daş­lyk ed­ýär­ler, öza­ra bäh­bit­le­re de­giş­li me­se­le­le­re dür­li hal­ka­ra gi­ňiş­ligin­de se­re­di­len­de, bi­rek-bi­re­ge öza­ra gol­daw ber­ýär­ler.

Türk­men ta­ra­py gyr­gyz ta­ra­py­nyň 2027 — 2028-nji ýyl­lar üçin Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Howp­suz­lyk Ge­ňe­şi­niň Azi­ýa-Ýu­waş um­man se­bi­ti­niň to­pa­ry­na BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 2026-njy ýyl­da bol­jak 80-nji mej­li­sin­de ge­çi­ril­jek saý­law­lar­da he­mi­şe­lik däl ag­za­ly­gy de­re­je­si­ne is­leg bil­di­ren­di­gi­ni üns mer­ke­zi­ne al­dy.

2) Howp­suz­lyk ul­ga­myn­da:

Ta­rap­lar ga­raş­syz­ly­gy­ny, özyg­ty­ýar­ly­ly­gy­ny, çäk­le­ri­niň bi­te­wü­li­gi­ni hor­mat­la­mak, bi­rek-bi­re­giň içer­ki iş­le­ri­ne ga­tyş­maz­lyk, deň­hu­kuk­ly­lyk we öza­ra bäh­bitlilik esa­syn­da stra­te­gik hyz­mat­daş­lyk, dost­luk we yna­nyş­mak gat­na­şyk­la­ry­ny iş­jeň ös­dür­mä­ge we ber­kit­mä­ge öz­le­ri­niň berk eýer­ýän­dik­le­ri­ni tas­syk­la­ýar­lar.

Ta­rap­lar ter­ror­çy­ly­ga, ekst­re­miz­me we ola­ryň ma­li­ýe­leş­di­ril­me­gi­ne, se­pa­ra­tiz­me, gu­ra­ma­çy­lyk­ly je­na­ýat­çy­ly­ga, ne­şe­le­riň bi­ka­nun do­la­ny­şy­gy­na, je­na­ýat­çy­lyk­ly ýol bi­len ga­za­ny­lan gir­de­ji­le­riň ka­nun­laş­dy­ryl­ma­gy­na (açyk­laş­dy­ryl­ma­gy­na), şeý­le hem äh­lu­mu­my we se­bit howp­suz­ly­gy­nyň beý­le­ki we­him­le­ri­ne we howp­la­ry­na gar­şy gö­reş­mek ba­bat­da ýa­kyn­dan hyz­mat­daş­ly­gy iş­jeň­leş­dir­ýär­ler.

Ta­rap­lar hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň, güm­rük, sal­gyt, pe­ni­ten­siar gul­luk­la­ry­nyň we mig­ra­si­ýa ba­bat­da dü­züm­le­riň ara­syn­da tej­ri­be al­şyl­ma­gy­na we öza­ra hyz­mat­daş­lyk edil­me­gi­ne ýar­dam ed­ýär­ler.

Ta­rap­lar adat­dan da­şa­ry ýag­daý­la­ryň öňü­ni al­mak we ola­ry ýok et­mek ba­bat­da hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mä­ge gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýär­ler. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Ta­rap­lar şu sa­pa­ryň do­wa­myn­da Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti bi­len Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň Hö­kü­me­ti­niň ara­syn­da adat­dan da­şa­ry ýag­daý­la­ryň öňü­ni al­mak we ola­ry ýok et­mek ba­bat­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ha­kyn­da Yla­la­şy­ga gol çe­kil­me­gi­ni gol­da­dy­lar.

3) Söw­da-yk­dy­sa­dy ul­gam­da:

Ta­rap­lar Söw­da-yk­dy­sa­dy, yl­my-teh­ni­ki we yn­san­per­wer hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça hö­kü­me­ta­ra türk­men-gyr­gyz to­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de ys­ny­şyk­ly hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­me­gi we ne­ti­je­li iş­le­ri ge­çir­me­gi mak­sat edin­ýär­ler.

Ta­rap­lar ýa­kyn ýyl­lar­da öza­ra söw­da­nyň möç­be­ri­ni we sa­na­wy­ny iki es­se art­dyr­mak üçin bi­le­lik­dä­ki ta­gal­la­la­ry et­mä­ge taý­ýar­dyk­la­ry­ny tas­syk­la­dy­lar.

Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Ta­rap­lar şu sa­pa­ryň do­wa­myn­da Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti bi­len Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň Hö­kü­me­ti­niň ara­syn­da söw­da-yk­dy­sa­dy we yn­san­per­wer hyz­mat­daş­lyk ha­kyn­da Yla­la­şy­ga gol çe­kil­me­gi­ni gol­da­dy­lar.

Ta­rap­lar mi­we-gök önüm­le­ri­ni, dok­ma önüm­le­ri­ni we önüm­le­riň beý­le­ki gör­nüş­le­ri­ni ön­dür­ýän bi­le­lik­dä­ki kär­ha­na­la­ry dö­ret­mek mak­sa­dy bi­len, öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­me­gi mak­sat edin­ýär­ler.

Ta­rap­lar tej­ri­be alyş­mak mak­sa­dy bi­len, iki ýurt­da ser­gi­le­ri ge­çir­mek we ola­ra gat­naş­mak hem-de kär­ha­na­la­ra ta­nyş­dy­ryş sa­par­la­ry­ny gu­ra­mak üçin ta­gal­la­la­ry eder­ler.

Ta­rap­lar Türk­me­nis­tan — Öz­be­gis­tan — Gyr­gy­zys­tan — Hy­taý gaz ge­çi­ri­ji­si­niň gur­lu­şy­gy­nyň tas­la­ma­sy­nyň tiz wagt­da dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne öza­ra gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­dik­le­ri­ni tas­syk­la­dy­lar.

Ta­rap­lar ýurt­la­ryň ara­syn­da ýan­gyç-ener­ge­ti­ka pu­da­gyn­da koo­pe­ra­si­ýa­ny güýç­len­dir­mek ba­ra­da yla­laş­dy­lar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Ta­rap­lar Türk­me­nis­tan­dan ne­bit önüm­le­ri­ni Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­na iber­me­giň müm­kin­çi­li­gi­ni ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar.

Ta­rap­lar te­le­ke­çi­lik, ma­ýa go­ýum we beý­le­ki ho­ja­lyk iş­le­ri üçin, şeý­le hem kär­ha­na­la­ryň we yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gyň beý­le­ki sub­ýekt­le­ri­niň ara­syn­da gö­ni gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek üçin amat­ly şert­le­ri dö­ret­mä­ge ýar­dam ber­ýär­ler.

Ta­rap­lar iki ýur­duň işe­wür­ler to­par­la­ry­nyň öza­ra sa­par­la­ry­ny gu­ra­ýar­lar, ola­ryň hal­ka­ra pu­dak­la­ýyn ser­gi­le­ri­ne we ýar­mar­ka­la­ry­na gat­naş­mak­la­ry­na, bi­le­lik­dä­ki işe­wür­ler mas­la­hat­la­ry­ny ge­çir­mek­le­ri­ne ýar­dam ed­ýär­ler.

Ta­rap­lar ag­ro­se­na­gat top­lu­my­nyň, oba ho­ja­ly­gy­nyň, ýe­ňil se­na­ga­tyň, ulag we ara­gat­na­şyk kär­ha­na­la­ry­nyň önüm­çi­lik taý­dan ýö­ri­te­leş­me­si­niň we koo­pe­ra­si­ýa­sy­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne, şeý­le hem ma­ýa go­ýum­la­ry­nyň öza­ra çe­kil­me­gi­ne hem-de bi­le­lik­dä­ki işe­wür­ler ge­ňeş­le­ri­niň dö­re­dil­me­gi­ne aý­ra­tyn üns be­rer­ler.

Ta­rap­lar sy­ýa­hat­çy­lyk alyş­ma­la­ry­nyň gu­ral­ma­gy­na we iki ýur­duň sy­ýa­hat­çy­lyk gu­ra­ma­la­ry­nyň ara­syn­da öza­ra hyz­mat­daş­ly­ga ýar­dam ber­ýär­ler.

4) Ulag we kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar ul­ga­myn­da hyz­mat­daş­lyk:

Ta­rap­lar ulag gat­na­şyk­la­ry ul­ga­myn­da, üs­ta­şyr ge­çir­me­giň er­kin­li­gi­ni üp­jün et­mek­de hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mä­ge, şeý­le hem öz­le­ri gat­na­şy­jy­la­ry bo­lup dur­ýan hal­ka­ra şert­na­ma­la­ry­nyň düz­gün­le­ri­ni na­za­ra al­mak bi­len, iki ýur­duň üs­ta­şyr ge­çi­riş müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ös­dür­mek me­se­le­le­rin­de öza­ra gol­daw ber­mä­ge taý­ýar­dyk­la­ry­ny be­ýan ed­ýär­ler.

5) Suw-ener­ge­ti­ka ul­ga­myn­da:

Ta­rap­lar se­bi­tiň äh­li döw­let­le­ri­niň bäh­bit­le­ri­ni na­za­ra al­mak bi­len, Mer­ke­zi Azi­ýa­da suw-ener­ge­ti­ka se­riş­de­le­ri­ni re­je­li we top­lum­la­ýyn ulan­mak bo­ýun­ça iki­ta­rap­la­ýyn hem-de se­bit hyz­mat­daş­ly­gy­ny ber­kit­me­giň mö­hüm­di­gi­ni yk­rar ed­ýär­ler. Şu mak­sat bi­len, Ta­rap­lar bu ul­gam­da öza­ra bäh­bit­li, uzak möh­let­li dur­nuk­ly usul­la­ry tiz wag­tyň için­de iş­läp taý­ýar­la­mak üçin yzy­gi­der­li ge­ňeş­me­le­ri ge­çi­rer­ler.

Ta­rap­lar ener­ge­ti­ka ba­bat­da, şol san­da suw-ener­ge­ti­ka pu­da­gyn­da bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­ýär­ler.

6) Me­de­ni-yn­san­per­wer ul­gam­da:

Ta­rap­lar bi­lim, ylym we teh­ni­ka ba­bat­da hyz­mat­daş­ly­gy çuň­laş­dyr­ma­gy, bi­lim we yl­my gu­ra­ma­la­ryň ara­syn­da gö­ni ara­gat­na­şyk­la­ry ös­dür­me­gi hö­wes­len­dir­me­gi, şol san­da bi­le­lik­dä­ki bi­lim, yl­my we yl­my-teh­ni­ki mak­sat­na­ma­la­ry hem-de tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­me­gi mak­sat edin­ýär­ler.

Ta­rap­lar iki ýur­duň me­de­ni mi­ra­sy­ny aýaw­ly sak­la­mak mak­sa­dy bi­len, Çar­wa­dar­la­ryň bü­tin­dün­ýä oýun­la­ry­ny ge­çir­me­giň äh­mi­ýet­li­di­gi­ni bel­le­di­ler.

Ta­rap­lar yl­my we pe­da­go­gik iş­gär­le­ri taý­ýar­la­mak, yl­my bar­lag­la­ry, hü­när­men­le­ri we ta­lyp­la­ry, bi­lim, hü­när de­re­je­le­ri we alym­lyk de­re­je­le­ri ha­kyn­da­ky res­mi­na­ma­la­ry yk­rar et­me­giň me­se­le­le­ri bo­ýun­ça mag­lu­mat­la­ry alyş­mak ba­bat­da öza­ra hyz­mat­daş­lyk ed­ýär­ler we amat­ly şert­le­ri dö­red­ýär­ler.

Ta­rap­lar iki ýur­duň meş­hur me­de­ni­ýet, sun­gat we ylym iş­gär­le­ri­niň dö­re­di­ji­li­gi­ne we iş­le­ri­ne ba­gyş­la­nan çä­re­le­ri yzy­gi­der­li ge­çir­me­gi mak­sat edin­ýär­ler.

Ta­rap­lar 2018-nji ýyl­da Ç.T.Aýt­ma­to­wyň dog­lan gü­nü­niň 90 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nan bi­le­lik­dä­ki çä­re­le­ri ge­çir­mek müm­kin­çi­li­gi­ni ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar.

Ta­rap­lar Gyr­gy­zys­tan­da Türk­me­nis­ta­nyň Me­de­ni­ýet we sun­gat gün­le­ri­ni hem-de Türk­me­nis­tan­da Gyr­gy­zys­ta­nyň Me­de­ni­ýet we sun­gat gün­le­ri­ni ge­çi­rer­ler, me­de­ni we yn­san­per­wer alyş­ma­la­ryň äh­li gör­nüş­le­ri­ni ös­dür­mä­ge gol­daw be­rer­ler.

Ta­rap­lar hö­kü­met eda­ra­la­ry­nyň ug­ry bo­ýun­ça me­de­ni­ýet ba­bat­da iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­me­gi we jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň, şeý­le hem iki ýur­duň ra­ýat­la­ry­nyň ara­syn­da hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek üçin şert­le­ri dö­ret­me­gi mak­sat edin­ýär­ler.

Ta­rap­lar, ne­ti­je­li­lik, yna­nyş­mak we öza­ra dü­şü­niş­mek ýag­da­ýyn­da ge­çen gep­le­şik­le­riň jem­le­rin­den ka­na­gat­lan­ma bil­di­rip, Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Soo­ron­baý Žeen­be­ko­wyň Türk­me­nis­ta­na döw­let sa­pa­ry­nyň ne­ti­je­le­ri­niň Türk­me­nis­tan bi­len Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da­ky dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk-de ber­kit­mä­ge we ös­dür­mä­ge uly iter­gi ber­jek­di­gi­ni bel­le­ýär­ler.

Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Soo­ron­baý Žeen­be­kow Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedowa we Türk­me­nis­ta­nyň hal­ky­na gyr­gyz we­ki­li­ýe­ti­ne bil­di­ren myh­man­sö­ýer­li­gi, mä­hir­li we dost­luk­ly gar­şy­lan­dyk­la­ry üçin tüýs ýü­rek­den min­net­dar­lyk bil­dir­di hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­ni özi üçin amat­ly wagt­da jo­gap sa­pa­ry bi­len Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­na ça­gyr­dy. Ça­ky­lyk min­net­dar­lyk bi­len ka­bul edil­di. Sa­pa­ryň möh­let­le­ri dip­lo­ma­tik ýol­lar ar­ka­ly yla­la­şy­lar.

Aş­ga­bat şä­he­rin­de 2018-nji ýy­lyň 23-nji aw­gus­tyn­da her bi­ri türk­men, gyr­gyz we rus dil­le­rin­de iki asyl nus­ga­da amal edil­di, özi-de äh­li nus­ga­la­ryň bir­meň­zeş güý­ji bar­dyr.

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti
Soo­ron­baý ŽEEN­BE­KOW.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter