Halkara gurluşyk sergisi işini tamamlady | TDH
Ykdysadyýet

Halkara gurluşyk sergisi işini tamamlady

опубликованно 10.04.2015 // 841 - просмотров
 

Aşgabat, 10-njy aprel (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky Sergi köşgünde gurluşyk toplumynyň edaralarynyň işjeň gatnaşmagynda ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan Halkara gurluşyk sergisi işini tamamlady. Bu ýerde oňa gatnaşyjylaryň 125-den gowragy, şol sanda 13 döwletden daşary ýurt kompaniýalarynyň 107-si öz önümlerini görkezdiler.

Ýörite gözden geçirilişiň çäklerinde maslahat geçirildi. Oňa pudaklaýyn ministrlikleriň we edaralaryň ýolbaşçylary, öňdebaryjy kompaniýalaryň wekilleri, gurluşyk senagatynyň hünärmenleri, dünýäniň ençeme ýurtlaryndan bilermenler gatnaşdylar.

Forumda hünärmenler Türkmenistanyň gurluşyk senagatynyň ösüşiniň geljegi, pudaga iň täze ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary ornaşdyrmak boýunça işler barada pikir alyşdylar. Häzir Türkmen döwleti durmuşymyzyň ähli ulgamlarynda düýpli özgertmeler strategiýasyny durmuşa geçirip, öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň özleşdirmäge we iň oňat dünýä tejribesini çekmäge uly ähmiýet berýär.

Uly göwrümli sergi ençeme bölümleri birleşdirip, olarda gurluşyk materiallar, ýöriteleşdirilen tehnikalar we enjamlar, ýol gurluşygy, taslama düzülişi görkezildi. Aýratyn bölümler bezeg materiallaryna, otaglara düşelýän örtüklere hem-de olaryň bezelişine, şeýle hem taslamalar düzülende we metal düzümleri gurnalanda tehniki täzelenişlere, üstki örtük serişdelerine we landşaft bezegine bagyşlandy.

Täze binagärlik taslamalar serginiň myhmanlarynyň we oňa gatnaşyjylaryň aýratyn ünsüni çekdi. Taslamalaryň nusgalarynda geljekki, häzir gurulýan we bina etmäge teklip edilýän dolandyryş merkezleri, ýaşaýyş toplumlary, durmuş ulgamynyň desgalary görkezildi. Sergi ertirki güne garamaga, iň täze tehnologiýalaryň peýdalanylmagy netijesinde ýakyn geljekde türkmen şäherleriniň köçeleriniň nähili keşpde boljakdygyny göz öňüne getirmäge mümkinçilik berdi.

Aşgabat «sebitiň binagärlik merjeni» diýen ada eýe bolup, şöhrat gazandy, uly möçberli gurluşyklar ýurdumyzyň ähli ilatly nokatlarynda-da ýaýbaňlandy. Şäherlerimiziň we obalarymyzyň okgunly özgerýän keşbi Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň üstünlige beslenýändiginiň oňat mysaly bolup hyzmat edýär. Döwlet Baştutanymyz tarapyndan öňe sürülen gurluşyk senagatyny ösdürmegiň maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi bu strategik ulgamyň okgunly ýokary göterilmegini, ýaşaýyş jaýlaryň, durmuş we medeni ulgamynyň, senagat düzümleriniň, täze önümçilikleriň desgalarynyň gurluşyklarynyň artdyrylmagyny şertlendirdi.

Türkmenistanda gurluşyk senagatynyň mümkinçiligini yzygiderli artdyrmak üçin zerur bolan şertler döredildi, ol ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň örän depginli ösýän pudaklarynyň biridir. Gurluşyk ulgamynda hususy telekeçiligi goldamaga, gurluşyk materiallaryny öndürmeklige aýratyn ähmiýet berilýär. Pudaga goýberilýän uly maýa goýumlary, amatly maýa goýum ýagdaýy esasy gurluşyk kompaniýalaryny, materiallary, ýörite tehnikalary we enjamlary öndürijileri çekmäge ýardam berýär.

Aşgabatdaky ýöriteleşdirilen gurluşyk sergisi Türkmenistanyň ykdysady durmuşynda görnükli waka boldy. Sergi daşary ýurt kompaniýalaryna täze hyzmatdaşlary tapmaga, türkmen sarp edijilerine özleriniň täze işläp düzmelerini görkezmäge, hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçiliklere baha bermäge ýardam berip, buýrujylar, potratçylar we öndürijiler üçin uly gepleşikler meýdançasyna öwrüldi.

Ykdysady forumyň işi tamamlanandan soň, onuň guramaçylary we oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. Onda myhmansöýerlik hem-de serginiň ajaýyp guralandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirilýär. Ýöriteleşdirilen gözden geçirilişiniň ýapylyş dabarasynyň çäklerinde oňa gatnaşyjylara degişli diplomlar we şahadatnamalar gowşuryldy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter