Birža täzelikleri 26-njy Aprel | TDH
Ykdysadyýet

Birža täzelikleri 26-njy Aprel

опубликованно 26.04.2015 // 867 - просмотров
 

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 29-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, şeýle hem tehniki uglerody (“Türkmenhimiýa” DK) satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna arassalanan pagta ýagy, boýalan tüýjümek önümleriň toplumy, nah ýüplükler, pagta süýümi ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, Beýik Britaniýa, Şweýsariýa, Türkiýe, Singapur, Owganystan, Täjigistan we beýlekiler. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 36 million 415 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin bahasy 27 müň manatlykdan gowrak bolan awtoulagy satyn aldylar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter