Türkmen köli: ulanylan suwlary gaýtadan peýdalanmak boýunça dünýädäki oňyn tejribe | TDH
Ykdysadyýet

Türkmen köli: ulanylan suwlary gaýtadan peýdalanmak boýunça dünýädäki oňyn tejribe

опубликованно 12.04.2015 // 2820 - просмотров
 

Mälim bolşy ýaly, suw tutuş Merkezi Aziýa sebiti, şol sanda Türkmenistan üçin ýaşaýşyň we geljekki ösüşiň iň gymmatly serişdeleriniň biridir. Hut şuňa görä-de, daşky gurşawy goramak, şol sanda suw serişdelerini aýawly saklamak we rejeli ulanmak bilen bagly wezipeler Türkmenistanyň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurdyr. Türkmenistanyň «Suw hakyndaky» Kodeksi oba hojalygynda, senagatda we durmuş ulgamynda suwdan peýdalanmagyň hukuk binýady bolup hyzmat edýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzy suw bilen durnukly üpjün etmegiň we ondan tygşytly peýdalanmagyň meseleleri barada aýdyp, suw serişdeleriniň çäkli şertlerinde suwy oba hojalyk ekinlerini suwarmakda rejeli ulanmalydygymyzy, onuň her bir damjasyndan oýlanyşykly peýdalanmagy başarmalydygymyzy, suwy tygşytlaýjy tehnologiýalary, ilkinji nobatda bolsa miwe we gök ekin önümleri üçin damjalaýyn suwaryş usulyny ornaşdyrmalydygymyzy, suwy az sarp etmek arkaly bol hasyl öndürmelidigimizi, suwuň bisarpa tutulmagyny aradan aýryp, ekin ekilýän meýdanlaryň melioratiw ýagdaýyny, suw hojalyk gurluşygynyň tehniki ýagdaýyny we hilini gowulandyrmalydygymyzy belleýär.

Türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu sözlerinde ýurdumyzyň esasy baýlyklarynyň biri hökmünde suw serişdelerinden rejeli we netijeli peýdalanmak, Merkezi Aziýada ekologiýa ýagdaýynyň sagdynlaşdyrylmagyna ýardam bermek boýunça döwlet syýasatynyň many-mazmuny jemlenýär.

Birnäçe ýyl mundan ozal «Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurluşygynyň taslamasy işlenip düzüldi, onuň birinji nobatdakysy 2009-njy ýylda ulanmaga berildi. Ekologiýa taýdan bu möhüm ähmiýetli taslama ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndaky suwarymly ýerlerden zeý suwlaryny toplamakdan we olary Türkmenistanyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän Garaşor diýen örän uly tebigy çöketlige ýygnamakdan ybaratdyr.

Türkmen kölüniň gurluşygynyň taslamasy «2003—2010-njy ýyllar üçin Aral deňziniň sebitindäki ekologiýa we durmuş-ykdysady ýagdaýy gowulandyrmak boýunça anyk hereketleriň maksatnamasyny» amala aşyrmagyň çäklerinde durmuşa geçirilýär. Bu maksatnama 2002-nji ýylyň oktýabrynda Merkezi Aziýadaky döwletleriň Baştutanlary tarapyndan hem-de 2003-nji ýylyň awgustynda Araly halas etmek boýunça Halkara Gaznasynyň Ýerine ýetiriji komiteti tarapyndan tassyklanyldy. Şeýlelikde, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurluşygynyň wajyplygy we maksadalaýyklygy Merkezi Aziýadaky beýleki döwletler tarapyndan hem ykrar edildi.

«Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurluşygyna girişilmänkä, Mary, Ahal we Balkan welaýatlarynyň çäklerinde emele gelýän zeý suw akabalary Garagumdaky çöketliklerde toplanýardy, çöldäki öri meýdanlaryny suw basýardy we şol meýdanlaryň çygry daralýardy. Lebap welaýatynyň we goňşy ýurduň ýanaşyk ýerleşýän welaýatlarynyň çäklerinde emele gelýän zeý suwlary ençeme ýyllaryň dowamynda Amyderýa akdyrylýardy, munuň özi derýanyň aşaky akymlarynda suwuň hiliniň ýaramazlaşmagyna alyp barýardy. Daşoguz welaýatynda-da suwarymly ýerlerden zeý suwlarynyň wagtynda başga ugra sowulmaýandygy üçin meseleler ýüze çykýardy.

«Altyn asyr» Türkmen kölüni döretmegiň esasy maksady zeý suwlarynyň toplanyşyny tertipleşdirmek we olary ekologiýa taýdan howpsuz ýere akdyrmak üçin ýurdumyzyň hojalygara we esasy zeýkeşlerini bitewi ulgama birleşdirmekden, zeýkeşleriň ugrunda şora çydamly oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmekden, öri meýdanlaryny täzeden dikeltmekde, zeý suwlaryndan dolan howuzlarda balykçylyk hojalyklaryny ösdürmekden ybarat bolup durýar.

Garagumda uly emeli suw howdanynyň döredilmegi Türkmenistanyň suwarymly meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmakda, ekerançylykda hasyllylygy ýokarlandyrmakda, ýerleriň şorlamagynyň we şeýlelikde topraklaryň mundan beýläk-de zaýalanmagynyň öňüni almakda örän möhüm ähmiýete eýedir. Kölüň ulanmaga berilmegi diňe bir ekologiýa we hojalyga däl-de, durmuşa degişli birnäçe beýleki meseleleriň çözülmegine mümkinçilik berer.

Suw hojalygy, meliorasiýa we ekologiýa boýunça «Soýuzwodproýekt» inženerçilik ylmy-önümçilik merkeziniň Baş direktory, Russiýanyň Tebigy ylymlar akademiýasynyň akademigi, geografiýa ylymlarynyň doktory professor Igor Sergeýewiç Zonn 2014-nji ýylda Germaniýanyň «Şpringer» neşirýaty tarapyndan çap edilen «Altyn asyr» Türkmen köli we Türkmenistanda suw serişdeleri» atly kitabynda daşky gurşawyň sagdynlaşdyrylmagyna, suw we ýer serişdeleriniň rejeli ulanylmagyna gönükdirilip gurulýan örän uly ekogidrotehniki taslama boýunça Garagum çölüniň ortasynda gurulýan emeli «Altyn asyr» Türkmen kölüniň möçberiniň we ähmiýetiniň örän uludygyny belledi.

Şeýle hem akademik I.S.Zonn köpugurly zeýkeş ulgamly Türkmen kölüniň gurulmagy bilen, müňlerçe gektar ýeriň, öri meýdanlarynyň ýene-de dolanyşyga goşuljakdygyny hem-de ozal ulanylan zeý suwlaryny gaýtadan ulanmaga mümkinçiligiň dörejekdigini we biologik taýdan dürli-dürlüligiň artjakdygyny belledi. Şu taslama döwletiň ilatyň saglygy, daşky gurşawy barada içgin alada edýändigini görkezýän nusga bolup, suw serişdelerinden rejeli peýdalanmakda görelde bolup durýar.

Russiýaly alymlar I.P.Swinsow we S.E.Treşkin 2010-njy ýylda Aşgabatda geçirilen «Altyn asyr» Türkmen kölüniň sebitiň ekologik ýagdaýyny gowulandyrmakdaky ähmiýeti» atly halkara ylmy maslahatda çykyş edip, Tejen we Murgap jülgelerinden, şeýle hem Türkmenistanyň demirgazyk etraplaryndan gowşak minerallaşan zeý we hapa suwlaryň toplanmagy arkaly Türkmen kölüniň döredilmegine Garagum we tutuş ýurt üçin wajyp ähmiýetli ekologik meseläniň çözgüdi hökmünde garalmalydygyny bellediler. Kölüň gurulmagy örän giň meýdanlarda ekologiýa taýdan oňaýly şertleriň döredilmegine, gurak ekologik ulgamlaryň önümliliginiň artdyrylmagyna, Garagumuň merkezinde emeli jülgäniň döredilmegine ýardam berer.

Amyderýanyň hapalanmagynyň öňüni almak bilen bagly meseläniň çözgüdi hem Türkmen kölüniň gurluşygy bilen baglanyşdyrylýar. Geljekde ähli zeýkeşlerdäki suwlar zeýkeş ulgamy arkaly Türkmen kölüne akdyrylar, munuň özi Amyderýanyň hapalanmagyny azaltmaga we derýanyň aşaky akymlarynda suwuň hilini ep-esli gowulandyrmaga mümkinçilik berer.

Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkeziniň wekili I.Mirhaşimow agzalan maslahatda çykyş edende, Türkmen kölüniň döredilmegi bilen bagly ekologik çäreleriň amala aşyrylmagynyň halkara konwensiýalarynyň, şol sanda BMG-niň çölleşmäge garşy göreşmek boýunça konwensiýasynyň, Ramsar we bonn konwensiýalarynyň, BMG-niň howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasynyň we biologik dürlülik boýunça konwensiýanyň ýörelgelerine dolulygyna laýyk gelýändigini belledi. Zeý suwlarynyň Merkezi Aziýadaky uly transserhet derýasy diýlip hasaplanýan Amyderýa akdyrylmagynyň bes edilmegi BMG-niň Ýewropa ykdysady toparynyň transserhet suw akabalaryny we halkara köllerini goramak we ulanmak boýunça Helsinki konwensiýasynyň we suw meseleleri we adamlaryň saglygyna degişli meseleler boýunça Teswirnamanyň many-mazmunyna we talaplaryna laýyk gelýär. I.Mirhaşimow munuň Türkmenistanyň ählumumy ösüşe we sebitdäki rowaçlyga goşýan uly goşandy bolup durýandygyny aýratyn nygtady.

Garagumdaky ýerleri we öri meýdanlaryny zeý suwlarynyň basmagy derwaýys ekologik mesele bolup durýar. Şoňa görä-de, Türkmen kölüniň ulanylmagy bilen baglylykda, tutuş zeýkeş ulgamyndan göwnejaý peýdalanylmagy Merkezi Garagumdaky ep-esli meýdanlarda şol möhüm ähmiýetli wezipäniň çözülmegine ýardam berer.

Çala minerallaşan zeý suwlaryny gaýtadan ulanmak şora çydamly ot-iýmlik ekinleri ösdürip ýetişdirmegiň hasabyna ygtybarly ot-iýmlik binýadyň döredilmegi netijesinde maldarçylygy ösdürmegiň esasy mümkinçilikleriniň biri bolup durýar. Şeýle hem munuň özi çöldäki öri meýdanlaryň biologik dürlüliginiň gowulandyrylmagyna we bularyň önümliliginiň artdyrylmagyna, Türkmen kölüniň esasy zeýkeşlerinde we suw howdanlarynda ýöriteleşdirilen balykçylyk hojalyklarynyň döredilmegine ýardam berer.

2011-nji ýylda Aşgabatda geçirilen «Şorlan ýerleri täzeden dikeltmek we irrigasion desgalaryň ulanylmagyny gowulandyrmak boýunça ylmyň gazananlary we öňdebaryjy tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahatda çykyş eden akademik I.S.Zonn Türkmenistanda suwdan rejeli peýdalanmak syýasatynyň yzygiderli we oýlanyşykly durmuşa geçirilýändigini belledi. Ol «Altyn asyr» Türkmen kölüni ulanmakda suwy tygşytlaýjy tehnologiýalardan peýdalanmak, hususan-da, ot-iýmlik ekinleri suwarmak we şorlan ýerleri ýuwmak üçin çala minerallaşan zeý suwlaryny ulanmak, zeý suwlaryny arassalamagyň bioinženerlik usullaryny ornaşdyrmak we beýleki ugurlar boýunça gazanylýan uly üstünlikleri muňa mysal edip görkezdi. Tanymal alymyň pikirine görä, öňden bäri suwarymly ekerançylyk zolagyndan suwuň aýrylmagy hem-de onuň tebigy çöketliklere akdyrylmagy birgiden ekologik meseleleriň çözülmegini üpjün eder hem-de Demirgazyk-Günbatar Türkmenistanyň ýerleriniň we öri meýdanlarynyň umumy gidrologik ýagdaýyna oňyn täsirini ýetirer.

Fizika-matematika ylymlarynyň doktory, professor W.M.Lelewkin (Gyrgyzystan) Türkmen kölüniň zeýkeş ulgamynyň ulanmaga berilmegi bilen, Garagumuň çöllük landşaftynyň özgerip ugrajakdygyny we ekologiýa degişli köp sanly meseleleriň çözüljekdigini belledi. Wagtyň geçmegi bilen, munuň özi sebitde howanyň temperaturasy we çyglylyk boýunça oňaýly ýagdaýyň döredilmegine, tozanly güýçli ýelleriň azalmagyna hem-de Merkezi Aziýanyň daglyk etraplarynda ygallaryň emele gelmeginiň gowulanmagyna getirer.

Ýeri gelende aýtsak, Türkmen kölüni döretmek boýunça taslamanyň amala aşyrylmagy zeýkeş ulgamynyň geçýän ugrundaky ýerlerde ondan-oňa göçýän we gyşlaýan guşlaryň öz ugurlaryny üýtgetmegine täsirini ýetirdi. Bu ýerde şol guşlaryň höwürtge gurmagy we gyşlamagy üçin täze oňaýly ýerler artdy.

Türkmen köli Merkezi Aziýanyň Esasy ornitologik çäkleriniň (IBA) biri bolup durýar. Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň we Beýik Britaniýanyň guşlary goramak boýunça Patyşalyk jemgyýetiniň (RSPB) arasyndaky Ylalaşygyň çäklerinde guşlaryň görnüşleriniň düzümini we sanlaryny öwrenmek maksady bilen, esasy ornitologik çäkleri tükellemek, ekspedision barlag boýunça hereketleriň meýilnamasy işlenip düzüldi.

Şol çäkleriň esasy ähmiýeti ilkinji nobatda suwda ýüzýän we suwuň golaýynda gonýan guşlar üçin gorag we iým bilen bagly şertleri döretmekden, migrasiýa, şeýle hem gyşyna olara ýardam bermekden ybaratdyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Altyn asyr» Türkmen kölüniň birinji nobatdakysynyň açylyş dabarasynyň barşynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Tebigaty goramak baradaky esasy konwensiýasyna goşulyp, ekologiýa, suwy we beýleki tebigy serişdeleri aýawly saklamak we täzeden dikeltmek, çölleşmäge garşy göreşmek, oba hojalyk meýdanlaryny gaýtadan dolanyşyga girizmek howanyň üýtgemegi boýunça ählumumy meseleleri çözmek ugrunda halkara bileleşigi tarapyndan amala aşyrylan bilelikdäki taslamalara işjeň gatnaşýandygyny belledi. Türkmenistan şu meseleleri çözmekde ýanaşyk döwletler, şol sanda abraýly halkara guramalary – Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Ählumumy ekologiýa gaznasy bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk edýär.

Ýeri gelende aýtsak, türkmen döwletiniň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow uly halkara forumlarynda yzygiderli ösüşi, howpsuz we abadan geljegi üpjün etmek maksady bilen, ekologiýa boýunça bar bolan we ýüze çykyp biljek meseleleri çözmek bilen bagly başlangyçlary öňe sürýär.

Türkmen Lideriniň bellemegine görä, häzirki ylmy-tehniki ösüşiň, halk hojalygynyň zerurlyklarynyň artýan zamanasynda suwuň ulanylmagy we aýawly saklanmagy üçin jogapkärçilik hem ep-esli derejede artýar, çünki suw ýaşaýşyň we rowaçlygyň çeşmesidir. Biz derýalary we kölleri, çeşmeleri we suw howdanlaryny gözümiziň göreji deý gorap, ähli güýçlerimizi we bilimlerimizi dogduk Diýarymyzy gülläp ösýän ýere, bolelinligiň we gurplulygyň ýurduna öwürmek üçin eýýäm gazanylan üstünlikleriň artdyrylmagyna gönükdirmelidiris.

Häzirki wagtda tutuş dünýäde suw serişdeleriniň ähmiýeti we şunuň bilen birlikde olaryň ykdysady gymmaty hem artýar. Suwy tygşytlamak meselesi ählumumy meselä öwrüldi. Şoňa görä-de şu ugurdaky işleriň netijeliligini artdyrmak, düýpgöter täze, hemmetaraplaýyn ölçerilen we oýlanyşykly çemeleşmeleri ornaşdyrmak ykdysady taýdan uzakmöhletleýin ähmiýete eýedir.

Ýurdumyzyň we daşary döwletleriň hünärmenleriniň baha bermegine görä, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň taslamasynyň netijeliligi ulanylan suwlary täzeden dikeltmegiň, ýagny ulanmaga ýaramsyz suwy peýdalanylýan suwa öwürmegiň tehnologiýasy boýunça dünýäde toplanan has öňdebaryjy tejribe bolup durýar. Galyberse-de, wagtyň geçmegi bilen onuň ykdysady netijeliligi has-da artar. Çünki bu örän uly gidrotehniki desganyň hereket etmegi oba hojalygynda suw boýunça oňaýly kadanyň ýola goýulmagyna gönükdirilýän harajatlary azaltmak, ekologiýa boýunça meseleleriň çözülmegine gönükdirýän maýa goýumlarynyň öwezini dolmak, tebigy baýlyklary aýawly saklamak we artdyrmak bilen baglanyşyklydyr.

Türkmenistanyň bu başlangyjynyň pähimlidigi we öňden görüjiliklidigi ylmy nukdaýnazardan, şeýle hem ykdysady we ekologiýa bilen bagly ep-esli peýdanyň gazanylmagy arkaly tassyklanýar. Ýöne esasy zat, bular birigip, durmuşda örän uly netije berýär, şol netijäniň many-mazmuny bolsa diňe bir ýurtda däl-de, tutuş sebitde yzygiderli ösüşi we tebigatdan rejeli peýdalanylmagyny üpjün etmekden ybaratdyr.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter