Daşoguz welaýatynyň oba mekdepleri interaktiw enjamlar bilen üpjün edilýär | TDH
Jemgyýet

Daşoguz welaýatynyň oba mekdepleri interaktiw enjamlar bilen üpjün edilýär

опубликованно 27.08.2018 // 937 - просмотров
 

Täze okuw ýylynyň öň ýanynda interaktiw tagtalaryň ellisi we täze döwrebap enjamlaryň tapgyry Daşoguz welaýat bilim müdirliginiň ygtyýaryna gelip gowuşdy. Olar şäherleriň we obalaryň umumy bilim berýän mekdeplerinde ornaşdyrmak üçin etraplara bölünip berildi.

Täze okuw ýylyna taýýarlyk üstünlikli tamamlanan şu ýylda körpeleriň 33 müňden gowragy ilkinji gezek mekdepleriň bosagasyndan ätlärler. Olary abatlaýyş we bejeriş işleri geçirilen umumy bilim berýän mekdepleriň 500-den gowragy hem-de mekdep internatlaryň üçüsi kabul ederler. Okuw otaglarynyň ählisi zerur enjamlar we görkezme esbaplary bilen üpjün edilen. Sebitiň dolandyryş merkezinde Al-Horezmi köçesiniň ugrunda täze mekdep açylyşa taýýar edildi.

Demirgazyk sebitiň umumy bilim berýän edaralarynda çagalaryň 260 müňden gowragy bilim alýar. Innowasion bilim strategiýasynyň çäklerinde okuwyň hilini we mugallymlaryň hünärini ýokarlandyrmak boýunça maksada gönükdirilen işler alnyp barylýar. Bilim pudagynyň maddy-üpjünçilik binýady hem yzygiderli berkidilýär. Diňe soňky ýyllarda welaýatyň şäherlerinde we obalarynda täze döwrebap mekdepleriň onlarçasy gurlup, olarda öňdebaryjy bilim usulýetleri ornaşdyrylýar.

Welaýatyň orta okuw mekdepleriniň ählisi diýen ýaly sanly bilime geçmek jähtinden täze döwrebap enjamlar we interaktiw tehnologiýalar bilen üpjün edilen. Daşoguz welaýat bilim müdirliginiň ygtyýarynda alysdaky obalaryň çagalaryny mekdebe gatnatmak üçin oňaýly awtobuslar bar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter