Birža täzelikleri 18-nji Aprel | TDH
Ykdysadyýet

Birža täzelikleri 18-nji Aprel

опубликованно 18.04.2015 // 886 - просмотров
 

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 44-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Şweýsariýadan, Koreýa Respublikasyndan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Singapurdan, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny, binýatlyk ýagy, dizel ýangyjyny, şeýle hem Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen göni arassalanan benzini we dizel ýangyjyny satyn aldylar. Bulardan başga-da, Russiýadan we Hytaýdan gelen işewürler tehniki uglerody we ýody (“Türkmenhimiýa” DK) satyn aldylar. Şeýle hem daşary ýurt walýutasyna arassalanan pagta ýagy, miweli içgiler, nah ýüplük, pagta süýümi, süýümli ulýuk, pagta şulhasy satyldy. Satyn alan ýurtlar: Beýik Britaniýa, Şweýsariýa, BAE, Singapur, Owganystan, Täjigistan we beýlekiler. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 74 million 613 müň dollaryndan gowrak boldy.

Depozit manat serişdelerine şweýsariýaly telekeçiler bahasy 1 million 639 müň manatdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin umumy bahasy 119 müň manatdan gowrak bolan polimer külkesini (TNGIZT) satyn aldylar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter